Gijäniň bir wagtydy. Ol ulagyny şähere sary barýan ýoluň ugrundaky derýanyň köprüsinde saklady. Gapdal oturgyjyna oklan ajy suwuny hem-de mähremlerinden eý görýän "Camel" çilimini aldy-da, ulagdan düşdi.
Töwerek gum-guklukdy, aý-aýdyňlykdy. Mylaýym öwüsýän şemal, hamala içiňde durmuş gülala-güllük ýaly duýgyny oýarýardy. Kän gatnawly ýol bolmansoň, ulag beýlekem üýtgeşik geçip baranokdy. Derýanyň kenarlary, ençeme kilometrläp meýdanlar ýylgyndyr beýleki haşal otlar bilen gurşalandy. Haýsydyr bir jandaryň maslygyny zyňmaga ýa-da gömmäge oňat ýerlerdi.
Ol ýere çökdi. Çilim alyp, çilim otlandy. Gara köýük bolup, bagra meňzäp giden öýkeninden tüssesini çykaranda halkalar ýasap, ony çekip başlady. Telefonyny aldy. Ötüp geçen gowy günlerini ýatladyp duran suratlaryna syn salyp, olara buýsançly seretdi: Bol winoly oturylyşyklar, internet pul goýum saýtlarynyň üsti bilen köp mukdardaky utan haram pullaryny görkezýän ekran suratlary, karthanada kart oýnaýanlaryň gapdalynda nijeme ýüzlükleri sanap oturan çagty alnan suratlar...
Ol oýa batdy. Çilimini soran wagty köz ýaly ýaldyrap gidýän ujuny görende, közli täze ýyl oturylyşyklary göz öňüne geldi. Öýünden uzakda, başga bir obada, başga bir adamlar bilen başga bir saçak başynda giren nijeme täze ýyllaryny ýadyna saldy. Ol ýerde aýdylan nijeme tostlary diýsene. Diňläniňde ählijesi içiňden geçip barýardy: "Täze ýylda ähli şowlulyklar biziň bilen bolsun! Hiç mahal gaýgy-gussa batmalyň! Iň gaýgyly, aladaly günlerimiz şular ýaly bolsun!" Çakyşdyranyňda kiçijek stakanjyklaryň çykarýan "tyrk-tyrk" seslerini pul alyp duran çagtyň bankomadyň çykarýan "tyr-r-r!" sesiniň berýän şatlygy bilen deňeşdireniňde az-owlak ejizleýänem bolsa, ýene-de ýakymlydy. Wagtyň gazaply kadasyna çydaman ol günleriň suw ýaly akyp geçişini diýsene!
Ýöne, ol geçmişini ýatlamak üçin bu ýere gelmändi. Tersine, ähli geçilen günlerden, ähli ýakymsyz we ýakymly pursatlardan saplanmaga, özüne başga bir dünýäde standart list ýaly ak sahypa açmaga gelipdi. Çekip gutaransoň, elindäki çilim galyndysyny gabadynda oturan derýasyna tarap pitikläp goýberdi. Soňra şerabyna ýapyşdy. Gapagyny açdy-da, agzyndan içip başlady. Suwa teşne bolup duran organizmi gelen içgini görüp, haýran galan bolsa gerek. Ol beýle şeraby soňky gezek bir baý kursdaşynyň gyzynyň durmuş toýunda içipdi. Toýdan soňra mejaly bolmansoň, lül bolan bedenini öli ýaly edip öýlerine zyňyp giden tanyş-bilişlerini ýadyna düşürip, içinden olara sagbolsun aýtdy.
Birhaýukdan soň, spirtiň täsiriniň beýnä uran zarbalary netijesinde ol gözleriniň böwedini saklap bilmän, olary erkine goýberdi. Ýaňaklaryna gözýaşlary syrygdy. Burnuny çekdi. Kimdir biri bogup duran ýaly, hiç ýuwdunyp bilmedi. Ol az wagtlygam bolsa, özüniň bu dünýäde erkekligini unutdy. Bu manyly ýaly görnüp, ýeke şaýa geçmez ýaşaýyşa erkek bolup gelendigini unutdy. Ol "O dünýäde" hem Dowzahyň bardygyna ynanmaýardy. Onuň üçin Dowzah — şu dünýädi, şu halda ýaşamakdy. "Köçede beýlekide ygyp ýören ganjygam öz doguran çagalaryny eklemegiň aladasynda. A men welin, şolarça-da bolup bilmedim" diýip, özbaşyna samyrdady.
Ol aglap ýene kän oturdy. Ömrüni serhoşlykda geçireni ýetmeýän ýaly, ýene serhoş boldy. Içdi, çekdi. Keýpden çykdy. "Tebigat göterer" diýibem, getiren zatlarynyň daşky zibillerini bir ýana oklap goýberdi. Şerap çüýşesini ýokarylygyna zyňyp, köprüniň üstünde pytratdy. Düýbünde galan ajy suw lagşap giden köpriniň tagtalarynyň aralygyndaky boşluklardan syrygyp, däli derýanyň akymyna garyldy...
— Bazar Annaýew.

Teswirler (10)
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň