Kitapçy saýtynda maňa şeýle sowal bilen ýüzlendiler: “Halypalyga ýeten ýazyjy hökmünde häzirki döwürde ýaş ýazyjylaryň haýsysynyň eserini soňuna çenli okap bilersiň?”.

Menem şol sowala şeýle jogap ýazdym:

 

-“Halypalyk” bilen bagly ýazanyň-a görmedik bolup geçýän, @Murgap, ýöne häzirki döwürde okamaga ýazyjy ýigitler kän.

Gyzyklanybam okaýanlarym:

Ýaşululardan – Kömek Kulyýew, Kakamyrat Ataýew, Tirkiş Jumageldiýew, Osman Ödäýew, Agageldi Allanazarow, Hemra Hudaýguly, Juma Hudaýguly, Maksat Hudaýguly, Rejep Pirjan, Hydyr we Ylýas Amangeldiýewler, Ahmet Halmyrat, Sapargeldi Annasähet Iner ogly, Orazguly Annaýew, Nobatguly Rejepow, Atajan Tagan, Annageldi Nurgeldiýew.

 

Ýaşlardan – Maksat Bäşimow, Seýran Otuzow, Has Türkmen, Sylapberdi Muhamow, Umyt Küläýew, Enwer Nyzamow, Şirhan Allaberdiýew, Nejep Baýat, Merdan Baýat, “Rahman Zülfikärow” diýen tahallus bilen ýazýan Begli Gowşakow.

 

Bilemok, häzir şu saýtyň (kitapçy.ru) “myhman depderi” bölüminde şol dialog barmy ýa-da admin ony aýyrdymy, ýöne birki ýyllykda @Hawerana bir agza sowal berdi. Şol sowal hem-de oňa @Haweranyň beren jogaby meniň üçin-ä aforizm bolup, kellämde galdy.

Ine şol dialog:

 

-@Haweran, haýsy kitaplary okamagy maslahat berýäň?

-Hemmesini.

 

Düşündirip bildimmi?

 

Soragyňa sag bol. Pikirlenmäge mejbur etdi.

 

Ýöne: “Kyssa žanrynda döwrüň sesi hökmünde kimi agzap biljek?” diýip sorasalar, jogap bererdim:

 

-Kömek Kulyýew, Kakamyrat Ataýew. Ýaşlarda bolsa entek öýkünme kän, gözleg kän, eksperiment kän. Ýöne wagt geçensoň goýalyp, süýjäp barýan hakyky arybal ýaly olaryň ýazanlaram soňky geljekler üçin “döwrüň sesine” öwrüljekdigine ynanýan.

Gurbannazarda bir ajaýyp söz bar: “Meniň öz ýaşyma uly baham ýok, onuň bahasyny kesgitlejek zaman bar”.

Özüň özüňe obýektiw baha bermek mümkin däle ýakyn zat. Şonuň üçinem: “özüni bilen weli” diýlip, özüne düşüneniň, özüne dogry baha kesip bileniň weli bolup ýetişýändigi nygtalýar. Munuň bilen aýtmakçy bolýanym, ýaş ýazyjylar hökmünde agzanlarymyň hemmesem döwürdeşlerimiz, bolaýsa bizden 10-15 ýaş, käsi bolsa 5-10 ýaş kiçiler. 

Demografiýa ylmynda bolsa bir nesliň çalyşmagy üçin 30-35 ýyl gerekdigi hakynda garaýyş öňe sürülýär. Özem bu möhlet diňe diri organizm, ýagny fiziki-fiziologiki nukdaýnazaryndan alynýar.

Psihologiýa we mentalitet, ýagny dünýägaraýyş nukdaýnazaryndan bolsa, garaýyşlaryň köpçülikleýin düýpli özgermegi üçin, ýagny tutuş jemgyýetiň aň ýetiriş paradigmasynyň üýtgemegi üçin ondanam köpräk wagt zerur bolýar.

Şol sebäpdenem, şu döwürde ýaşaýan, ýaşy 20-50 aralygynda bolan islendik ýazyja, şahyra öz döwürdeş ýazyjy-şahyrlaryna obýektiw baha kesmegi haýyş etseň, hökmany ýagdaýda çuňňur subýektiw netijäni alarsyň.

 

Umumanam, okabermeli. Özüňi näme gyzykdyrsa şonam ürç edip okamaly.

 

Öz tejribämden alsam, bäş ýaşymda okap başladym. “Öler aşymam”: Tarzan (Edgar Berrouzyň eserleri), Maugli (Redýard Kiplingiň eseri), Kapitan-Kellekeser (Lui Bussenaryň meşhur kitaby), Kapitan Grantyň çagalary (Žýul Werniň eserleri), Marşagyň, Doganlar Grimmleriň ertekileri, Gulliwer (Jonatan Swiftiň eserleri), Gargantýua we Pantagruel (Fransua Rableniň eserleri), korol Matiuş (Ýanuş Korçagyň eseri), professor pan Tegmil (Ýan Bžehwanyň powesti) we ş.m.-lerdi.

 

Soň biraz ulaldym. “Öler aşym”: Aýwengo (Walter Skott), Gargyş siňen Korollar (Moris Drýuon), Kümüş Knýaz (Alekseý Tolstoý), Sahes Sinnober (Ernst Teodor Amadeý Gofman), Görogly, Gorkut ata (Türkmen halky), Ata Mäneli (Amanmyrat Şagulyýew), Öwezmyrat batyr (Ata Gowşudow “Perman”), “Şapak”-daky Döwlet, Ataşir Epe (Ýazmyrat Mämmedi), Nataniýel Bampo, Çingaçguk (Fenimor Kuper), Maýn Ridiň eserleri, är-aýal Ann we Serž Golonlaryň Anželikasy, Şazada Korum Jaýlin Irsi, Fransua Mariwoň eserleri, Kapitan Blad, Jim Hokkins, Jon Silwer, Stiwensonyň beýleki eserleri, Agata Kristi, Konan Doýl, Ata Gowşudowyň “Perman”-dan başga eserleri we ş.m. boldy.

 

Soň ýene-de biraçjyk ulaldym: Indi hemsaýam Wolkonskiý, Nataşa Rostowa, Pýer Bezuhow, Anna Karenina, doktor Lwow, Raskolnikow, Çehowyň “Tukat taryh”-daky, garry professory, onuň hekaýalarynyň gahrymanlary, Hemingueýiň balykçy gojasy, “Fiýesta”-daky ýumurtgasyndan gülle degen betbagt žurnalisti, “Ummandaky adalar”-daky oglanjyklar hem olaryň garamaňlaý kakasy, hanym Bowari, Žan Walžan bilen Gawroş, Guinplen, Karel Çapegiň “Salamandra”-sy we ş.m.-ler boldy.

 

Soň ýene-de birazajyk ulaldym: Solženisynyň Iwan Denisowiçi, Warlam Şalamow, Haruki Murakami, Horhe Luis Borhes, Paolo Koelýo, Mario Wargas Lýosa, Gabriýel Garsia Markes, Öwezdurdy Nepesowyň “Zyýaraty”, Atageldi Garaýew, Kömek Kulyýew, Kakamyrat Ataýew, Nargylyç Hojageldiýew, Tirkiş Jumageldiýew, Osman Ödäýew, Jebran Halyl Jebran...

 

Häzir bolsa, indi haýsydyr bir zady seljerjegem bolup duramok. Näme gyzykdyrsa şonam okaýan. Fantastika, fentezi, horror, çynlakaý roman, andegraund, psihodeliki proza, absurd – dannawym ýok.

© S.Ataýew. Dürli-dümen dürüşde. Makalalar, terjimeler, pikirler, henekler, ýatlamalar, maglumatlar we ş.m. Dördünji kitap. – Aşgabat, 2022. Golýazma hukugynda.