Offset çap usuly— 5-nji bölüm:
Çapdan soňky işler — ýelimden iň täsirli bezeglere çenli
Dükanyň tekjesinde duran atyr gutusynyň ýüzündäki altyn öwüşginli ýazgy, kosmetika gaplamasynyň mat ýüzünde lowurdap duran logotip ýa-da harydyň etiketkasyndaky nepis bezegler — bularyň hemmesi önümiň daşky keşbine aýratyn täsir berýär.

Emma şeýle önümler diňe çap maşynynda reňkleriň kagyza geçirilmegi bilen taýýar bolmaýar. Karton guty ýelimlenmeli, etiketka goşmaça bezeglerden geçmeli, käbir önümleriň ýüzüne gorag örtügi geçirilip, soňra olar gerekli görnüşe getirilmelidir.
Öňki bölümlerde ofset çapynyň işleýşi, maşynyň gurluşy, CMYK reňk ulgamy, çap üçin dizaýn faýlyny taýýarlamak hem-de wysyçka maşynynda kesim işleriniň ýerine ýetirilişi bilen tanyşdyk. Indi bolsa çapdan soňky işleriň beýleki möhüm tapgyrlaryna seredeliň.
1. KARTON GUTULARY ÝELIMLEMEK
Öňki bölümde karton gutynyň kesilip, eplemäge taýýar edilýändigini öwrendik. Indiki tapgyrda şol tekiz karton hakyky guty görnüşine getirilýär.
Gutynyň gurluşyna görä, ýörite bellenen bölegine ýelim çalynýar, soňra kartonyň degişli taraplary biri-birine birikdirilýär. Ýelim tutýança birleşdirilen bölekler gerekli ýagdaýda gysyp saklanýar. Köp mukdarda öndürilýän gutularda bu iş ýörite ýelimleýji maşynlarda ýerine ýetirmek hem mümkin.
Ýelimlemek ýönekeý görünse-de, takyklygy talap edýär. Ýelim az bolsa, birleşme gowşak bolýar. Artykmaç ýelim bolsa gutynyň daşyna çykyp, çap edilen ýüzüni zaýalaýar. Şeýle hem birleşdirilýän bölekleriň biri-birine dogry gabat gelmegi möhümdir.
Käbir gutular diňe bir gapdal birleşmesinden ýelimlenýär, beýlekilerde bolsa aşaky bölegi hem aýratyn berkidilýär. Ýelimleme usuly gutynyň gurluşyna baglydyr.
Ýatda saklaň: gowy çap edilen, ýöne nädogry ýelimlenen guty müşderiniň öňünde öz hilini ýitirýär. Şonuň üçin çapdan soňky işlerde hem öňki tapgyrlar ýaly üns we takyklyk zerurdyr.
2. Laminasiýa — mat ýa-da ýalpyldawuk ýüz
OLaminasiýanyň iki giňden ulanylýan görnüşi bar:
- Ýalpyldawuk laminasiýa — ýüzüne öwüşgin berýär we reňkleri has janly görkezýär.
- Mat laminasiýa — ýalpyldawuk däl, has ýumşak we sada görnüş döredýär.
Mysal üçin, süýjülikleriň gutularynda ýalpyldawuk örtük reňkleriň aýdyňlygyny güýçlendirip biler. Kosmetika ýa-da atyr gaplamalarynda bolsa mat örtük has nepis görnüş döreder.
Laminasiýa önümiň ýüzüni sürtülmeden we çyglylykdan belli bir derejede goramaga kömek edýär. Ýöne netijäniň gowy bolmagy üçin laminasiýa deň düşmeli, onuň ýüzünde köpürjikler ýa-da ýygyrtlar bolmaly däldir.
3. Folga bezegi — kiçijik jikme-jiklik, uly täsir

Häzirki wagtda karton gutularda we etiketkalarda köp ulanylýan bezegleriň biri folgadyr. Ol marka adyny, logotipi ýa-da dizaýnyň belli bir bölegini aýratyn tapawutlandyrmaga mümkinçilik berýär.
Mysal üçin, atyr gutusynyň ýüzündäki marka ady altyn öwüşginli, kosmetika etiketkasyndaky logotip bolsa kümüş öwüşginli bolup biler. Käte tutuş ýazgyny däl-de, diňe kiçijik nyşany folga bilen bezemek hem täsirli netije berýär.

Gyzgyn folga usulynda ýörite folga maşyndaky pejiň gyzgynlygy we basyşyň kömegi bilen materialyň ýüzüne geçirilýär. Munuň üçin degişli stanok we ýörite taýýarlanan galyp ulanylýar.

Folga diňe altyn ýa-da kümüş öwüşgin bilen çäklenmeýär. Ulanylýan materiala görä dürli reňkler we aýratyn effektler saýlap bolýar. Dogry saýlanan folga önümiň dizaýnyny baýlaşdyrýar, ýöne ony ýerlikli ulanmak möhümdir.
4. Laklama — dizaýnyň belli bir bölegini tapawutlandyrmak
Käwagt önümiň tutuş ýüzüni ýalpyldatmak zerur däl. Diňe logotipi, marka adyny ýa-da suratyň belli bir bölegini tapawutlandyrmak ýeterlik bolýar. Şu maksat bilen laklama ulanylýar.
Mysal üçin, mat laminasiýaly karton gutynyň ýüzündäki logotipi ýalpyldawuk lak bilen örtüp bolýar. Şeýlelikde, mat we ýalpyldawuk ýerleriň arasyndaky tapawut dizaýna goşmaça täsir berýär.
Lak bilen folga bir zat däldir. Lak önümiň ýüzüniň öwüşginini ýa-da gurluşyny üýtgedýär, folga bolsa reňkli ýa-da metal öwüşginli görnüş döredýär.
Laminasiýa, lak we folga dürli maksatlara hyzmat edýär. Olaryň haýsysynyň saýlanjakdygy önümiň dizaýnyna, müşderiniň islegine, ulanylýan materiala we önümçilik mümkinçiligine baglydyr.
5. Ofsetde etiketkalary bezemek we kesmek
Ofset usulynda etiketkalar ýelimli kagyza (самоклейка) çap edilýär. Çapdan soň olaryň dizaýnyna we müşderiniň talabyna görä folga ýa-da başga goşmaça bezeg işlerini edip bolýar.
Mysal üçin, etiketkanyň ýüzünde altyn öwüşginli marka ady ýa-da kümüş öwüşginli logotip bolmaly bolsa, ilki çap edilen materialda folga bezegi ýerine ýetirilýär. Soňra material wysyçka stanogyna berilýär we ýörite pyçakly galybyň kömegi bilen etiketkalar gerekli görnüşde kesilýär.
Bu ýerde işleriň yzygiderliligi möhümdir. Folga bezegi kesimden öň ýerine ýetirilende, onuň degişli ýere takyk düşmegine we soňky kesim bilen sazlaşmagyna üns berilýär.
Etiketkalaryň ölçegi, şekili we bezegleri öňünden taýýarlanan dizaýna laýyk bolmalydyr. Folga düşmeli ýerler aýratyn görkezilmeli, çap bilen bezegiň biri-birine gabat gelşi barlanmalydyr.
Şeýlelikde, ofsetde etiketka taýýarlamak diňe çap etmekden ybarat däldir. Çap, folga bezegi we wysyçka işleri biri-birine sazlaşykly ýerine ýetirilende, taýýar etiketka ýokary hilli we müşderiniň talaplaryna laýyk bolýar.
Netije
Çapdan soňky işler çap edilen materialy taýýar önüme öwürýän möhüm tapgyrdyr. Karton gutynyň berk ýelimlenmegi, laminasiýanyň arassa ýerine ýetirilmegi, folga bezeginiň takyk düşmegi we etiketkanyň dogry kesilmegi taýýar önümiň hiline gönüden-göni täsir edýär.
Käwagt müşderiniň ünsüni çekýän zat uly surat ýa-da köp reňk däl-de, logotipdäki altyn öwüşgin, mat laminasiýa bilen ýalpyldawuk lakyň sazlaşygy ýa-da gutynyň arassa görünmegidir.
Şonuň üçin gowy çap diňe maşyndan çykan reňkli kagyz bilen ölçelmeýär. Önümiň soňky tapgyrlarda nähili taýýarlanýandygy hem onuň hiliniň aýrylmaz bölegi bolýar.
Indiki, 6-njy bölümde çaphanalarda ulanylýan offset maşynlarynyň görnüşlerine, olaryň tapawutlaryna we dürli önümçilik işleri üçin haýsy enjamlaryň amatlydygyna serederis.
Saparmyrat Gürgençli

Teswirler (6)
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň
Ýüklenýär...