Jumageldi MÜLKIÝEW
Adam oglunyň kellesine iň köp agram salýan zat ömrüň manysy baradaky pikir bolsa gerek... Köp-köp akyldarlar ömrüň manysyna göz ýetirjek bolup ötüp gidipdirler. Iň soňunda-da, onuň manysyny tirip bilmändiklerini boýun almaga mejbur bolupdyrlar. Megerem, Magtymguly atamyz hem «Pikir derýasyna aklym gämisin, batyrmyşam, çyka bilmen, neýläýin» diýen setirlerini şol halda döreden bolsa gerek.
Şeýlelikde, ömrüň manysy nämede?!
Ol adam akyly ýeterden çylşyrymlymyka?
Ýa-da ony özümiz çylşyrymlaşdyrýarmykak?
Ýogsa, onda hiç hili syr hem ýokmuka?
Sowal kän. Jogabyň ýeke bolmalydygyna gözümiz ýetýär. Ýeke zady bolsa tapmak kyn. Sebäbi, ol ýeke — ýekä gizlenmek aňsat, oňa gizlenere ýer kän.
Turuwbaşdan işiň bitmejegine gözüň ýetip durka, şol işe başlamaga özüňde höwes tapmak kyn, ýöne, şu wagt nämüçindir, meniň höwesim egsiliberenok. Ýa ömrüň manysyny bilip biljegime, kalbymyň iň gizlin künjekleriniň birinde çalaja-da bolsa ynamym barmyka? Ýok, men öz kalbyma belet. Hiç hili ynam ýok. Onda näme üçin kompýuterde ýörite faýl açyp, ak sahypanyň ýüzüne gara harplar bilen «Ömür pelsepesi» diýip ýazdym?
Sözbaşy ýazylansoň, yzynyň dowam etjegi düşnükli ahyry! Ýok, gaýtmyşym etdim, diňe sözbaşysy ýazylyp, çete taşlanýan sahypalar hem ýazyjynyň ykbalynda az duşanok. Ýöne, bu eýle ýazgylardan bolmaly däl, oňa gözüm ýetip dur.
Bu nämäni aňladýar?
Bu — ýokarky sözbaşynyň yzyna käbir ýazgylary tirkemäge ömür tejribämiň, ýazyjy-şahyrlyk yhlasymyň ýetjekdigini aňladýar. Diýmek, «Uly söze toba» diýip, başlabermeli...
Il arasynda ömrüň manysyny her hili düşündirmäge synanyşyk edilýär. Käbirleri ol manyny jan saglygyndan, käbiri baýlykdan gözleýär. Ömrüň manysy şol ömri göwün söýen adamyň bilen bile ötürmek diýilýän ýerleri-de kän gabat gelýär. Şol manyny bagtly ýaşamakda görýänlerem bar, ýöne «bagt» diýen düşünjäniň özem juda ýaýrawly...
Ýokarky agzalýan närseler ömrüň manysy däl-de, onuň ötüş akymy bolsa gerek. Akyp barýan derýany göz öňüne getiriň: ol akyp barýar, nireden, nähili akýany bilen hiç kimiň işi ýok. Köplenç, derýa topragyň ýumşak ýerini saýlap, şol ýeri köwüp, özüne ýol ýasanýar. Gaty toýun topraga onuň «dişi ötenok». Diýmek, ol bimany akýar. Ýeňsesinden gelýän suw ony iterýär, ol bolsa akyp barýar, ýöne derýanyň ömründen many tapmak kyn däl. Ol haçan, nähili-de bolsa bir mana eýe. Haçanda, suwuny eltip deňze guýanda! Suwuny deňze guýanda!
Ýene-de bir ýöne: «Her bir derýa deňze baryp guýmaýar, ugry deňze tarap däl derýa bar. Derýa bar, asuda akyp ýatandyr, ýa joşup, möwç urýan däli derýa bar».
Şonuň üçin ýokarky pikirimiz hem göräýmäge, häki bir, şahyrana keşp ýaly. Şeýle bolsa, geliň, onda adam ömrüniň manysyny hem şahyrana keşplerden gözläliň!
«Ömür saňa täsin älemgoşar däl, täze ýylyň arçasy däl bezelen, ol çolanyp gelýär çap-çal mawudyn...».
Diýmek, turuwbaşdan ömür adam ogluna diňe hezillikleri taýynlap goýmaýar. Ol «çal mawuda dolanyp» gelýär. Öňüňde gara günlerem, ak günlerem bar. Gara bilen agy garsaň, çal reňkiň emele gelýändigini bilmek üçin bolsa nakgaş bolmak hökman däl. Elbetde, adamyň akyly ömrüniň hemme günlerini ak etmek üçin ýeterlik däl. Megerem, diňe akylyň muňa güýji ýetmezligem mümkin. Munuň diňe özüňe bagly bolmazlygam bolup biljek zat. Daş-töweregiňde özüňden başga diňe ýekeje adam ýaşaýan-da bolsa, durmuşyň bir böleginiň şol adama — onuň özüni alyp barşyna, häsiýetlerine, saňa garaýşyna bagly boljagy düşnükli. Ömrüňi bir özüň haýsy-da bolsa bir adada ötürseň, onda başgaça bolmagam mümkin.
Diýmek, daş-töwerek seniň ömrüňe, onuň manysyna dahylly bolup dur.
«Ömre dürbüde seredip ýörmäň, bir pursat alyna gidip şeýtanyň, görjek keşpleriňden iniň düýrüger...».
Ömrüň agramly bölegini ýeňsä taşlaňsoň, yzyňa bir nazar aýlasaň, dogrudanam, iniň düýrügerçe bar. Adamy şol ýagdaýa eltip biljek zatlar hil-hil. Belli-belli tebigy heläkçilikler, saglyk bilen bagly ýagdaýlar muňa sebäp bolup biler, ýöne töweregiňdäki adamlar bilen gatnaşyklardan galan ýaramaz täsirleriň köp halatda ýokarky ýagdaýa sebäp bolýandygyny aradan aýyrmaly däldiris. Bu biziň ýokarky sözümizi — ömrüň manysynyň özgelere hem bagly bolup durýandygy baradaky sözümizi ýene bir gezek tassyklaýar.
Diýmek, ömrümiziň manysy bir özümize bagly dälkä, ol manynyň özümiz üçin juda göwnejaý bolmazlygam mümkin...
«Ömür öwlüýäniň ýylgyny ýaly, şahasyna esgi bary dakylan, her esgide bir dilegiň düýbi bar...».
Onsoň ömrümiz dilegde geçýär. Ömür ýolunda diňe gowy adamlaryň, gowy zatlaryň gabat gelmegini dileg edýäris. Özümiziň içki mümkinçiligimizi has doly ýüze çykaryp bilmek üçin, ruhumyz bilen işimiziň gabat gelmegini (ýagny özümize muwapyk iş ýa-da güýmenje tapmagy) dileg edýäris. Şol iş düşewüntli iş bolsa, has-da gowy. Garry Nohur obasynda sütüni köwekli bir goja çynar bar. Adamlar şol çynaryň köwegine girip, dileg edýär. Adam pahyr öwlüýäniň ýylgynyndan başlap, goja çynaryň köwegine çenli hemme zatdan hantama. Näme üçin? Ömri manyly etmek üçinmi? Ýok. Ömri şowly etmek üçinmi? Hawa! Ömür şowly bolanda manyly bolýarmy?! «Şowly» sözüne ömür babatda nähili düşünmeli?!
Bir sowala jogap gözläp, ýüz sowalyň üstünden barýarys.
«Başyma göterdim ömür badasyn, bir eli süýjüli, biri gamçyly, kä biri, kä beýlekisi ýoldaşym...».
Kä biri, käte beýlekisi ýoldaşyň bolsa-da, bir hasap. Ömür ýoluňa diňe süýji sepeläp ýörse-hä, oňa ýetesi zat ýok. Beýle däl bolanda bolsa adam ogly dilegleriň girdabyna düşüp, ömrüň öňünde elini serenini duýman galýar.
Diýmek, ýene bir gezek şol sowala dolansak — ömrüň manysy onuň şowlulygyndamy? Ýok. Ömrüni juda şowly geçirdim (şowlulyk barada her kimiň öz düşünjesi bar) hasaplaýan köp kişi ony manyly geçdi hasaplap bilmez. Ol adam tiz özgeleriň hakydasyndan çykyp biler.
Onda ömrüň manysy dünýäňi täzeläniňden soň hem, adamlaryň aňynda ýaşamakdamy?! Ömrüň manysy ondan «hiç kim» bolup ötüp gitmezlikdemi?
«Mümkin, hiç kimdirin, sessizje ýaşap, ölemde-de, heýhat, diri däl bolsam...» diýen setirleriň özüňe degişli bolmazlygyny gazanmakdamy?
Eger, ömrüň manysy ýeke däl bolsa, şu pikir şolaryň biri bolup biler... «Ömrüň manysy» diýen jümlä ýanap ulanyp boljak ýene bir pikiriň üstünde ýokarda bir ýerde kän döwnäp durman geçip gaýtdyk: ol pikir «özümiziň içki mümkinçiligimizi has doly ýüze çykaryp bilmek» baradady. Dogrudan-da, adam özüni iň gowy başarýan işine bagyşlap, uly netijeleri gazanyp bilse, ömrüni manyly geçirdim hasaplap bilse gerek...
Köplenç, ömür, häki bir, alaň ýaly bolup görünýär. Dik depesine dyrmaşmaly. Ömrüň ortasyna ýeteňsoň bolsa aşak inmeli. Magtymguly atamyz hem: «Är ömri iki otuz, soň aşak ine başlar» diýmänmi näme?!
Ine, onsoň alaňyň depesine dyrmaşyp barýaň. Ömür ýolunda aýagyňdaky köwşüň zer dänesi ýaly tyllaýy çägeden dolýar, ýöne şol zer dänelerini soň goýup gitmeli. Özüň bilen alyp gitjek zadyň ýok.
Özi bilen hiç zat alyp gitmejegini bilýänem bolsa adam ogly az-kem açgöz bolýar. Başarsa, ömri hem utjakdan...
«Sen ömüri utjak bolup ýörmegin, onuň diňe gaşlaryny sypalap, gözlerine bakyp ýörseň gowudyr...».
Diýmek, ömre höre-köşe edip ýaşamaly... Ony ugruna kowmaly... Şonda ol seni gamçy bilen çawlaman, etegiňe süýji oklar... Bu pikir erteki ýaly bir zat bolýar. Ömür ýoluny gowy geçmegiň taýyn ýol kartasy mysaly... Şeýle bolup bilermi? Elbetde, bolup bilmez. Sebäbi, ömrüň torbasynda hemmä ýeterlik süýjiniň bolup bilmejegi belli. Onsoň ol käbirine gamçy hem çalmaly bolar...
Gamçy çalnan adam ömürden nägile... Öz ömründen nägile...
«Göwnüme ýaranok ömrüň ötüşi, ol bolsa başgaça ötüp bilenok, ikimiz mydama dawada-jeňde...».
Ömür bir tapmaça. Çözmesi kyn tapmaça. Şol tapmaçany çözmek üçin adam onuň kä sagyndan, kä solundan baryp görýär. Diňşirgenip görýär. Diňläp görýär...
«Ömür tapmaçasyn çözmegi başar, munda uly-uly niýet gurma-da. Ne peýda mydama ýüwrüp ýörmeden, ne nep bar, gazyk dek doňup durmadan...».
Diýmek, ömri aralyk tizlikde geçmek bähbitli. Hemme zatda-da aralyk dereje gowy hasaplanýar. Aralyk tizlikde daş-töweregiňe syn edip ýetişýäň, gören-eşiden zatlaryňdan dogry netije çykarýaň...
Ýaşy birçene baransoň, her kimiň ömür hakdaky pikirleriň kölüne çümmegi tebigy zat. Şol ýerde, has dogrusy, şol pursatda ony iki sany zat biynjalyk edýär:
Birinjisi — ömrüň gysgalygy. «Dek düýnem böküp-oýnap ýören çagadym, bu gün eýýäm hasany söýget edinip ýöremeli».
Ony hatda: «Ömür gysga diýip zeýrenip ýörme, uzak ýolda hatda at hem maýrylýar...» diýen setirlerem köşeşdirip bilmeýär.
Adamy ikinji biynjalyk edýän zat — ömrüň tagamyny dadyp görmäge-de ýetişmändigi. «Ömrüň tagamyny dadyp bilmedim, dodagymda galmady oň şiresi» diýýän kişini, «Ol kemput däl, ýalap-dişläriň ýaly» diýip, köşeşdiräýmeseň, onuň halyna başga çäre edip bolmaýar.
Onda bu berlen ömri nähili ýaşamaly?!
Ýaşan şekilli ýaşamaly. Salgyma öwrülmän, salgyma aldanman, salgyma çapman ýaşamaly.
«Salgyma aldanma ömür ýolunda, ömür saňa şowly pursat eçilmez, özüň salgym bolup ýitip barýarkaň...».
Jumageldi MÜLKIÝEW,
şahyr.

Teswirler (8)
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň