Ol çagalygyndan kireýine jaýda ýaşamagyň nämedigini gowy bilýändigi üçin, her näme-de bolsa, başyny sokara öz öýüniň bolmagyny isleýärdi. Çagalygynyň iň uly, iň çuňňur ýatlamalary kireýine alnan jaýyň birinden beýlekisine göçüşleri bilen baglydy. Her gezek göçenlerinde ejesidir kakasy hökman dawalaşyp, öýkeleşerdiler. Döwläýjek zatlar, gap-gaçlar düşekleriň arasyna, ýumşak ýerlere ýerleşdirilip, düwünçekler düwülerdi. Ejesi üç aýakly tagandan başlap, mangalyň tokurtgasyna, gazet kagyzyna dolanan balyk bişirilýän gözenegine çenli, ähli ownuk-uşak zatlary düwünçekleriň arasyna salyşdyrardy. Soňra öwseleler iki at goşulan araba ýüklenerdi. Ejesi bolsa henizem mas ýüklenen arabanyň ol ýerine, bu ýerine düýbi deşilen konserwa gapyrjaklaryna ekilen geranlary, karanfilleri, akwilegiýa güllerini sygdyrjak bolup ber-başagaý bolardy.
Şol goş basylan arabalar onuň ömürlik ýadynda galdy.
Her gezek göçülende hökman bir zat bolardy: ýa birnäçe tabak, çyra, bulgur döwlerdi, ýa-da zeýtun ýagy, sirke, şerbet guýlan çüýşeleriň dykylary açylyp, içindäki dökülerdi-de, egin-eşikleri, goş-golamlary zaýalardy.
— Garyplyk masgaraçylykla-how! — diýip kakasy gygyrardy.
Bularyň ählisi ejesi bilen kakasynyň täzeden dawa etmegine sebäp bolardy.
Täze öýe ýerleşmegiň özem aýry bir dertdi. Ýerleşip, ýaňy bir rahatlanaýjak wagtlary, ýa kireý puluny töläp bilmän, kazyýetdir ýerine ýetiriş edaralaryna düşerdiler. Polisiýa gelip, goş-golamlaryny köçä çykarardy ýa-da öý eýesi “özüm ýaşajak”, “öýi remont etdirjek” diýen ýaly bahana tapyp, olary öýden çykarardy. Istambulyň tas ähli künjeginde ýaşapdylar. Irki çagalygy Kasympaşada, soňra Üsküdarda geçipdi. Başlangyç mekdebe Süleýmaniýýede gidipdi. Üçünji synpy Aksaraýda, Jerrahpaşada, Şähreminide — üç aýry mekdepde okapdy.
Istambulyň haýsy mähellesine barsa-da, şol ýerdäki öýleriň birine dahylly hökman bir ýatlamasy bardy.
Kakasynyň sözleri hemişelik gulagynda galypdy:
— Bu dünýäde mekan, o dünýäde iman...
1930-njy ýylda liseýi gutaryp, özbaşdak durmuşa gadam basanda, ne ejesi bardy, ne-de kakasy... Kireý jaýda ýaşamagyň hupbatyny bilýärdi, şonuň üçin öz öýi bolýança öýlenmezligi ýüregine düwdi. Bäş ýyllap ýekeje geýimi bilen oňdy; çilim çekmedi, arak içmedi, kino-teatra gitmedi, gezip göwün açmady — keşiş (monah) ýa-da hindi sahyry (fakiri) ýaly ýaşady.
Bäş ýylyň ahyrynda iki müň lira toplap bildi. Onuň ýaly adam üçin bu az pul däldi. Şol döwürlerde müň lira-da öý satyn alyp bolýardy, ýöne oňa hödürlenýän çüýrük-çaryk öýleri almak islemeýärdi.
“Bir arsa (mellek ýer) satyn alyp, üstünde öz göwnümdäki öýümi guraryn” — diýip arzuw edýärdi.
Ol deňziň kenarynda, owadan manzaraly, giň bakjaly, uly şaýola ýakyn bir öý isleýärdi. “Bolanyna görä gowusy bolsun” diýýärdi. Isleýän ýerinde, gözleýän şertlerine laýyk iki arsa tapdy. Birine üç müň, beýlekisine bolsa üç müň bäş ýüz lira soraýardylar. Hatda müň lira-da has giň arsalar bardy, ýöne onuň isleýän şertlerine laýyk däldi.
Ýene biraz wagt pul toplamaly boldy.
1937-nji ýylda ýygnan dört müň lirasyny kisesine saldy. Indi göwnündäkidenem gowy arsa alyp biljekdigine ynanyp, gözlege çykdy.
Öň arsa üçin üç müň bäş ýüz lira soran ýerine gitdi. Ol ýeriň ýarysy satylypdy, üstüne-de bir haşamly jaý (willa) gurlupdy. Galan ýarysy üçin indi bäş müň lira soraýardylar.
Soňra “üç müň lira” diýen arsasyny almana gitdi. Ol ýer üçin indi alty müň lira soraýardylar.
Özüne iň az ýaran, öň: “müň lira” diýlen ýer üçin indi dört müň bäş ýüz lira soraýardylar.
Puluny banka goýdy. Öňküsinden has tygşytly boldy. Aýakgabynydyr egin-eşigini ýama üstüne ýama edip geýdi.
Indi deňziň kenaryndaky arsadan ýüz öwrüpdi. Şäheriň gowy bir ýerinde arsa gözleýärdi. Arsany aljak, öý gurdurjak, goş-golam edinjek, öýlenjek, çaga-çugasy boljakdy.
1943-nji ýylda bary-ýogy bäş müň lira toplap bilipdi. Näçe özüni gysyp ýaşasa-da, gymmatçylyk zerarly mundan köp pul toplap bilmändi.
Öň dört müň lira soran arsasynyň üstünde dört öý gurlupdy, diňe bir bölek boş ýer galypdy. Bu ýer üçin hem alty müň lira soraýardylar.
Bireýýamdan bäri şäheriň içinde arsa almakdan ýüz öwrüpdi. Şäheriň çetindäki ýere-de kaýyldy. Ýöne hany, nirede?
Indi ol tygşytly däl-de, husyt, gysganç birine öwrülipdi. Iýmän-içmän, pul üstüne pul ýygnaýardy.
Wezipesi ýokarlanypdy. Aýlyklaram ýokarlandy. Indi eline öňküsinden has köp pul düşýärdi, emma 1950-nji ýyla çenli bary-ýogy ýedi müň lira toplap bilipdi.
Ýedi müň lirä arsa? Gülüşýärdiler. Şäheriň çetiniň çetindenem bir öýlük däl, hatda bir külbe gurarlyk arsa-da bu pula satylmaýardy.
Mundan ozal iki müň liradan satlyga çykarylan şol ýeriň ýigrimiden bir bölegi boş, satlykdy. Ol ýer üçinem kyrk müň lira soraýardylar.
Ýer satyn alyp bilmek üçin has köp pul ýygnamakdan başga alajy ýokdy. Täze bir hujyw bilen pul ýygnamaga başlady. Hatda öýüniň meýilnamasyny-da çyzyp goýupdy. Içinde hem alaturka, hem-de alafranga daşhanasy (daşky we içki hajathanasy) boljakdy. Bir ýatyşhana otagy, bir myhman otagy, bir naharhanasy, bir salon, bir otag-da çagalary üçin... Bäş otag isleýärdi. Owal öýüniň iki gatly bolmagyny islese, indi bolsa matlabyny üýtgedipdi. Indi garrapdy, bir gatly, basgançaksyz öý kem däldi.
1954-nji ýylda on müň lira toplapdy. Istambuly elekden geçirip, ýer gözledi. Elindäki pula diňe Çekmeçe ýa-da Kartal depelerinde bir ýer tapyp bolýardy.
Ýene biraz dişini sykyp, ýene biraz kemerini gysyp, pul ýygnamalydy.
Bir arsa alsa, üstüne-de bir öý... Bäş otagdan el çekdi, bir alaturka, bir alafranga daşhanadan-da el çekdi. Ýekeje otag bolsun, başyny sokara ýeri bolsa ýeter... Öýüni galdyrar-galdyrmaz, ilkinji etjek işi öýlenmek boljakdy.
1956-njy ýylda pensiýa çykdy. Indi alýan pensiýasy bilen näçe az iýip-içse-de, pul toplap biljek däldi. On iki müň lirasyny aldy. Ýigrimi alty ýyllyk zähmetiniň teňňeme-teňňe ýygnap gazananynyň netijesi ine, şu on iki müň lirady.
Ne şäheriň içinde, ne şäheriň daşynda, ne deňziň kenarynda, ne dag başynda bu pula arsa ýokdy.
Arsa gözlemekden ýaňa ýene ýigrimi ýyl garrapdy. Kakasynyň sözleri gulagynda ýaňlanýardy:
— Bu dünýäde mekan, o dünýäde iman...
Bu dünýäde mekan galmandy. Indi o dünýä seretmelidi.
Bir agşam arsa gözlemekden ýadap-aryp gaýdyp gelýärkä, ýoluň ugrunda bir gonamçylyk gördi. Içeri girdi. Bu ýer nähili ajapdy! Edil hyýalyndaky öýüň bakjasy ýaly owadan bir bakja: güller, çemenlik, ýaşyl otlar... Arassa ýaşyllygyň, reňbe-reň gülleriň, bägülleriň arasynda mermer mazarlary görende:
— Adamyň şu owadan mazarlaryň içine derrew giräýesi gelýär! — diýip, hüňürdedi.
Barybir, bir gün öljek dälmidi? Ine, şu ýerden bir mazar ýeri satyn almaly, dirikä isleýşi ýaly bir mazar gurdurmaly.
Gonamçylyk bir depede, deňze bakyp durdy. Seleň serwileriň kölegesinde ebedi uka gitmek ýaşamakdan has gowudy.
Ertesi gün derrew Gonamçylyklar müdirligine ylgady. Özüne bir mazar ýeri satyn aljakdy.
— Siziň isleýän gonamçylygyňyzda boş ýer ýok! — diýdiler.
Emma islese, başga bir gonamçylykdan ýigrimi müň lira gowy görnüşli bir mazar ýeri satyn alyp biljekdigini duýdurdylar.
Utanyp:
— Has arzanrak, maňa laýyk bir ýer ýokmy? — diýdi.
Bardy: on bäş müňe, on iki müňe, on müňe-de bardy.
Oýlandy... Ýer meselesinde tejribesi bardy. Ertir mazarlaryň bahasy-da uçup gider, bu pula mazar ýeri-de tapylmaz. Şol günüň özünde resminama işlerini resmileşdirdi-de, mazar ýerini görmän satyn aldy.
Soňra gidip gördi. Ýapyk, manzarasyz, döwük-saçyk mazardaşlarynyň arasyndaky bir ýer. Ýöne ol muňa-da begendi. Gözleri ýalpyldady:
— Oooh, bu ýer meniňki! — diýdi. Indi ol her gün, öňler işine gidişi ýaly, ir säher bilen mazaryna gelýär, ahyry bir ýer eýesi bolmagyň buýsanjy bilen bu ýerde oturýar, ýabany otlary arassalaýar, getiren güllerini ekýär we edil öz mekanyna gowuşjak gününe hesret bilen garaşýar.
Eziz Nesin
*Arsa – mellek ýer, ýer şahamçasy, meýdan
**alaturka daşhana – gündogar ýurtlaryna mahsus unitazsyz daş hajathananyň türkçe atlandyrylyşy.
***alafranga – günbatar ýewropa ýurtlaryna mahsus unitazly öýüň içinden gurulýan tualetiň türkçe atlandyrylyşy.

Teswirler (1)
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň
Ýüklenýär...