Gözleri-i-i,
Maňa aşyk bolan ýigdiň gözleri-i,
Süýrelýän göläniň gözleri ýaly,
Bakdy-da gitdi.
 

Sözleri-i-i,
Maňa aşyk bolan ýigdiň sözleri-i,
Ýürege däl, ykbala-da,
Batdy-da gitdi. 
 

Ýüzüm sowan bägüllerim,
Aýaklarym öpüp gitdi.
Gülleri-i-i...
Seniň bilen ýürejigim,
Gurbaga deý böküp gitdi,
Sülleri-i-ip...



Sarkaç
 

Sesi sesjan,
Boýy boýjan,
Gözi gözjan bir ýigit,
Penjirämiň aşagynda
Zygyr-zygyr gatnaýar.
Ol guşly sagadyň sarkajy ýaly,
Menem göýä guşy ýaly sagadyň,
Her ýarym sagatdan penjireden bakýaryn.
Ol durmaýar, oturmaýar, dynjyn almaýar.
Säginmeýär, ýatmaýar.
Onsoň guşam ýatmaýar.
Guş garaşýar,
Ýarym sagat bolaryna garaşýar.
Çykmaly,
Iki ýana serpip wagty,
Ýetip, sabyr-takaty.
Häzir bolsa...
A sen bolsa gatna, Sarkaç,
Gatna, Sarkaç,
sagadyň,
iki ýana gatnamasa sarkajy
Çykmaýar guşy.
 

Iki ýana gatna, Sarkaç!
 

23.10.2006.
 

© Laçyn Pürjäýewa