Bärde ýazyp başlanymy bir dost oglan bilýärdi, geçenki temany okap: "Hezil etdim.McM, hol nemäni ýazsana", diýdi. Men: "Neme näme? Näme ýazaýyn?", diýdim. Ýatlatdy, aý, ony ýazmaly diýsemem günüme goýmady. "Dost, garry adam-a ol, ol barada bir ýazmaly, ulylara sylag bolmasa bolmaz", diýdim. Dogrudan-da, men öz durmuşym barada ýazsam-da ýaýdanyp duramok, emma başga kişiniň durmuşy barada ýazmaryn, eger özi rugsat bermese. Ýöne wakada men hem bardym. Ol dost oglanam: "McM, ýaz sen, hem atam barada ýadygärlik bolar, men seniň ýazanyňy hemme maşgalamyza okatjak, soň-soňlaram okarys, ýatlama bolar", diýip bir gysym çigit, bir ştuk çilim berdi. Men çilimi otladym, çigidi jübime guýup, Al Paçino ýaly gözlerimi süzip, alyslara garadym. "Bolýa, bolşuna görä ýazaýyn, seret, soň biri akyllysyrap teswir ýazsa, özünden gör", diýdim. "Bolýa, degişmedir-dä, atam barada ýazylgy ýadygärlik bolar, kim näme diýse diýsin", diýip ýene bir gysym çigit we bir ştuk çilim berdi welin, derrew razylaşdym. "Başlaly onda, hol taýdan bir stul al-da, gel otyr, gürrüň bereýin, gadyrdan agza...".
Ol wagtlar puly boýunça 16 ýaşlydym men. Toýa bile gitmek üçin dost oglanyň öýlerine bardym. Aslyýetinde öýlerine barmaga-da çekinýärdim, sebäbi atasynyň maňa jyny düşüpdi. Maňa däl diňe, garryrak bolansoň adam pahyr ynjyk bolýar-da, agtyklarynyň ýanyna gelýän ýoldaşlaryny kän halanokdy. Men köplenç jynsy geýemsoň, baran wagtym: "Ors heleýi ýaly bolup, endamyňa ýelmeşip duran balak geýýäň", diýip gaharlanýardy. 5 wagt namaz okaýan, takwa adamdy. Öz agtyklaryna-da jynsy geýdirmeýärdi. Hawa, dost oglanymyň öýüne bardym. Atasam tapçanda oturan ekeni, salam berip öýe girdim, göwünli-göwünsiz salamymy aldy. Ýaşuly, sakgalyny sypalap, birzada diýdi, soňam, gowy zat diýmedigini bilýän. Men içeri girdim, dost oglanymyň ejesi, aýal dogany, ondan kiçi dogany we olaryň joralary bardy. Ýaşulynyň näme üçin tapçanda hasasyny ýere urup oturanyna şol wagt düşündim, ýylanyň ýigreneni narpyz diýlişi ýaly, öýi agtyklarynyň joralary we dostlary (birem men) dolydy. Dost oglanam ejesi bilen oturan ekeni. Soň geýinmek üçin turdy, seretseň hemme otaglar doly, birinde dogany we joralary, beýlekisinde kiçi dogany we joralary, bir otagam kakasy bilen ejesiniñ otagy, ol taýda-da kakasy bar, işläp otyr. Ýene bir otag bar, o-da atasynyň otagy. Eşiklerini geýmek üçin atasynyň otagyna girmeli boldyk, dost oglan geýjek eşiklerini alyp otaga girdi, menem yzyndan girdim. Şol otaga girip barýarkak, gurbanlykda damagy çalynjak goýun ýaly, erbet bir zat boljagyny ýüregim syzdy, alyslardan "Girme ol otaga" diýip nätanyş ses ýaňlandy, agaçlaryň ýapraklary şygyrdady, arassaja öýde 1 gysym gum tüweleý bolup asmana galdy... Otaga girenimizden soň, dost oglan, meň eşigime seredip, "McM, seň eşigiňi men geýeýin, meň eşiklerimem sen geý" diýdi. Şeýle bir zat bar dostlar, gyzlar toýa zada gitmänkaler joralaryna: "Köýnegim nähili, saçym nähili, köwşüm gowumy?" diýip soraýandyrlar, oglanlaram birden eşiklerini çalyşyp geýäýýärler şeýdip. Türsiginden we köwşünden başga hemme eşiklerini çalyşýarlar. Käwagt köwşem çalyşýarlar. "Razmerimiz deň, bolýa çalyşalyň" diýdim. Maňa-da üýtgeşiklik bolar diýip pikir etdim. Futbolkamy çykardym, jynsymy çykarmankam jübisindäki zatlary alyp, dost oglana berdim jynsymy. Ikmizem çykardyk eşiklerimizi, ýarym ýalaňaç, türsikli durys. Beýle zatlar bolmaýan ýagdaý däl, köle ýa basseyne gidemizde palto bilen gidemzoga, şu ýagdaýda ýüzýäris, ýürekde erbet zat ýok. Aý, ýaňy dostumyň maňa beren balagyny geýjek bolup egildim welin, gapy birdenkä açyldy, ýaşuly içeri girdi... Öñem-ä maňa aýtmadyk zady ýok welin, agtygy bilen meni ýarym-ýalaňaç görensoň özini ýitirdi. Gönimel ýanymyza gelip gygyryp ugrady, "Harrrrraaaamzaddalarrrr, meň namaz okaýan ýerimde, meniň otagymda nemedýäňizmi utançsyzlar, (men nemedýäňiz diýip sypaýyçylyk edýän, ýaşuly sypaýyçylyk etmedi, şol sözi ulandy) men bilýärdim şu oglanyň heleý ýalydygyny" diýip hasasyny salgap üstümize topuldy, Pearl Harbor-a çozýan Ýapon Lýotçikler ýaly. Men näme bolanyna düşünmän galdym. Türsikli bolsamam elim bilen bijaý ýerlerimi ýapýardym, dost oglanam eli bilen döşüni ýapýardy, hamana gyzlar hammamyna erkek giren ýaly. Ýaşuly gelip Gandalfyň hasasy bilen Aragonyň maňlaýyna urşy ýaly, hasasy bilen agtygynyň maňlaýyna urdy, "Men saňa şuň bilen tirkeşme diýip aýtmadymmy" diýdi. Men bolsa üstümden gaýnag suw guýlan ýaly boldum, dilim damagyma gitdi, çep gözüm öz-özünden awtomatiki gyrpylyp başlady, ýeňse damarym gatady. "Ýaşuly, bize ýalňyş düşündiňiz, bol-da, düşündirip bilseň düşündir-dä". Soň, ýaşuly hasasy bilen meni dürtip ugrady, "Indi şu öýe geläýme heleý balakly" diýýärdi. Men bolsa elim bilen eýlämi-beýlämi goraýardym, Hindistanyň türsikli polissiýalary ýaly alaçsyzdym. Ýaşuly bolsa "Güneş" grupbaň sakgally depçisi ýaly, hasasy bilen kä agtygyny, käte bolsa meni urýardy. Men "Eýý, ataňa ýagdaýy düşündirsene" diýip gygyrýardym, dost oglanym bolsa "Ataaaa, ejeeee, kakaaaaa, McMMMM gulagy agyrragow nädip düşündireýin" diýip gygyrýardy. Hasadan goranyp, aşak egilip balagymy geýmäge synanyşýardym, şol wagtam balak saýlaýardym, ýerden öz balagymy däl-de, dostumyň maňa geý diýip beren balagyny gözleýärdim. Iň soňunda, "Ýaşuly boldy et indi-i-i-i!" diýip gygyrdym. Gykylygymyza dost oglanyň ejesi bilen kakasam geldi. Zordan ýaşulyny äkitdiler, gidip barýarka-da bize: "G.berenleeerrrr, haramzadalarrrr!" diýip gygyrýardy. Ejesi gapyny ýapyp, biziň ýanymyza geldi. "Näme eden bolsaňyzam bol aýdyň, boýnuňyza alyň", diýýär. Bizem hasam geň galyp: "Hiç zat edemzok, eşigimizi çalyşýardyk", diýdik. Ejesi: "Bolýa, gidiň-de ýaşuly-dan ötünç soraň, garry adam-da, hemme zady ulaldýar, baryň ötünç soraň", diýdi. Bizem gitdik ötünç soradyk hiç zat etmesegem, "Ýaşuly biz g.beren däl, toýa gitmek üçin eşigimizi çalyşýardyk", diýdik. Hat-da men ynandyrjak bolup: "Ýaşuly, indi gaýdyp jynsy geýjek däl", diýip kasam etdim. Ýaşula ýalbaryp "Biz g.beren däl" diýip ýalbaryp durkak dost oglanyň doganlary we joralaram bize seredip durdylar, elýaglyk bilen agyzlaryny tutup gülüşýärdiler. Dost oglan bilen gürleşdik, keýp ýok, toýa gitmedik. Men öýe gaýtdym. Öýe gelip telewizory açdym, at çapyşyk bar ekeni. Ýalňyş düşünmäň, hakyky at çapyşyk, atly, çapyksuwarly zatly. 1-nji ýaryşda Mergen atly at, 2-nji ýaryşda Bazar atly at, pellehana ilkinji bolup geldi. 3-nji ýaryşda bolsa çapyksuwar bilen "Garry" atly at ýaryşdy, çapyksuwar ylgap pellehana atdan öň geldi. Telewizory öçürdim, soň näme boldy bilemok. Şol ýaşuly häzirem ýaşaýar, tüweleme, Allajan ýaşyň uzyn bolsun Kakabaý aga.
— McM, hawa ýazypsyň taň edipsiň. Ýöne many ýoga. Sapak alar ýaly zat ýok hiç...
— Saňa sapak gerekmi dost?
— Aý hawa, sapak alyp bolsa gowy boljak-da...
— Garaş häzir... Al. Al sapak bereýin saňa. Iñňesi bilen berýän saňa sapagy...
— Bu sapagy diýemoga men... Hakyky sapak...
— Iñňeden geçirmäkäñ tüýkiligiň bilen ölle. Aňsat geçer şonda...
— ??!!
— Ölle gowja edip... Nemet...

Teswirler (0)
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň
Entek teswir ýok. Ilkinji bolup ýazyň.