Düýn.
Dynç güni – ýekşenbe.
Sagat 21:55.
Ýigrimi ýyl bäri şol bir işde işlenilip ýörülendigine garamazdan ýaga depjek ýaly, kellede ertirki işiň aladasy. Her ýekşenbeden soň allajy deý ýetip gelýän duşenbäniň kölegesine garşy hyýaly-howatyrly garanjaklap, ine şeýdip, “ýar gujagy bu jennetdir” diýilýän ýekşenbäniň soňky sarkyndylaryndan ganyp bilmän “şirpildeden” bolup ýatmagyň özem, hem-ä hunaba, hemem eşret.
Ýaňy toýdan gelip, süýnüp ýatyryn.
Sebäbi ertir iş.
Elimde smartfon.
Atam-babamdan miras galan rahatlyk zolagymda deňiz tolkunlarynyň kenara zyňan çalajan meduzasy deýin mum-helim bolup ýatyşyma, bir gözüm bilen saýtda goýlan rahatlyk zolagyndan nädip çykmalydygy hakyndaky makalany okaýan. Özümiňem şol bolup ýatyşyma rahatlyk zolagyndan çykmaga-ha beýle-de dursun, hatda ýerimdenem gymyldasymyň gelmeýändigini äşgär duýýan.
Sebäbi ertir iş.
Öýdäki, bir ädim beýlämde iş eşiklerimi ütükläp oturyşyna, erte-birigün eslije puluň iňňän derwaýys gerek boljak bolup ýatandygyny ýanjaýar. Şol bir manyny aňladýan sözlemlerde her gezek täzeden aýdanda sözleriňdir jümleleriň ornuny çalşyp öwran-öwran gaýtalap oturşyna-da, öňem şunuň ýaly bir zat eşitdigi mugtjak myrryhy tutup başlaýan gulagymy gazalaýar.
Nämemiş, atasy öýi tarapdan jan ýalyjak garyndaşlary ogluny öýerýärmiş. Özler-ä biz oglumyzy öýerenimizde iki müň manat toýgatanç getiripmişler. Ýöne, ynsan gatnaşyklary, hasam duz ýalyjak garyndaşlyk gatnaşyklary, bazardaky: “sen maňa, menem saňa” diýilýän, alym-berimi deňme-deň zatlar dälmiş-dä.
Olara-da: “ölüşiňize görä gömüşim” diýen ýaly edip, öz edenlerini edensiräp, samsyklyga salan bolup oňsaň, birneme gelşiksizräk boljakmyşyk-da.
Şonuň üçinem olara dört müň manatlyk toý gatanç etseň, hem-ä abraý, hemem garyndaşlyk sylagy, hemem sogap, hemem... Umuman, “Ýedigenim ýedi ýyldyz, sanasaň sogaby kän”, haýsy tarapyndan baryp yşyklasaňam ýaman gowy boljak bir zatlarmyşyk-da.
Şol müddetem saýtdaky şahsy habar nokadyna tanyş ýigitleriň birinden sowal gelip gowuşýar:
-Salawmaleýkim, agam. Agam, bir sorag bereýin-le: Näme üçin aýaly jaýlanlarynda bir garyş aşak gömýärler?!
Birbada bu soraga gülmäge bahana tapsa hezil edýän beýnim öz-özünden jogap tapdy-da, barmaklarymam öz-özünden şol jogaby ekranda ýazyp iberdi:
-“Yzyna çykaýmasyn” diýen ätiýaç bilen bolaýmasa :-).
Soňam ýene birneme oýurgandym-da, ýene habardaşa hat gönderdim:
-Sagat 21:55. Ýaňy toýdan gelip, süýnüp ýatyryn. Kellede ertirki işiň gaýgysy. Gelnejeň pul sorap gulagy gazalaýar. Sendenem inim, ine gelýän sorag. Tüýs şunuň ýaly soragyň wagty-laý :-).
Birdenem kelläme geldi. Gözümi alardyp henizem gürrüňiniň arasyny kesmeýän öýdäkä ýüzlendim:
-Şu pille oglanlaň biri ýaman erbet gyzyklanyp ýatyr: “Aýaly gömeniňde birdenkä yzyna çykaýmaz ýaly, bir garyş çuňrak gömseň gowy bolýar” diýýär. Eşitdiňmi, çynmyka şol?!
-Hiýh! Wiý, toba, toba... Bolýa gyz, bolýa. Şol öz edenlerini et-de, iki müň manat berseňem yrza biz. Özlerem indikiňde-de ilden üýtgeşik zat edesleri ýok-la. Beh, diýmedigimiz... :-)

Teswirler (11)
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň
Ýüklenýär...