Bir sapar tanyş-kärdeşler bilen ulagda patadan gelýärdik-de, ýolda mesawy gürrüň açyldy. Ýakynda ejesi pahyr bolan, takmynan kyrk ýaşlaryndaky işdeşimiz diýdi:
-Tüweleme, abraýly hojalyk eken. Üçüne adamlar ýer süýşen ýaly bolup gelipdir. Sylag-hormatdan peýdalanýan adamlar bolmaly.
Esli wagtlap hiç kim sesini çykarmandan soň, ol biraz dymdy-da, üstüne goşdy:
-Meniňem ejem pahyry jaýlamaga gelen gölegçiň sany müňden-ä geçendir...
Yzdakylaryň üçüsindenem ýaşym uly bolansoň meni sürüjiniň gapdalynda oturdypdylar.
Yzdaky oturan üç kişiniň birine hiç zat gyzykly däldi. Ol ýöne, şeýle, bolşuna görä ýaşap ýören bir bendedi. Mysal üçin: täze diwan satyn alýaň. Ony öýe getirip goýýaňam welin, onuň bir aýagy ýere degmeýär. Sebäbi asty tekiz däl. Onsoň süýjüden boşan ýukajyk köne kartony alýaň-da, şony dört-bäş epläp ýaňky pola galtaşmaýan aýagyň astyna dykýaň-a. Olam edil şoňa meňzeş, bir ýerde goýup gaýtsaň ýene ýüz ýyldan barsaňam şol atylan-atylan ýerinde kirşen basyp ýatjak, hiç kese ne zyýansyz, ne peýdasyz, käte bir tötänden sataşanda ýadyňa düşäýmese, barlygy-ýoklugam bildirmeýän bende-dä.
Beýleki ikisi bolsa bir bölümde, bir iş otagynda, deňeçer wezipede işleýärler.
Özlerem ýaşytdaşrak.
Maşgala, durmuş, maddy-hal ýagdaýlaram sähel-mähel eýle-beýleräk bolaýmasa biri-biriniňkä tüýs kybapdaşa ýakyn.
Özem olar, hernäçe daşyndan bildirmedik bolsalar-da, olaryň durmuşda islendik zatda birew-birewden kem galsalar, “gulagynam, guýrugynam, başga zadynam” öz elleri bilen “kesip zyňmaga-da” mydam taýýardyklaryna hemmeler belet.
Adaty bir, “her eşegem öz deňini gaşaýançy”, durmuşy basdaşlygy-da.
Onsoň, ýaňky merhum ejesiniň gölegçisini müňde hasaplan kärdeşiň gapdalyna gysmyljyrap oturan beýleki işdeşem, şu ýerde, eýsem-de bolsa dillenmän saklanyp bilmedik bolara çemeli:
-Ony:ň hiç-laý. Meniň ejemiň ýogalanyna on ýylrak boldy. Şonda biziňkä gelen gölegçiden ýaňa, öz köçämiziň iküç çatryga-ha bir welin, ilerki-gaýraky iki köçede, jynaza ýetişjek bolup duran-duran ýerinde taşlanyp gaýdylan ulaglardan ýaňa hyryn-dykyndy. Özüm-ä pata başagaý bolup görüp bilmedim. Ýöne soň oglanlar aýtdylar. Pata howlugýanlar, hatda obanyň günbatar ortasyndan geçýän uly ýolda-da ulaglaryny äpberip ylgapdyrlar. Şol sebäplem tä ejemiň tabydyny alyp, gölegçimiz ýola düşýänçä, soňam ulaglar sabaýança, uly ýoluň ýygjam gatnawam petiklenip, ýolda maşyn bary üýşüp gidipmiş. Hemmesem oba arasy bolansoň gaýy ýok, gopuz ýok arkaýynlykdan beleň alyp, ýerli-ýerden signal basyşyp, ala-zenzele turuzýarmyşlar...
Ölüleridir olara ölenlerinden soňky goýlan hormat-sarpany terezä salyp, “kimiňki agyr gelmeşekden” “oýnaýanlaryň” birinjisi, böwürdeşine çala gözüniň gyýtagyny aýlady-da, oňa nämedir bir zat diýjek boldy.
Şol pille-de ulagy dolandyryp barýan, hemmämizdenem ýaşy uly sürüjimiz dil ýardy. Ol aslynda kän geplemezek adam. Ýöne janyna batmadyk zadam aýtman, dymyp duşundan geçirip ýörmegi kän halanok. Atdanlyk özüne “üýreni” ýa-da tersiräk, ýoknasyzrak lakgyldany, mylakatlylyk bilenem bolsa, aýlabrak “dişläp” galýar:
-Bilýäňiz-ä, togsanynjylarda türkde okap geldim-ä,-diýip ol ýoldan ünsüni sowman, özüne mahsus endigan äwmezeklik bilen ulagyny dolandyryp barşyna gepbaşyny açdy:-Şonda biziň okaýan uniwersitetimiziň rektorynyň kakasy aradan çykdy.
Onsoň kim hakykatdanam rektoryň alymlygyna, adamçylygyna sarpa goýup, onuň özüni, kakasyny tanap, merhumyň jynazasyna durmaga gitdi. Kim bolsa pataçylykda rektoryň gözüne ilip, oňa ýaranmak üçin metjide ugrady. Sebäbi türklerde ýas däplerine görä, merhuma jynazany bizdäki ýaly onuň öýüniň öňünde ýa howlusynda däl-de, metjitde okaýarlar.
Onsoň bizem ýaş talyplar bolup, iliň yňan ugruna ýoldaş, “üýşüp bir ýere gidilmeli” diýilse, biz üçin toýam bir, ýasam, hemmeler bilen haýdaşyp şol tarapa gaýtdyk.
Ýogsa biz rektorymyzy kän görübem baramzokdyk.
Okuwa girelimiz bäri: “Bu jelegaýyň bir ýerlerinde öz-ä şonuň ýaly bir zatlar bir zatlar bar-aý, bolmalydyr-aý... Özem honha ho-o-l beýik bir ýerlerde oturýarmyş-aý. Ýöne ol o taýda näme işläp ýör, nämä meşgullanýar? Walla kessin, bilemzok” diýip öňki okap ýörenler aýdýardylar.
Şol sebäplem müňlerçe talyp okaýan, haçan görseň içi garynja hini ýaly ibirtde-zibirtlik ýokary okuw mekdebimizde maňlaýma-maňlaý gabat gelşiläýende-de: “Ine şu bende, siziň şol diýilýän nemäňiz!” diýip tanadaýmasalar, ony tanajak gümanymyz ýokdy.
Garaz, gepiň gysgasy hümer bolup metjide bardyk.
Ýaşuly-ýaşuly alymlar, epeý-epeý professorlar, baý-baý, begzada-begzada, geýnüwli kişiler, salyhatly mugallymlar, merhumyň, onuň oglunyň dost-ýarlary, goňşy-golamlary, garyndaşlary, tanyşlary, biz-talyplar...
Metjitde-de, onuň howlujygynda-da, darajyk gapdal köçelerde-de aýak basara ýer galmady diýen ýaly.
Ine hakykatdanam şonda, “elime kalkulýator ýa çot alyp, üstesine-de gelenleriň atma-at, familiýama-familiýa sanawyny ýöredip sanadym” diýsem-ä ýalançy.
Ýöne şol biziň hiç haçan görülmedik diýen ýaly syrly rektor agamyzyň kakasyny soňky ýoluna ugratmaga takmynan 2-3 müň adam jemlense jemlenendirem.
Ýöne biz baranymyzda biziň ölimiz bilen birlikde şol metjide ýakyn ýaşap, şol gün amanadyny tabşyran bir pukara pahyram jynaza okatmaga getiren ekenler.
Ol bendäňem yzynda, diňe onuň tabydyny göterýän 3-4 adamdan daşgary, ony göterişmäge, gonamçylyga çenli äkidişmäge ýalbaryp getirileni kokaşyk, nägile ýüzlerindenem, zoraýakdan gymyldaýan hereketlerindenem göz-görtele bildirip duran ýene 2-3 adam bar.
Şol barmaşa-da metjidiň ymamy olary bahymrak başyndan sowjak boldumy ýa-da başga bir sebäpdenmi ilki şol hossary seýrek pahyryň jynazasyna durdy.
Rektoryň kakasyna gölegçi boluşmaga gelen milletem mygylly bolansoň, bäri başynda bolup geçýäninden ortasy bilen aýagy bihabar – bu jynaza şol apaly merhumyň jynazasydyr öýdüp, ilk-ä hatar-hatar bolşup şoňa durdylar.
Ol wagtlar jynaza näme, täret näme, nädip durmaly, nädip okamaly, ibaly bilmesegem, bizem il ugruna durup, azsalymlyk il näme etse şoňa öýkünip gaýtaladyk.
Ondan soňam ýaňky garyp bendäniň tabydyny göterdiler welin, ýalňyşan märeke ýene ýerli-ýerden tabyda galtaşmaga howlugyp, hüwwe onuň yzyna düzüldiler-ä.
Ol pahyryň seýrek garyndaşlaram äm-säm ahwalda, nämäniň nämedigine aň ýetirip ýetişýänçäler, bendäniň tabydy adam dyknyşyklygyndan ýaňa düzüwli ýöräre maý ýok, elden-ele geçip, gölegçi deňzinde ýüzüp, hol allowarradan çykdy.
Soňam gölegçi mähellesiniň çetindäkiler tabydy alyp, gonamçylyga ýüzlendiler welin, metjitdäki millet ýer süýşen ýaly bolup onuň yzyna düşüp gaýdyberd-ä.
Göýä, şeýtseň göni baryp, işiginde nobata durmasyz jennete sümülip giräýjek ýaly, tabyda iň bolmanda ýekeje saparam bolsa elimizi degrip galmak üçin onuň yzyndan haýdaşlap barşymyza-da, men näme üçindir yzyma baksam, açyk derwezesinden görünýär. Metjidiň howlusy taňkyrap, boşap galaýypdyr...
...Şu ýerde sürüji kärdeşimiz alňasaman aýdyp berip oturan wakasyny kesdi. Sekuntsellem dymdy-da, soňam diýdi:
-Ine, inilerim, şeýleräk zatlaram bolaýýan eken dünýäde. Köneler “Mal kimiňki? Kime nesip etse şonuňky” diýýärler. Ýöne bu hakykat diňe mal, emläk hakda däl eken. Hatda ölä köpüň hormatam, aýadam, jynazasam Ýaradanyň özi kime nesip etdirse şonuňky ekeni...
© S.Ataýew. Bilenjelerim... Durmuşy esseler ýygyndysy. – Aşgabat, 2026.

Teswirler (2)
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň
Ýüklenýär...