Enäni "däliräpdir" diýip, lukmanyň ýanyna getiripdirler.
— Soňky döwürlerde örän gaharjaň boldy. Hemme zada gygyrýar, aglaýar, çagalara takaty galmady! — diýip, äri zeýrendi.
Aýal bolsa dymýardy, ellerini dyzlaryna berk gysyp oturşyna, barmaklary sandyraýardy. Ol edil häzir aglajak ýaly däl-de, bölek-bölek bolup dargajak ýaly görünýärdi.
Lukman öňündäki kagyzlara göz aýlady. Soňra başyny galdyryp aýala däl-de, kaka tarap öwrülip:
— Size bir sorag berjek — diýdi. — Siz öýüňizde kakamy ýa-da myhman?
Adam geň galyp:
— O nähili? Men işleýärin, öýe pul getirýärin... — diýip, öwrenişilen adaty bahanalara ýüzlendi.
Lukman başyny atdy:
— Hmm, gaty gowy. Onda aýdyň, çagaňyzyň iň soňky gezek haçan gyzgyny galandygyny bilýärsiňizmi?
Adam sägindi:
— Beýle zatlary aýalym bilýändir... (Hany, şeýle ynanyş bara: "her bir aýalyň borçlary").
— Çagaňyzyň arassaçylygyna iň soňky gezek haçan üns berdiňiz?
Adam ýylgyryp, özüni goramaga geçdi:
— Lukman, men agşamlaryna öýe örän ýadaw gelýärin!
Lukman elindäki galamy stoluň üstüne goýdy-da:
— Bolýar, onda maňa aýdyň şu öýde hiç ýadamaýan biri bardyr öýdýärsiňizmi? Gije çaga oýananda kim turýar? Mekdebindäki meselelerini kim yzarlaýar? Sowadyjyda nämäniň kemdigini kim bilýär? Çaga gorkanda ilki kime ýüzlenýär, kimiň gujagyna ylgaýar?...
Adamyň sesi peseldi. Jogaplar bokurdagyna düwüldi. Lukman bu gezek aýala tarap öwrüldi:
— Hanym, siz näsag däl. Siz tutuş bir maşgalanyň agyr ýüküni egniňizde ýeke özüňiz göteripsiňiz. Siz ýalňyz galdyrylypsyňyz.
Adam ilkinji gezek ýanýoldaşyna başgaça garady. Ýöne bu gezek "näme üçin beýle bolduň?" diýen sorag bilen däl-de"men şol wagtlar nirededim?" diýen ökünç bilen seretdi.
Bir öýde kaka bolmak — agşam işden gelip, aýakgabyňy çykaryp, diwanda gyşarmak däldir. Kaka bolmak — durmuşyň ähli ýüküni maşgalaň bilen deň paýlaşmak, her pursatda bile durmakdyr. Ýogsam, siz hakyky kaka bolup bilmersiňiz, diňe öýe wagtly-wagtynda gelip-gidýän bir myhman bolarsyňyz.
Aýal şol gün lukmandan hiç hili derman ýa-da maslahat almady, ýöne ilkinji gezek biri onuň çekýän agyr ýüküniň adyny tutupdy. Käwagt bolsa adamy bejerýän we halas edýän zat hut şu bolýar.

Teswirler (12)
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň