"SEN HAÇAN ÖÝLENÝÄŇ

Men Myrat.

Ýigrimin-ä ozan.

Otuzam kowalaýan.

Ýöne ýetmäge ýetişmedik.

Kowum-hyşymyň gözünde iň uly ýazygymam — henize bu güne çenli näme üçindir öýlenmändigim.

Ha toý.

Ha myhmançylyk.

Tapawudy ýok.

Şol bir sowal.

Meni yzarlaýar.

Käbirler-ä jaňlaşsak, salamdan öň: “haçan öýlenýäňden” başlaýarlar.

Ilkibadalar ýylgyraýardym.

Men şeýle-dä.

Zandym ýumşak.

Özüme atylan “daş-gepi” halaýyn, halamaýyn.

Ýylgyraýýan.

Gowumy, erbetmi?

Ýokarkyň özi meni şeýdip ýaradan bolsa, diýmek munuň özüne ýetik bir manysy bardyr. Şonam onuň özi oňat bilýändir.

Soň bu soragyň jogabyny degişmä öwrüp başladym.

Indi...

Bu sowaly eşitsem, içimden şol adamyň eltelefonyna uzakdan täsir edip bilýän bir programmam bolsa, onuň mikrofonyny ömürlik öçürmegi arzuw edýän.

Goý lal bolsun-laý.

Bolmanda durmuşda “ýedi” bolmasa-da, telefonda bir şeýle bolsun.

***

Bir gezek toýda daşgyn garyndaşlarymyň biri gelip, egnime kakdy.

-Ýeri, haçan?!

-Näme haçan?!

Geňirgenen boldum.

Ýogsa näme diýýändigine düşünmegä-hä beýlede dursun, näme diýjeginem hol aňyrdan gelýärkä bilip durun.

-“Haçan öýlenýäň?” diýýän-how. Mönsürän bolýaň-aý!

Ýylgyrdym. Ýöne daşymdan nähilidigin-ä bilemok, içimden-ä ýylgyryşym tüýs: “it ýylgyryşy” diýilýäni bolan bolmaly. Içimden-ä: “Näme agam, duluňda geçmän ýatan gyzyň bar-da, iňkisi igledýärmi?” diýip janagyryly oýlandym. Daşymdan bolsa köke batyryp iýibermeli mürepbe deregine ulanarlyk mylakat bilen:

-Ilki özüň aýt agam, haçan diňe: “ejeňi nemedeýin” diýmäni öwrenen totyguş ýaly, şol bir sowaly bermegiňizi bes edýäňiz-aý?!-diýdim.

Güldi.

Menem gülesim gelmese-de gülen kişi boldum.

Kellämde-de: «Wah wagtynda mümkinçilik bolsady, ýeke sekundam säginmän gadym zamanlarda Ýeriň ýüzünde heniz adam ogly öýlenmänkä öýli-işikli boljak-laý» diýen pikiri aýladym.

***

Ertesi dostum Begenje sataşdym.

Men oňa Oguz hanyň agtygyna ýanap: “Begdili” diýýän.

Olam monça.

“Begenç” diýilýän adam aýratyn bir dünýä.

Ol üstümizdäki asyryň aglaba köp böleginde işsiz gezmegi özüne synmaz ynanç edinen kişi.

Ýöne megerem, dünýä inmezindenem öň meýilleşdirip başlan, hemmesem onuň hyýalynda görlüp-eşidilmedik derejede şowly tükenýän meýilnamalaryna görä, ol bu ýalançydaky iň köp, iň agyr, sowup tükedip, aňyrsyna çykyp bolmajak aýlykly işi basan ýerinden tapýan, maňlaýyndan rysgal perişdeleriniň pesinden on bir sanysy gezekli-gezegine şapbyldadyp ogşan ynsanlaryň biri.

Hyýalynda her hepde täze bir işewürlik çeşmesiniň gözbaşyny “gazýar-da”, ony arlap akýan peýda derýasyna öwürýär.

Bu hepde restoran.

Indikide telefon dükany.

Soňra halkara ulag-logistika şereketi...

...Hakyky dünýäde bolsa Begenjiň ýeke-täk begenjem, iň gymmat baýlygam — döwük eltelefony bilen “bu gün, bu gün, ertir, ertir” wadalaryna besläp hernäçe gaýtarsa-da, hiç gaýtaryp soňuna çykyp bilmeýän iki sany bergisi.

Ikisem maňa.


Begenç meniň bilen elimi dogumly silkip salamlaşdy.

— Myrat, brat, näme boldy? Ýüzüň näme beýle salyk? Kimdir biri ýene seni öýlendirmäge synanyşdymy?

— Ýene şol sowal. «Haçan öýlenýäň?» diýip kelläni iýdiler. Meňem her gezek: “Geçmän ýatan bajyňyz bolsa, getiriň-aý, hemmesine birden eýe çykyp bereýin” diýesim gelip dilim gijäp gidýär. Arman, beýtseň, boljak däl. Elbetde bir jabjynarsyň dynarsyň. Ýöne hemmesi bilen gatnaşygam ymykly gömersiň.

Begdili güldi.

— Aý, dostum, sen bu temadan gaty ýadapsyň. Men saňa bir zat diýjek. Şu dünýäde iň gowy zat — erkinlik! Hiç kim seň durmuşyňa burnuny sokmasa, hiç kim saňa «näme üçin beýle etdiň?» diýmese, ine, şonda ýaşaýyş moşnyý bolýa!

— Dogry aýdýaň. Ýöne sen näme üçin öýlenmeýäň?

Begenjiň ýüzüniň pormusy pozulyp gitdi.

— Aý, brat, senem başladyňmy? Men häzir test režimin-dä. Ilki biznes, soň maşgala. Hemmesi öz wagtynda, dostum!

— Seň biznesiň nirede?

— Häzir ideýa tapgyrynda.

— Pul näçe?

— Pul soň gelýä.

— Müşderi näçe?

— Müşderi biznes açylandan soň bolar.

— Onda biznesiň näme?

Begenç çynlakaý ýüz bilen telefonymyň ekranyna seretdi.

— Myrat, sen maňa ynanmaýaň. Bu örän erbet zat. Uly adamlaryň ýanynda beýle sorag berme.

Men güldüm. Begenç bolsa özüniň geljekde baý boljakdygyna şeýle bir ynanýar welin, käwagt onuň bergidarlary hem bu ynamdan ruhlanyp, oňa ýene nädip karz berenlerinem duýman galýardylar. (Düşünmedik bolsaňyz, bu gep meniň täk özüm hakdadyr :-().

ÖÝLENMEK BARADAKY GARAŞYLMADYK KARAR

Ertesi gün irden turup, ýüzümi ýuwdym.

Oturdym, ajy kofe içip pikirlendim.

Düýnki gürrüňler ýadyma düşdi. Dogrusy, öýlenmek barada kän bir pikir edesim gelenok. Ýöne bir zady anyk bilýän: ýene bir gezek kimdir biri «Haçan öýlenýäň?» diýip sorasa, oň tumşugyna ýelmemegim üçin maňa diňe bir sekundyň ýeterlik bolmagy mümkin.

Şol wagt telefonym jyňňyrdady. Begenç jaň edýär:

— Myrat, turduňmy?

— Aý, ýok, uklap ýatyryn. Telefona-da düýşümde jogap berýän-laý.

— Degişmäni goý, ýaman möhüm mesele bar. Öýlenmeli, brat!

— Senmi?

— Ýok, sen!

— Meň öýlenmegim, seni nämüçin alada goýýa?

–Dost diýilýän şoň üçin gerek-dä! Men saňa "haçan öýlenýäň" diýlen soraglardan dynmaga kömek etjek. Ýöne bir zady bil: öýlenmekde iň esasy zat — dogry strategiýa.

— Sen öň haçan öýlenip gördüň?

— Şoň üçin strategiýany öwrenip ýörün-ä. Öňünden gowy taýynlyk görmeli.

Begenç bilen jedelleşmegä peýdasyz.

Begenç bir işe başlamanka şol işiň hemme kynçylyklaryny öwrenýär. Ýekeje bolmaýan tarapy, öwrenen zatlarynyň birinem ulanyp görenok. Şoň üçin "hä, hawa" diýip jaňy öçürdim.

Şeýle-de bolsa, şol gün meň durmuşymda garaşylmadyk bir waka boldy.

TANYŞLYK

Bazara gitdim. Gerek zatlarymy satyn alyp, öýe gaýdyp barýadym. Şol wagt bazaryň öňünde bir gyza gözüm düşdi. Elinde 3-4 sany torba bar, alan zatlaryny zordan göterip barýar…

Menem derrew gyzyň yzyndan ýetip goşlaryny duralga çenli göterişdim.

— Sag boluň — diýip, ol ýylgyrdy.

— Sagbolsun aýtmak hökman däl- diýip menem çalaja ýylgyrdym

Şeýdip, tanyşdyk. Ady Aýlar eken. Duralgada awtobus gelýänçä biraz gepleşdik. Soň telefon belgilerimizi alyşdyk.

Öýe barýançam telefonymy ýüz gezek dagy jübimden çykaryp oň belgisine seredendirin.

Öýde-de telefonymy stoluň üstünde goýup, her bäş minutdan bir seredýän. Birden jaň etse näme diýmeli? Ýazsa näme? A, birden ýazmasa nä?

Ahyry, agşam Aýlar bilen habarlaşdyk.

Ertesem gürleşdik.

Soň ýene duşuşdyk.

Gysga wagtda birek-birege ýakynlaşdyk.

Bir gün ol maňa:

— Men saňa bir zady öňünden aýdaýyn, men oýun-oýunjak gatnaşyklary halamok, maksadyň wagt geçirmek bolsa şu wagt gatnaşygy keseli. Eger niýetiň çyn bolsa, maşgala gurmak barada pikir edeli– diýdi.

— Niýetim çyn — diýdim.

Şol wagt ýadyma Begenç düşdi. Bu habary oňa aýtmalydym. Ýöne oň berjek maslahatlaryndan eýýäm howatyr edip başladym.

BEGENJIŇ ULY MEÝILNAMASY

Begenje jaň etdim.

— Drug, bir bet habar bar.

— Beren pullaryňy sorajak bolýaňmy?

— Ýok.

— Onda gowy habar bolmaly. Aýt.

— Bir gyz bilen tanyşdym. Biri-birimizi haladyk.

Begenç telefonda birsalym dymdy.

— Wah, brat! Gutlaýan! Ine, şu wagt men saňa gerek!

— Näme etjek?

— Men saňa öýlenmegiň iň gysga ýoluny görkezjek.

— Haýsy ýol?

— Alyp gaç.

Men birden güldüm.

— Sen dälirediňmi? Gyz bilen tanyşanyma köp wagt bolmady, men guda ugratjak.

— Gudaçylyk? Oňa köp wagt gerek. Ilki alyp gaç, soň töwella git. Sen maňa ynan. Men şeýle işleri guramaga ökde. Ilki plan düzýäs, soň ýerine ýetirýäs.

— Gyz razy bolmasa näme?

— Razy bolmasa, onda bu barada gürrüňem bolmaz. Men seň aýdyşyňa görä, gyzam razy diýip düşündim. Şonda-da öňünden hemme zady maslahatlaşmaly. Meň maksadym gyzy gorkuzmak däl, ikiňiziňem islegiňize görä, işiňizi çalt çözmek.

Begenç şondan soň depderini alyp, meýilnama düzmäge başlady. Ol ertesi gün maňa bäş sahypalyk ýazgy görkezdi. Depderiň başynda uly harplar bilen:

«OPERASIÝA: MAŞGALA»

diýip ýazypdyr.

— Bu näme?

— Meýilnamaň ady.

— Näme üçin operasiýa?

— Sebäbi bu örän jogapkärli iş. Her bir ownuk zat göz öňünde tutulmaly.

Depderi açdym. Birinji sahypada ulag, ikinjisinde ýol, üçünjisinde iýmit, dördünjisinde geýim, bäşinjisinde bolsa «gaçyp baran ýerimizde jaýyň taýýarlygy» diýen ýazgy bar.

— Begenç, biz näme, ekspedisiýa gidýäsmi?

— Öýlenmegem ekspedisiýa ýaly zat. Öňünden taýyn bolmasaň, ýolda kynçylyk çykar.

— Gyz näme diýerkä?

— Sen oň bilen gepleş. Men guramaçylyk işlerine jogap berýän.

Men depderi ýapdym.

— Bolýar, jenap guramaçy. Ýöne bir zady ýatdan çykarma: gyz razy bolmasa bolmaz.

— Elbetde! Menem şony aýdýan. Diňe bir zat: ulagyň ýangyjyny özüň guýdur. Men häzir biraz bergili.

"OPERASIÝA: MAŞGALA"

Birnäçe günden soň Aýlara muny aýtdym. Ilki razy bolmady, ýarym sagat çyn ýürekden söýýändigimi aýdamsoň razy boldy. Ýöne soňra maşgalasynyň razylygyny alyp toý etmelidigimizi aýtdy.

Ertesi gün Aýlar bilen öňünden ylalaşylan ýerde duşuşmaly.

Bu işiň baş guramaçysy Begenç kyrk minut gijä galyp geldi, elinde uly torba bar.

— Bu näme?

— Ýol azygy.

— Biz näçe gün ýolda bolýas?

— Bilmedim. Ýöne ätiýaç zyýan etmez.

Torbaň içinde iki sany çörek, bir guty köke, üç sany alma, bir çüýşe suw bilen köne termos bar.

— Termos näme üçin?

— Çaýsyz uzak ýola çykyp bolmaz.

Men oňa seredip, başymy ýaýkadym.

— Begdili, biz gyz almaga barýas göçüp barýan däldiris-ä.

— Sen maňa ynan. Hemme zady göz öňünde tutdym.

Biz bellenen ýere bardyk…

Garaşdyk…

Aýlar geler ýerde gelenok….

Begenjem töweregine göz gezdirip, özüni birhili gizlin tabşyrygy ýerine ýetirýän adam ýaly alyp barýar.

— Hany, gyz nirede? — diýip, pyşyrdady.

— Bilmedim. Häzir geler.

Şol wagt gapdalky köçeden bir daýaw ýigit çykyp, göni bize tarap ýöräp gaýtdy. Ol uzyn boýly, eginlek, ýüzünde çalajada bolsa ýylgyryş ýok, daýaw peläket.

— Siz kim bolýaňyz — diýip, ol sowuk ses bilen sorady.

Men sakawlap zordan.

— Biz... neme… Aýlaryň tanyşlary.

— Haýsy tanyşlary?

Begenç dessine öňe çykdy.

— Biz oň kursdaşlary. Kitap almaga geldik.

Men Begenje seretdim. Aýlaram menem okamok. Ýöne ol eýýäm bizi kursdaş etdi.

— Haýsy kurs? — diýip, ýigit ýene sorady.

Begenç sähelçe aljyrady.

— Ýokary kurs.

— Haýsy uniwersitet?

— Uniwersitet däl... neme, okuw merkezi.

— Haýsy merkez?

Begenç maňa seretdi. Menem oňa seretdim. Ikimizem birden dymdyk.

— Siz näme üçin uýamy sorap ýörsüňiz? — diýip, ýigit gaharly seslendi.

Şol wagt men oň Aýlaryň agasydygyna düşündim.

— Agam, biz diňe...

— Näme diňe?! Nämüçin öýümiziň golaýynda bukulyp durduňyz? Näme üçin ýalan sözleýäňiz?!

Begenç aramyza düşmäge synanyşdy.

— Agam, düşünişmezlik boldy. Biz hiç hili erbet niýet bilen...

— Ýalan sözleýänem siz, bukulyp ýörenem siz! Indi maňa düşündirjek bolýaňyzmy?!

Ol Begenjiň eňeginiň aşagyna bir ýumruk gondyrdy. Begenç elindäki torbasy bilen ýere serildi. Torbaň, içindäki çörekler, almalar we kökeler ýere seçildi.

Soňra wakalar şeýle çalt bolup geçdi welin, nädip bolandygyny özümem anyk aýdyp biljek däl. Aýlaryň agasy ilki Begenji ýere serdi, soň maňa tarap öwrüldi. Men goranjak boldum, ýöne özümiňem bir ýumrukda ýerde ýatanymy duýdum.

Begenç ýerinden turjak boldy, bolmady… ýykyldy…

— Myrat, tur! — diýdi.

— Sen özüň tur!

— Men turjak bolýan-a!

Aýlaryň agasy bolsa henizem gaharly.

— Uýamyň adyny tutup, ýalan bahana bilen öýümiziň töwereginde näme işleýäňiz?! Ýene bir sapar şu töwerekde görünseňiz muň ýaly birki ýumruk bilen gutulmarsyňyz

Men başymy atdym.

Begenç ýere seçilen kökeleri çöpläp, torba salmaga synanyşýar.

— Sen näme edýäň-aý? — diýip, pyşyrdadym.

— Köke zaýa bolmasyn. Ýene pul berip almaly bolýas.

Şeýdip, biz ol ýerden çaltlyk bilen gaýtdyk. Has dogrusy, Begenç gaçdy, men oň yzyndan ylgadym. Sebäbi ol öňe geçip, meni ýeke goýupdy.

MEÝILNAMAŇ SOŇY

Öýe gelenimizde, ikimiziňem keşbimiz söweş meýdanyndan gaýdan esgerleriňkä meňzeýärdi. Begenjiň köýneginiň ýakasy ýyrtylypdy, meň bolsa tirsegim sypjyrylypdyr.

Ol oturgyja çökdi-de, uzak wagtlap geplemän oturdy.

— Begenç, näme boldy? — diýip soradym.

— Hiç zat.

— Näme üçin beýle dymýaň?

— Men häzir bolan wakany seljerýän

— Nämäni seljerýäň?

— Meýilnamaň haýsy ýerinde ýalňyşlyk goýberendigimizi.

— Haýsy ýerinde?

— Men bir zady öňünden hasaba almaly ekenim.

— Näme?

— Gyzyň agasynyň şeýle gaharly boljakdygyny.

Men gülüp başladym.

— Sen näme, ol öz uýasynyň ýanyna gelen iki nätanyş adamy güller bilen garşylar öýtdüňmi?

Begenç birsalym dymdy-da, soňra çynlakaý ýüz bilen:

— Myrat, meň pikirimçe, sen bu işi başgaça çözmeli.

— Nädip?

— Guda ugratmaly.

— Dogry, şeýtmeli boljak öýdýän

Şeýdip, alyp gaçmak baradaky meýilnama taryhyň sahypalaryna geçmänkä ýatyryldy.

Men öýe gelip, bolan zatlary ejeme gürrüň berdim. Elbetde, ol başda maňa käýindi.

— Beýle zatlar bolmaýar, oglum. Gyz tarapy bilen öňünden maslahatlaşyp, gudaçylyga barmaly. Senem howlugyp ýörme.

Men başymy atdym.

— Hawa, eje, indi düşünýän.

Şondan soň ejem, gudaçylyga gitmäge taýýarlyk görüp başlady.

Begenç gudaçylyga gitjek adamlary saýlamakda-da öz maslahatyny bermekden el çekmedi.

— Myrat, gudaçylykda iň esasy zat — özüňi ynamly alyp barmak.

— Sen öň gudaçylyga gidip gördüňmi?

— Ýok, ýöne köp gördüm

— Nirede?

— Telewizorda.

Men onuň bilen jedelleşmegi bes etdim.

Gudaçylyga ejem bilen ýakyn garyndaşlarymyz gitdi. Men öýde garaşyp otyryn. Her bäş minutdan telefona seredýän. Aýlar habar ýazarmyka? Gudaçylyk nähili geçerkä?

Biraz wagtdan ejem jaň etdi. Gudaçylyk gowy geçipdir. Aýlaryň maşgalasy razy bolupdyr.

Men begenjimden näme diýjegimi bilmedim.

— Hawa, eje, gowy boldy. Sag bol!

Telefony goýdum-da, Begenje seretdim.

— Boldy, dostum. Razy boldular!

Begenç ýerinden turup, meni gujaklady.

— Gutlaýan, brat! Men aýtdym-a, hemme zat gowy bolar diýip!

— Hawa, seň meýilnamaň bolmadygy üçin gowy boldy.

— Ýok, dost. Meýilnamaň özi gowy boldy. Diňe bir az fiziki kynçylyk ýüze çykdy.

Men başymy ýaýkadym.

Begenç bolsa henizem özüni ýeňiji hasaplaýar.

Sebäbi onuň aýtmagyna görä, biz alyp gaçmak meýilnamasyny durmuşa geçirip bilmedigem bolsak, gudaçylygyň üstünlikli tamamlanmagy oň «köptaraplaýyn strategiýasynyň» netijesidi.

@Gurgenchli

2026 ý. noýabr