Ejem,
sesine çen garran ejem!
Hüwdüsi-de,
gülküsi-de,
ýylgyrşy-da garran ejem!
Geçir, günälermi geçir,
Men — döremän geçen geçi.
Men, bar-a, şü —
eşek müneniň aýagy ýaly,
dek durmaýan dilim bilen
köp degýärin göwnüňe seň.
Men ýalynyň el-aýagyn güýläge,
Manjanykga salyp, atyp goýber-dä,
Daş atan ýaly,
Duşmanyň üstüne,
Serhetden aňry.
Ejesini öýkeledýän,
Men ýalynyň jezasy — şo!
Ejem!
Ak saçlaryn ýygşyrjagam bolmaýan mähri bar ejem!
Mähriban ejem!
Seni ak saçlaryň üçin
gowy görýärin.
Seni dişsizligiň üçin
Söýýän!
Hudaý saklasyn, hanha,
saçlaryn boýaýan ejelerem bar.
dişleri abatja ejelerem bar.
Ejem,
Düýäniň gözünden görünýän ýaly,
Kiçelip barma günsaýyn.
Gujaklaýyn, gujaklaýyn!
Hany, oşşaýyn, hany, oşşaýyn!
Ejem,
Wah, meň gözsüz-gulaksyz,
Diş-dyrnaksyz, dilsiz-agyzsyz ejem,
Gönümelligim üçin ötünç soramok.
Kakama meňzänim üçin
bagyşla!
© Laçyn Pürjäýewa
2009 ý.
*Suratda Mary welaýatynyň Ýolöten etrabyndan 100 ýaşly ene Oguldurdy Rozyjumaýewa. Surat emeli aňda bezeldi.

Teswirler (1)
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň
Ýüklenýär...