Şu günki ýaly ýadymda. On iki ýaşymdakam, awgust aýynyň ortalaryna ýurdumyzyň günortasyndaky obalaryň birinde ýaşaýan daýym uly oglunyň bagt toýyny edipdi. Elbetde, paýtagtda ulalan her bir çaga üçin oba, we obadaky toý – bu düýbünden üýtgeşik, şadyýan, we özüni çekiji dabara. Köne “Jygyllyk” bazaryndan alan täzeje, doňup duran toý egin-eşiklerimi geýnip, tutuş maşgalamyz bolup toýa gitdik.
Biziň toý-dabalaramyzda adat bolşy ýaly, toýda ulylar ulylar bilen, çagalar bolsa çagalar bilen, ýagny her kim öz deň-duşlary, ýaşytdaşlary bilen bolýar. Menem toýda özüm ýaly çagalar bilen gümrä boldum. Elbetde, obada gören-eşiden ähli zadym meniň üçin täzelik, diýseň gyzykly hem-de özüne çekiji. Ilkinji walsa geçmezden öň, meň size toýdan ýadymda galan käbir zatlary beýan edeýin.
Daýymlaryň öýüniň ýerleşýän köçesiniň ugrunda, garşydan toý eýesiniň jaýyna bakdyrylan ullakan, bezelen tirkew (il içindäki ady bilen “teleşka”) goýlupdyr. Reňkli çyralary; aýmdymçylaryň saz-gurallary; ullakan-ullakan, üsti-üstine düzülen gara reňkli “kolonkalar”; tirkewiň içki diwarynyň ortarasynda reňkli çyralar bilen ýazylan “bagtly boluň” ýazgysy; aşagynda iç-içe geýdirlen nika ýüzüginiň şekili...
Topar-topar bolup toýa gelýän, bezemen geýnen ýaş gyzlar; perenjili eneler; pişekli ýöreýän garryja ýaşulylar; köpçüligi görüp, batly ses bilen (bokurdagna agram salyp) aglaýan bäbejikler; öýmeli gelinler; orta ýaşly, dürli wezipedäki adamlar; öýlenýän oglanyň klasdaşlary-gullukdaşlary-işdeşleri; toýan gelen märekäni sypdyrman synlaýan, oýun oýnap ýören çaňly eşigi bilen toýa gelen oglanjyklar; “teleşkaň” aşagynda sakgyç çeýnäp oturşyna, bir salymdan başlajak meýlise sabyrsyzlyk bilen garaşýan ýaş oglanlar...
Azrak gaýrada bir salymdan uly ýük maşyny köçäniň tozanyny galdyryp ýetip geldi. Ol ýük maşynyndan bir salymdan, boýy edil meniň boýum ýaly ullakan akula balyklarynyň 20-ä golaýy düşürilip, toý eýesine tabşyryldy. Ömrümde ilkinji gezek şol toýda, boýy bir metrden uly bolan balyklary görüpdim. Gylçykly bolsa-da, şol gün hezil edip balyk iýenim ýadymda. Özem el bilen iýipdim. Ýelimlenen ýaly ýelmeşip duran elimi köçäniň gyrasyndan akýan ýabyň suwuna ýuwanym ýadymda.
Indi bolsa, geleli esasy wakamyza: ilkinji wals tansym. Nahar çekilip, toýuň agşamky dabarasy mazaly dowam edýän pursatlarynda, toyuň tamadasy (häzirem ýadymda, edil turbadan çykýan ýaly ýogyn sesi bilen), “geliň, indi bolsa sazandalardan ýaş juwanlarymyz üçin wals sazyny ýerine ýetirmegni haýyş edeliň” diýdi. Şol wagt men özüm ýaly on-iki ýaşlaryndaky oglan-gyzlaryň toparynyň arasynda durdym. Daşkynrak garyndaşlarymynyň biri bolan, meniň bilen ýaşytdaş gyzjagaz Mährini meniň bilen wals etmäge çagyrdym, ol makullady. Mähri şol gün ap-ak, kaprondan dikilen toý eşigni geýipdi...
Mähri bilen wals sazyna ýaraşýan şekilde durup, çep elim bilen onuň sag elini emaý bilen tutup, wals sazynyň başlamagna garaşdyk. “Telekeşkadaky” “kolonkalardan” wals sazy ýanlanyp başlady. Ikimizem tolgunyp, ilkinji gezek wals etmäge synanyşdyk. Wals hereketlerine özümizçe öýkünmäge başlan badymyza kellämiz süsüşdi, göz-göze gelip çalaja ýylgyrdyk, walsa dowam etdik. On-on iki sekunt geçip-geçmänkä, Mähriň uly erkek dogany Meret ylgap gelip, sen-men ýok, onuň elinden tutup, ony tans meýdançadan gyra çekip çykardy. Mähriň doganynyň elini güýç bilen çekmegine çydaman çalarak aglamjyrandygny ýüzünden aňdym. Ine, şeýlelik bilen, meniňem, onuňam wals höwesimiz gursagymyzda galdy...
Meret maňa gaharly bakyşlar bilen “indi gaýdyp, meniň jigimi walsa çagyraýsaň, gaty görme. Meniň jigim wals edýän gyz däl” diýdi. Elbetde men bu garaşylmadyk wakadan soň sesimi çykardym, Merede-de, Mährä-de hiç zat diýmedim. Yzyma öwrülip, märekeden biraz uzagraga baryp, ýoluň gyrasynda esli salym toýy synlap oturdym. Içimi hümletdim...
“Hawa, akja eşik geýnen Mähri bilen gör nähili wals etmäge başladyk, birnäçe sekunt dowam etse-de, bu ýatdan çykmajak waka boldy”, “Eýsem Mähri edil şu pursat, ýaňky bolan waka hakda näme pikir edýärkä?!”, “Olam men ýaly tukatlanyp, beýleki çagalara goşulman ýeke özi otyrmyka?!”, “Olam gursakda galan, başa barmadyk arzuw üçin çykalgasyz oýa batýarmyka?!”, “Meret oňa gatyrganyp, onuň göwnüne degäýdimikä?!”, “Bu ýagdaýa indi Mähriň, we meniň ene-atam näme diýerkä?”...
Jogabyny bilmeýän birgiden oý-pikirler, soraglar meni gurşady... Şeýle gyzykly, şeýle ýatdan çykmajak ýatlamalar bilen başlan daýymlaryň toýy, şeýdip meniň üçin, şowsuz wals, tukat ýüz, aglamjyraýan gyzjagaz, jogapsyz iç gepletmeler, azrak ahmyr, düýş ýaly hezilligi gara bulut ýaly böwsen Merede bolan bir çemçe gahar-gazap bilen tamamlandy.
Bu wakanyň dowamy hem bar. Emma, bu günlikçe bu giňişlikde maňa berlen söz çägi, a siziň bolsa, bu ýazanlarymy okamaga berlen wagtyňyz (hatda sabyr käsäňiz) bireýýäm dolandyr... [awtoryň ýüzünde edil şu pursat çalaja ýylgyryş peýda boldy]
*Bellik: Bu ýazgyda ýerleşdirlen surat emeli aň bilen taýýarlanyldy. Emma, bu ýazgyň teksti ýazylanda emeli aň tehnologiýasyndan hiç-hili ýagdaýda peýdalanylmandygny aýratyn nygtamak isleýärin. Bu ýazgy, başdan-aýak bir oturyşda, çalarak açyk penjireden içeri gelýän şemalyň, baglardaky guşlaryň jürküldisiniň hem-de ýoldan geçip barýan maşynlaryň sesiniň arasynda ýazylyp, size ýetirilýär. Ýazgydaky ähli grammatiki ýalňyşlyklar; forma taýdan säwlikler; wakalaryň gowşak beýan edilşi; kemterräk gelýän ýerleriniň jogapkärçiligi maňa we diňe maňa, ýagny awtora degişlidir.

Teswirler (14)
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň
Ýüklenýär...