Obamyzda Oratdy aga (awt.: adyny üýtgetdim, nebereleriniň halamazlygy mümkin) diýilgen, kalby bäbegiň gözündenem tämiz, andag rawy ýaşuly bardy. Pahyr ýetmişe ýetip amanadyny tabşyrypdy. Ýöne özümi bilipdirin, ol oglankagam hamana hiç haçan ýaş ýa-da türkmeniň: “ýüňi ýeten” diýýäni – ýetişen erkek kişi bolup görmän, göni şol durşuna goja halyna dünýä inen ýalydy. Ol bütin ömrüne-de garrylygyna ýaşan dek, şol bir ezýaka, “ýaşuly” köýnekli, donly, telpekli, bili köne ýaglykdan guşakly, aýagy galoşly ýa kirze ädikli aksakgallygyna hakydamda galypdyr.
Ömrüne önelgesiz ötensoň ol bende, çaga görse durumsyz, biziň ýaly bezzatlaryň ölemenidi. Onuň durmuşyna beletligimiňem, şol döwürde-de takmynan iki-üç müň hojalyga ýakyn ilatly obamyzda onuň bilen ýygy-ýygydan sataşmagymyňam sebäbi, ol ilki bilen-ä söwer dostumyň atasynyň inisidi. Şonuň üçinem dostumyň öýünde toý-sadaka ýa sähel-mähel üýşmek-çaşmak bolsa Oratdy aga-da hökman bardyr.
Galyberse-de ol beýleki bir dostumyň goňşusydy. Üstesine-de kolhozda biziň brigadamyzyň (daýhanlar toparymyzyň) ekin meýdanlarynyňam garawulydy. Gapydaky mallarymyz üçin gyrak-bujagynda ot ýygmaga barýan ýelsepitýeter meýdanlarymyzyň ählisi diýen ýalam biziň brigadamyza berkidilen ýerlerdi. Şol sebäpli ot ýygmaga barsak, birinde bolmasa ikinjisinde Oratdy aga sataşardyk. Ol, ýa biziň baran meýdanymyzyň düşelgesindäki bagçylygy saýalap gurlan iküç gatly belent teläriň üstünde çaý süzüp oturandyr. Ýa-da köneje goşasal “Ural” motoryny tarryldadyp, gumaşak ýoldan tozan turzup, oslamankaň bir ýerden çykar.
Onsoňam Oratdy aga öýünde orak dişemek, aňňal çalmak (ýiteltmek), pil, palta, çekiç, ýabak saplamak ýaly uşak-düşek ussaçylyga-da güýmenerdi. Şol sebäpli menem köplenç oňa oragymy dişetmäge elterdim. Käte-de ejemiň ýa kakamyň tabşyrygy bilen Oratdy aganyň elektrik togunda işleýän çalgy daşynda paltamyzy, pyçaklarymyzy çaldyrmaga barardym. Özem orak dişet, palta ýa pyçak çaldyr, ýa pil saplat – tapawudy ýok. Seniň ýumşuňy bitirmäge kän dümtünsin, az dümtünsin. Oratdy agaň ussa haky daşa ýazylan ýaly ýyllarboýy üýtgewsiz – sary bir manatlykdyr.
Şol döwürde ýaşanlaryň hemmesi bilýär, geçen asyryň togsanynjy ýyllarynda “SSSR” diýilýän mähnet döwlet öz-özünden dargady. Onsoň onuň düzümine girýän respublikalaryň arasyndaky ykdysady gatnaşyklar, arabaglanyşyk teýim-takyra ýakyn bozuldy. Bu-da puluňa-ha edil ýöne ýapgyt depeden eňaşaklygyna togalanyp barýan logala daş deýin günsaýyn hümmetsizlenmegine, şonuň netijesinde halkyň durmuşynyňam üzül-kesil pese düşmegine getirdi. Gündelik sarp edilýän harytlaryň, esasanam iýmit önümleriniň aglaba köpüsi açyk satuwdan gürüm-jürüm boldy. Gözläp tapylaýanda-da, diýlen bahasyny berip satyn alar ýaly bolmady. Mysal üçin, togsan birinjimi ýa togsan ikinjimi ýylda agamyň bir ýaşyndaky gyzjagazyna berilýän çaýa goşmak üçin külke şeker gerek boldy. Şonda satyn almaga-da hiç ýerde şeker tapylmady. Günlerde bir günem kakam pahyr öýlän işden gelende, gazetden dolanyp ýasalan şapbat gabaraly guýguçjykda bir gysym şeker getiripdi. Şonda ejem bende bu şekeri nireden alandygyny soranda, kakam pahyr işde günorta naharyna çykanlarynda kärdeşleriniň biriniň çaý içmek üçin öýünden getirinen bu guýgujyny çykarandygyny, özüniňem agtyjagy üçin şeker gözläp ýörendigi sebäpli, ony ortadan garbap alandygyny, ýerine-de özüniň çaýa ýanap içmek üçin göterinýänje eslije pampyza süýjüsini berip alyş-çalyş edendigini gürrüň beripdi. Şol wagtlar bahalar günsaýyn däl, sagatsaýyn diýen ýaly şeýlebir uçýardy welin, olaryň yzyndan ola-ha atly ýa ulagly däl-de, reaktiw uçar bilenem ýetmek mümkinçiligi ýokdy. Aýyň başynda bir goýun düşýän pula, ýene bir hepdeden ýa on günden goýnuň, aç it iýäýmese, kişi iýmez ineginem bermeýärdiler.
Şol ýyllar halkyň ýyllarboýy, ýedi ýaşlydan ýetmiş ýaşla çenli tutuş maşgala bolup kolhoz işine gatnaý-gatnaý ýygnap, hiç zada sowmaga dözmän gara güni üçinem sberkassa (bank goýumyna) tabşyryp goýan maýasy, sähel salymyň içinde bir gysym kagyza-ha däl, hiç zada döndi. Mysal üçin, kakam pahyr 1993-nji ýylda ýogalandan soň onuň apalap saklap ýören sberknižkalaryny (goýum kitapçajyklaryny) barlap görenimizde, onuň ilkinji goýumy 1969-njy ýylda goýandygyny gördük. Tas çärýek asyra golaý wagtlabam biziň uludan-kiçä on bir baş maşgala bolup, Owadandepedäki üç ýarym gektarlyk üzüm potradyna arly ýyllap idi-yssywat edip, gurçuk tutup, sogan ýygyp, uýalarymyň-agalarymyň kolhozyň meýdan işine gatnaý-gatnaý jemlenen ähli gazanjymyza, iň soňunda ýekeje gap otluçöpem düşmez derejä barypdy.
Şonda-da meniň gögele aňyma hemişelik ornaşyp galdy. “Diňe halal zähmetiň haky iniňe siňýär, diňe şol özüňe nesip edýär” diýilýär. Ýöne Hudaý bermejek bolsa, haram hakynda-ha gürrüň ýok, hatda halal zähmetiň bilen gazanan gazanjyňam nesip etmeýän eken. Ýöne, nä, “il bilen gelen toýda baýram” diýleni. Bu bela ýeke biziň üstümize gelmedi ýa-da üçlän-bäşlän garamaňlaýyň depesinden inmedi. Ol ýykgynçylyk, çökgünçilik 250 milliondan geçýän agyr ilatyň gerşine gyzgyn ataşgir bolup basyldy.
Gepiň kelte ýeri, bu ýerde munça zady gürrüň bermek bilen aýtmakçy bolýan zadym, şol ýyllarda-da Oratdy aganyň ussaçylygynyň bahasy beýleki ussalaryňky ýaly “aýagyny ýerden üzüp göge uçmady”. Görgüli, soňabaka garrap eli titräp dursa-da, gözi düzüwli görmese-de, güzeran aýlamak üçin öňki ussaçylygyny degdi-gaçdy dowam etdirdi. Emma nebsini şaglatmady. Bir, öňki “bir manatlyk” nyrhyndan üýtgän zady:
-Näme bermeli, Oratdy aga?-diýip eden işiniň bahasyny sorasaň:
-Äý, göwnüňden çykaranyňy taşlaý, köşek,-diýerdi...
Ýaňky aýdyşym ýaly, bendäniň maňlaýyna zürýatsyzlyk ýazylansoň, görgüli ha meýdanda sataş, ha öýüne ýumuş bilen bar, eger-eger ýanyndan goýberesi gelmezdi. Sen onuň üçin agtyg-a agtyk welin, tas çowluk ýaşynda bolsaňam, ol seniň bilen edil öz deň-duşy deý garaçyn gürrüň ederdi. Özem onuň gepinde ulularyň aglaba köpüsiniň çagalar bilen gürleşendäkisine mahsus, gögele gürrüňdeşine, onuň ýöntemje, mön geplerine, pikirlerine, sadadan gelen çagasöw dünýägaraýşyna kembaha garamak, teýenelije howandarsyramak, köpbilmişje türkanasyramak ýaly, çagalar tarapyndan derrew duýulýan äheňler asla bolmazdy. Bende, näme diýse-de, näme geplese-de akýürekden, jany-teninden syzdyryp aýdardy.
***
Bu pahyr bilen bagly ýene bir waka ýadyma düşýär. Takmynan on-on bir ýaşymdadyryn-da, bir sapar ejem görgüli halys igeläp günüme goýmady:
-Haçan görseň, dulda eplenip kitap okap ýatyrsyň. Kitap okamadyk wagtyňam şallaklap, entemäge, oýnamaga gidýäň. Öýde bolsa nahara atarlygam ýeke damja pamadur ýok. Iliň çagasa-ha honha, ot ýaly. Öýüniň pamadur-soganyna-ha bir kem edenoklar welin, kalhozyň towukketegine ders arassalaşmaga gidişensiräp, ýumurtga-towugynam daşap durlar. Sen bolsa, ýerindengelme götýüzi haýran, kime meňzäp beýle bolduň? Bir ýerden bir zady alaman edip alyp gelmeli bolanyňdan “öl” diýeniňi gowy görýäň. Bar git-de, pamadur getir! “Tur!” diýýän men saňa! Häk, erkek bolaýşyňy seniňem! Şü öýleneniňden soňam saňa dagy öz çagajyklaryňam güni galmasyn! Şolary ajyndanam öldürersiň sen, dişiniň kirini sorup, kitaba güýmenip galan! Kitap janyňy alsyn, kitap janyny almyş!
Meniň üçinem ol zamanlar hemme kitabyň hemme ýeri gyzykly. Şol sebäplem şol wagt okap oturan kitabymyň iň keýpli ýerinde iňirdelip-iňirdelip “neşämiň” uçurylýanyna gaharym gelýär. Üstesine-de ejemiň maňa gyjalat hökmünde misil edinýän şol “ot ýaly” deňdeşlerime-de men belet. Olaryňa-ha meni jyny alanok, meniňem olary. Topar bolup oýnalmaly oýunda adam sany ýetmeýändigi zerarly birek-birege halysalla nalaç çydaýarys. Sähel bahana tapyldygam gyzyl-gyran uruşmaly bolýar.
Urşam näme?
Bije-dä.
Käte urýaň.
Käte urulýaň.
Şol zerarly olar-a maňa: “Bäh, ejem şeý diýýä welin, şular ýaly atarman-çaparman bolaýsaňdyň-aý!” diýip, özüňe, ömrüňe nusga edinerlik gahryman däl.
Götýüzüligimem buýtar-suýtarsyz çyn.
Diläp almaly bolsa...
Emenip almaly bolsa...
Ýalym-ýulum edip, goltugyna garpyz gysdyryp almaly bolsa...
Aldap almaly bolsa...
Neçündir köpüň talaňyna sezewar eýlenip, şol pursat üýşmündek kylynýan kimdir biriniň agzyndakyny “kim öňürtmeşek” açgözlük bilen garbap almaly bolsa...
“Artygyň harmany” derbi-dagyn oljalanýarka, ilden kem galman hars urup, ondan ýetdik paýyňy alyp galmaly bolsa...
Iliň malyndan ogurlap almaly bolsa...
“Degene gözüm menden däl”, “özüni oňarmadygyň garagy aksyn” edip, güýjümiň ýetäýjek ejiziň golundan gaňryp almaly bolsa...
Ölen ýerim.
Öňem.
Soňam.
Häzirem...
Şol tarapa aýaklarymam ädilmeýäne dönerdi-de, doňňara-daş bolar durubererdim.
Bilemok, munuňam nämesindendigini.
Belki, özgeleriňkiden nebsim kemterräkdir.
Belki şol: “ot ýaly” oglanlara barabarlykda gaýratym çatýan däldir.
Garaz, “ýa demrinden, ýa-da kömründen”. Ýöne, bu zatlaryň men – “ussasyndan” däldigä-hä hak :-).
Garaz-haý, “uzyn moh-mohuň gysga juk-juky”, şol gün ejem iňirdisini ige edinip, şonuň bilenem meniň oglan garabaşymy syhalap halys günüme goýmandan soň, eýýäm ýedinjimi ýa sekizinjimi gezek okaýan bolsam-da, henizem birinji sapar okaýan ýaly gyzykly kitabymy ýapyp, dergazap turdum.
-Nirden getireýin-aý, pamadury?-diýip, ýüzümi awyň sapyna döndereý, torsarylyp soradym.
-Merezden getir, zäherden getir,-diýip jigilerimiň birini gundap sallançaga salmaga başagaý ejem käýindi:-Mellegiňdä-hä pamadur ekilmändigini bilýäň. Nireden getirmelidiginem bilip aňyrsyna geçip durkaň-da ýene hetjikläp menden soran bolýaň! Bar, git galhozyň meýdanyna! Pamadur läş bolup, asmanyň eňeginden eňegine çenli joýama-joýa serlip ýatyr. Alyp gaýt-da, git-de.
Edähetim, ejemiň gohlarynyň her birinde pesinden ýüz söz bolsa, olaryň segsen sekizisini eşitmän, diňlemän gulagymyň duşundan geçirip goýberýän-de, diňe özüme azda-kände laýygrak, derdime ýaraýjak ýerlerini saklap alyp galýan. Şonuň üçin bu saparam özüme derkar ýerini diňleýän-de, galanyna üns bermegi ertire, birigüne ýa-da başga bir nesibeli gününe goýup, soraýan:
-Näçe gerek?
-Bir bedre getirseňem begenjimizden ýarylyp öläýesimiz ýok. Şolam üç-dört günläp nahara atmaga-da, ýanyna ýanap dogranyp iýmäge-de bolýar.
Gidýän.
Jokrama yssy ýagyrnyňy deşip gelýär. Gumaşak ýoldan çärýek menzil söküp, ýelsepitli, onuň şahyndan asylan köne bedrämi taňňyrdadyp, pomidor ekinzarlygynyň bäri çetinden barýan. Daňydan boşanan öküzçe kibi ekiniň içine ýüzugra süsdürilip giribermän, gyrak-bujakdaky gamyşlyk-hyşalyga duwlanýan-da, ilki bir dessin-aňtaw işlerini geçirmäge başlaýan.
Ekin sakçysy Oratdy aga barmy, ýokmy?
Garawul telärä-hä boş.
Diýmek, ýok.
Gaýdypdyr.
Onsoň ekine girip ýaňybir bilboýy haşal ot basan atyzdan gyp-gyzyl pomidorlary çöpläp, bedrämi doldurmaga başlanymam şol welin, birdenkä ýeňsämden gözagyrysy ýaly bolup, Oratdy aganyň köneje motorynyň tarryldysy eşidildi. “Ogry saly gowşak” diýleni, allaniçigsi tisgindim-de, dikelip seretsem, ol eýýäm deňäme ýetiberipdir eken. Görmändirinem, eşitmändirinem. Gaçara-da maý ýok. Üstesine tigrimi goýan ýerimem ep-esli daşlykda. Onsoň özümçe: “Äý, bir başa bir ölüm-laý! Jontuk bedre jaýryk pamadur üçin, Nesiminiňki ýaly hamymy soýup, derimden süzme halta tikinäýesleri ýok-laý!” diýdim-de, söm-saýak duruberdim. Onýança Oratdy aga gabadymda saklandy. Tarryldysyndan ýaňa ses-üýn alşara goýmazak, biedep motoryny öçürdi.
-Salawmaleýkim, Oratdy aga,-diýen, o döwür kindiwanja bolsamam köpbilmişje menjagaz, “gorkan öňürder” diýlenine boýyn çümüp, salam bermäge howlukdym.
-Wäleýik salam, Pylanyň ogly,-diýen Oratdy aga, motorynyň eýerinden düşüp durşuna kakamyň adyny tutup salamymy aldy:-Pamadur ýygynýamyň?
Ýeri, bu sowala näme diýjek?
“Göreňokmy?” diýip hüňürdemegiň-ä ýeri däl. Sebäbi özüň tereziň pes tarapynda dursuň. Üstesine-de o zamanyň çagalary üçin uly uly ýerinde. Öz tohumyndan bolsun, keseki bolsun, ýaşy uly bolsa, edil özi äsgermän depäňde meýdan etjek bolup dyzap ýatmasa, mümkingadar edep saklanyp, başardygyňdan sylanjak bolunýar.
Ýa, şugundyr ogurlamaga kesekiniň mellegine girende, üstüni eýesi gapyl basan Ependiniňki ýaly: “Ýok, hajatym gyssady-da, meýdan etmäge oturdym” diýip bahana tapjakmy? Soňam onuň: “Hany eden işiňi görkez!” diýlip, taýak talawladyp haýbat atylanda-da sygryň maçjasyny görkezişi ýaly, bir, çala gyltyzam bolsa ýapa degýänräk delil agtarjakmy? Beýle bahanalyk gep tapaýyn diýseňem, içigary galmyş, ýöne wagt neşeden pinekleýän meňkeşiň beýnisi ýaly oýlap tapmaýan zady ýok bu hyýalbent kellä-de, şol pille gelýän zat ýok. Okan kitabyň biderek. Gören kinolaryň bihuda. Şol müddet şolaryň ýekejesindenem haýyr ýa hemaýat ýok. Aljyraňňydan bimany ygym-sagym, ugur-utgasyz oýlar bilen aýagaldygyna siýdiklemäge tapba-taýýaram bolsa, boşlugyndan ýaňa beýniň hüňläp dur.
-Howwo,-diýdim-de gönimden geläýdim, onsoň.
Onda hyk-çoklap ýanyma gelen Oratdy aga eglip, meniň ýarpylaberen bedräme seretdi:
-Oglum, muny ikimiz bärden ýygynmaly,-diýibem ýüzüniň ugruna meniň “alamançylygyma” meýletin şärik boldy:-Ýör, motoryň gozagyna mün! Meýdanyň ho-o-l içräginde heniz ýygymçylaryň ýetmedik pelleri bar. Şo taýdaky pamadurlar has irimçik, etlek, doly bişen. Şol taýdan ýygynyp bedrämizi dolduraly, onsoň men ýene seni bärik, tigriňi bukan gamyşlygyňa getirip gidäýerin.
Gitdik. Hakykatdanam o taýynyň el degmedik pomidory, Gollandiýamy ýa Awstriýamy, garaz Benilýuks ýurdy eken. Iki bolup derrew bedrämi doldurdyk. Soňam Oratdy aga pahyr özüniň edepsizden gelen bir laňňasy-tarlawuk motorynda meni doly bedräm bilen bilelikde tigrimiň ýanyna düşürip gitdi. Süýr günortanyň, epgegi gözilginç tolkunlap duran jöwzasynda ýaltanmadam, irinmedem. Ýeke agyz gyjaladam bermedi. “Eýtme-beýtme, sorap alaýmaly ekeniň, diläp gelseň bermen öýtdüňmem...” diýmedi.
Bu wakadan oglan kellämde hemişelik galan zadam: “Bäh... garawul bolsaňam adam bolup galyp bolýan eken-aý...” boldy.
Oglanlykda ornan zadam berk bolýar-a.
Soň-soňlar duz nesibäm çekip, nirde, haýsy kärde işlesem-de, näjüre, nägadar kişi bolsamam, mümkin boldugyndan adamçylygymy saklap galmaga dyrjaşyp gelýän.
Başardýarmy bu?
Ýa başartmaýarmy?
Alla bilsin.
Men-ä bilmedim...
***
Oratdy aganyň öte çagaçyllygyndan gaýry ýene-de bir köre-kör yşgy, ol goşgynyň, şahyrçylygyňam barypýatan janköýeridi.
“Hatybyň kalby hytabynda (Wagyzçynyň ýüregi wagzynda)” diýilýär. Bilemok, başga ýazyjy-şahyrlaryňkyňa-ha nähilidigini. Belki, olaryňam köňli öz ýazanlaryndadyr. Belki, däldir. Ýöne, “uly söze toba” welin, anyk bilýän, Oratdy aganyň-a çaga göwni öz ýazanlaryna boýa-bitin siňendi. Olar bigäne göz-gulak üçin gowy bolsun, erbet bolsun, asgyn bolsun, rüstem bolsun, tapawudy ýok. Bu gojanyň her bir setiri onuň özi üçin-ä köňlünden sykyla-sykyla çykarylan dirilik damjasydygy mese-mälimdi.
Pahyr, toý-ýas üýşmeleň boldugy, maý tapsa jildi tüýdülen köne depderini goltugyndan çykarardy. Adamlar diňleýär-diňlänok, parhyna-da, piňine-de almaz. Ünsem bermez.
-Hany adamlar, goşgy okaýlyň!-diýerdi-de, öz düzen goşgularyny güzüledip okamaga başlardy.
Bende, goşgyny dagy labyzly okap bilmeseň, basym bermeli ýerine basym, nazymyna nazym, azmyna azm, pyşyrdysyna pyşyrdy çaýyp, çeper okaýyşda okamagy başarmasaň, setirleriň kagyz ýüzünde neneň-niçik çuňňur manyly bolanda-da, ol durky-durmuşy bilen samyrda öwrülýär-ä.
Oratdy aga bende-de, başyny depderi üste ýapyryp, şol bir endigan kadalydan pessaý, birsyhly akgyn äheňde goşgy yzyna goşgy tirkär gider oturardy. Öýe ýa çadyra, ýa-da bassyrmanyň astyna üýşen jemagatam düýpgöter onuň bilenem, onuň içini döküp, aňrysyny bärisine çöwrüp okaýan goşgusy bilenem däldir.
Her kes ikibir-üçbir bolşup, dyzlaşyp, öz gepi-gürrüňi, gybaty bilendir.
Iň bärkisi kesesinden dagam, Oratdy aga garşy gulagyny üşerdip: “Bih, şü görgülem-ä bir zada-ha ýaman janygýar welin, näme diýýärkär-aý, bi?” diýip, onuň özüne-de, goşgusyna-da gara jinnek üns berýän ýokdur.
Özi okar. Özi öz ýazanyna, okanyna juda gyýlyp, gözüni çygjardar. Köne donuň ýoňsuz kisesinden atam döwri kirläp giden mähnet gyraly ýaglygyny çykarar-da, oňa zoňtar sümgüriner. Ýüz-gözüniň gözýaşyny ogryn süpürer. Has dogrusy, süpürýäni “ogryndyr” öýder. Emma onuň gözüni ýaşardanynam, süpürinýäninem her kes görer. Ýöne endikli bolandygy zerarly muňa zerre ähmiýet bermez.
Ýa-da ol öz okanyna aşa joşup, köhi gelip, monça bolar, ýylgyrar.
Walla kessin, adamlara onuň näme işläp durany bildirmezem, gara şaýylyk gyzyklam däldir.
Diňe, käte bir özüniň urşuň yz ýanyndaky harby gullugynyň ýarysam ýapa degmeýän, galan bölegem çypdyrun-erteki wakalarynyň ala-wagyrdy hekaýaty bilen milleti güldürip oturan, Oratdy aganyň doganoglan agasy Hojamät aga (awt.: adyny üýtgetdim, nebereleriniň halamazlygy mümkin), inisine dözmezçilikdenmi ýa özüniň göwnaçyk bälçikligindenmi:
-Oratdyýym, bi goşgyňa-ha, hakyýt Magtymguly işanyň iň bir göze gelimliräk ýerinden oňotjo edip çilipsiň öýdýän?!-diýip henek oklar.
Bu degişmä Oratdy aganyň ýüzi boz-ýaz bolar. Goşgy güzületmesini tapba keser:
-Ýo-how, nädýäň-aý Hojakgam? Ogurlarynm-aý? Ýöne Magtymguly işan bir ýerde ýazar ýaly zat bolsa ýazyp-ýazyp, biz ýalylara ýazara zat galdyrman gidensoň, ondan soň türkmençeläp kim, näme ýazsa-da Magtymguly ýazan ýaly bolup durda-how, jan agalar,-diýibem naýynjar jibriner.
Töweregi gallap oturan märeke bolsa, olaryň bi gürrüňine iň bärkisi gülüşmezem. Sebäbi şol öňki özara gowur-gybatlaryna gümra, onuň arasynam kesmän dowam edip oturandyrlar.
Onsoň Oratdy aga ýene birsellem sesini çykarman oturar-oturar-da, bary-ýogy ikije ýyl gulluk edenem bolsa, Hojamät aganyň ýüz ýyllap hekaýat edip berse-de çärýekçe gowzamajak gulluk gürrüňlerinden ünsüni sowup, ýene depderine ýapyşar:
-Hany adamlar, geliň bir goşgy okaýlyň-la!
Ýene şol öňki sanawaja çalymdaş sarnamaly okaýyş.
Ýene Oratdy aganyň goşgusam, özem hiç kimiň piňine dällik ahwalaty.
Ýene özara gybat...
...Oratdy aganyň gözgyny höwesine, nalajedeýin hyjuwyna gögele oglanlykda juda dözmezdim. “Dile geldi, bile geldi”, aýdaýyn: Soň-soňlaram özümiň ýazýanymy, ýazanlarymy çap etdirýänimi on ýyldanam gowrak, deň-duşlarymdan, obadaşlarymdan, garyndaşlarymdan... gizläp, hiç ýerde bu barada kelam agyz dillenmän gezenimiň baş sebäbem, şol Oratdy agaly, hiç kese gerekmez şygyrlary gözgyny okaýyşly sahnalar boldy.
Häzirem jemagatyň arasyna baryp, edebiýat, taryh, hukuk aňyýeti, dünýäniň manysy we ş.m., we ş.m., puldur wejera gybat bilen bagly däl, “näwajyp” zatlar barada atdanlykda kelle gyzyp söz açdygyň, adamlaryň şol Oratdy aganyň goşgy okanyndaky ýaly piňine dällikli özlerini alyp baryp başlaýyşlaryna gaty bahym gözüň düşýär. Onsoň derrew öz jylawyňdan özüň çekäge-de, säwlikde joşan göwnüňe gulp urup, örän tiz lal açmaga howlugýaň...
Soňam şo taýdan güm bolýaň.
Keýpim kökkä “özüni bilen welisiräp” öz-özüme: “meniň psihotipim: introwert mizantrop” diýen bolýan. “Bizkiçeleseňem bu bolýar: “içimtap garasöýmez”...”.
Çyndanam mizantroplykmy, ýagny garasöýmezlikmi bü?
Ýa köpüň içindäki ýalňyzlyk?
Ikisem...
Üçüsem. Bäşisem.
Hemmesem...
***
Oratdy aga bilen bagly hakydama ýelmeşip galan ýene bir wajyp ahwalat, ol üýşmek-çaşmaklarda, meýdan düşelgelerinde oturanlar diňlesin-diňlemesin, ähmiýet bersin-bermesin, öz durmuşyndan, il-günden eşidenlerinden gür bermegi halardy. Onuň bu gürrüňçilligem köplenç boş ýaňralyk ýaly bolup görünýän bolmagam ahmal. Käteler onuň öz deň-duşlaryndan dommarak garrylaryň biri:
-Oratdy, başgalara gezek bermän ýöne lakgyldap otyrsyň-la! Diýýäniňi diňleýänem-ä ýok,-diýip onuň al-petinden aljak bolardy. Emma zanny-tebigaty ýumşakdan göwnaçyk, hemme zady başardygyndan haýra ýorýan pahyr, özüne oklanan bi teýeneli gatyrganma asla öýkelemezdi. Gaýta hoşamaý gülümsirärdi-de:
-Men bir ömürboýy üýşürip gelenlerimden bilenjelerimi aýdaýyn... Alsalar almasalar galanynam owal-a Ýaradan, onsoňam diňleýänleriň özleri gowy bilýändir-le,-diýip aňrybaşy pespäl jogap bererdi.
Umuman, misil tutarlyk derejede ýagşy ynsan eken bende – Imany hemra, jaýy Jennet bolsun-da, ylahym!
Ine şu ýygyndyda jemlenen mesawy gürrüňler, wakalardyr pikirlerem, Oratdy aga pahyryň aýdyşy ýaly, meniň şunça ýyl durmuşda toplap gelen, indem özgeler bilen paýlaşmak isleýän bilenjelerim...
© S.Ataýew. Bilenjelerim... Durmuşy esseler ýygyndysy. – Aşgabat, 2026.

Teswirler (0)
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň
Entek teswir ýok. Ilkinji bolup ýazyň.