Sizem ýakyn wagtlarda bir ýazgyny okap, sebäbini dessine düşündirip bilmeseňizem “Hawa-la, muny emeli aň ýazypdyr ahyry” diýensiňiz, dogrymy?!...

Hawa, emeli aň (EA) gün geçdigiçe biziň durmuşymyza, çuňňur ornaşyp barýar. Dogrysy, EA bu babatda bizden rugsat sorabam duranok. Göwni bir ýaly. Edil öýüň gapysyny kakman, duýdansyz içeri girip, törde aýbogdaşyny gurap oturan çagyrylmadyk, geň myhman ýaly.

Emeli aň tehnologiýasynyň düýp özeni, işlenip taýýarlanan modelleriniň ynsan aňyny öýkünmeklik, edil şolar ýaly meňzeş başarnyklary görkezmekden ybaratdyr. Biziň häzirki ulanýan ChatGPT, Claude, Gemini, DeepSeek, Kimi, Copilot, Grok ýaly EA modellerimiz uly dil modelleri (large language model - LLM) diýlip atlandyrylýar. Şol uly dil modelleriniň baş maksady - ynsan aňyny hutma-hut öýkünip bilmekdir. Şol modeller ynsan aňyny nusga edinip işlenip düzülýär.

Menem, soňky bir ýyldan gowrak wagt bäri, bu täze tehnologiýa barada içgin okaýaryn, öwrenýärin. Başardygymdan işde özdeşdirýärin. Bu gezekki ýazgymda düýn gözüme ilen, täsin ylmy iş barada durup geçmekçi.

Siz hem bu makalany ahyryna çenli okap çykanyňyzda soň, indiki gezek emeli aň arkaly ýazylan, hekaýa, makala, eser okan mahalyňyz, edil ýokarky ýaly “öýkünjeň emeli aň, ele düşdüň!” diýersiňiz.

Bu gezekki gürrüňimiz emeli aň (EA) arkaly ýazylan gysga göwrümli hekaýalar barada. Maryland uniwersitetiniň (ABŞ) hem-de Google-iň DeepMind kompaniýasynyň işgärleriniň bilelikde geçiren ylmy barlagynyň netijeleri geçen aý çap edildi. Olar, ynsan tarapyndan ýazylan on müňden gowrak hekaýalary seljerip, öňdebaryjy bäş sany EA modellerine (ChatGPT, Claude, Gemini, DeepSeek, Kimi) tabşyryk (prompt) berip, altmyş müňden gowrak, meňzeş mazmunly hekaýa ýazdyrypdyr. Geliň, ylmy barlagyň netijelerine bilelikde ser salalyň.

Geçirlen iş ynsan tarapyndan we EA arkaly ýazylan hekaýalary gurluş, wakalaryň beýan edilşi (sýužeti), elementleriň ýüzleý/çuňňur düşündirlişi ýaly birnäçe ugurlar babatda deňeşdiripdirler.

Şeýlelikde, ilkinji tapawudy, ynsan tarapyndan ýazylan hekaýalaryň döredijilik taýdan köpdürliligi bilen EA arkaly ýazylan hekaýalardan tapawutlanypdyr. EA arkaly ýazylan hekaýalar, ulanylan bäş modeliň (ChatGPT, Claude, Gemini, DeepSeek, Kimi) ählisinde umuman meňzeşlik görkezipdir. Hawa, ynsan beýnisini nusga edinip, oňa öýkünmek maksady bilen işlenip düzülen EA modelleri, häzirlikçe, öýkünjeň, emma, ynsan aňy ýaly kämil derejede däl.

Işiň beýleki netijesi şeýleräk: her EA modeliniň özüne mahsus aýratyn taraplary orta çykypdyr. Claude-yň ýazan eserleri birsydyrgyn, wakalary adaty äheňde beýan edip, hekaýaň ahyry asuda ýagdaýda tamamlanypdyr. ChatGPT bolsa, eserde gep-gybaty has köp ulanypdyr we wakalary garaşylmadyk öwrümler bilen baýlaşdyrypdyr. DeepSeek eýýäm hekaýaň başynda wakalar barada has anyk beýany okyja ýetiripdir. Kimi modeli bolsa orta taply, göze ilmeýan hekaýalar bilen EA modelleriniň arasynda ortada özüne ýer edinipdir.

Bir söz bilen aýdylsa, Claude – içgysgynç, ýüregiňi gysdyrýan adam; ChatGPT – gybatkeş, erni ýirik adam; DeepSeek - çürt-kesik, açyk gürleýän adam; Kimi – göze ilmeýän, orta gürp adam.

Geçirlen ylmy işde işlenip düzülen StoryScope atly ýörite model, EA tarapyndan ýazylan hekaýalary tapawutlandyrmakda 93% oňyn netije görkezipdir. Meniň pikirimçe, ylmy işi geçiren işgärleriň ýazan bu modeli esasanam çaphanalar, Amazon ýaly kitap satýan dükanlar üçin örän peýdaly bolardy.

Ylmy işiň ýene bellemeli netijeleriniň biri hem, EA-nyň ýazan hekaýalarynyň adamlaryňka garaňda bar bolan birnäçe tapawutlarydyr. EA hekaýadaky bir zady gereginden artyk, çendenaşa köp düşündirýär; EA filosofiki çekişmeler üçin söhbetdeşligi has ýygy-ýygydan ulanýar; EA-nyň sýužetleri has tertipli; EA duýgylary fiziki hereketler arkaly beýan edýar, adamlar bolsa hekaýaň içinde diňe duýgyny atlandyryp geçmek bilen çäklenýär; EA-nyň hekaýalarynyň gahrymanlary adamlaryňka garanyňda ahlak taýdan has pes derejede ekeni. Görşüňiz ýaly, köp babatda tapawutlar ýüze çykypdyr.

Ýadyňyzda bolsa, üç gün öňki ýazan “Hakyky aňyň emeli aň hakdaky pikiri” atly makalamda emeli aňyň kitap, çeper edebiýat we çaphana işine ýetirýän ýaramaz täsirleri barada hem durup geçipdim. Ýeri gelende, sözümiň üstüni ýene bir-iki mysal bilen ýetireýin. Şu ýylyň mart aýynda dünýäniň iň iri kitap çap edýän kompaniýalaryň biri bolan Hachette kompaniýasy “Utanjaň gyz” (Shy girl) atly gorky žanrynda ýazylan romanyň 78%-niň EA arkaly ýazylandygny anyklapdyr. Şeýle-de, Amazon-da ýerleşden kitaplaryň arasydan gabatgeldi saýlanan 14000 kitabyň 20%-niň aglaba böleginiň EA arkaly ýazylandygy ýüze çykarylypdyr.

Şu aşakdaky grafikde, ynsan we bäş sany öňderajy EA modeli tarapyndan ýazylan hekaýalaryň deňeşdirmesi görkezilýär. Görnüşi ýaly, eseriň seýreklik persentil görkezijisi taýdan ynsan aňy EA-dan özboluşly tapawutlanýar. EA modellerinde bolsa meňzeşlik bar.

(Çeşme: "StoryScope: Investigating Idiosyncrasies in AI Fiction" atly ylmy iş. Awtorlary: J.Russell, R.Rajendhran, C.M.Pham, M.Iyyer {University of Maryland} and J.Wieting [Google DeepMind])

Bu ylmy işi şeýle-de, EA-nyň ynsan aňyny heniz kämil derejede, kemsiz öýkünip bilmeýändigni hem açyp görkezýär. Dogry, täze modeller bilen yzygiderli üsti ýetirilýän EA kämilleşýär. Muňa garamazdan, ynsan aňynyň döredijilik we özboluşlylyk ýaly başarnyklaryny kemsiz edip bilmegi üçin EA ýene-de azyndan kyrk tamdyr çörek iýmeli bolar. (Belkem ýüz tamdyr çörek iýer).

Görşümiz ýaly, emeli aňyň soňky ýyllarda çap edilen kitaplara, gazet-žurnallarda ýerleşdirilýän makalalara ýaramaz täsiri barha ýitileşýär. Okyjy hökmünde, her birimiz öz halaýan žanrlarymyz babatda elbetde talapkär bolmalydyrys. Emma, muňa garamazdan, kitaplaryň we makalalaryň awtorlary eger-de öz aňyna, döredjilik ukyplaryna doly ynam bildirmegiň ýerine, EA ulanmaga ýüz ursalar, onda bu olaryň işiniň hilini peselder.

Indiki gezek, täze kitaby eliňize alyp okap başlanyňyzda, ýa-da Internet giňişliginde ýazylan hekaýa, blog ýaly kiçi göwrümli eserleri okanyňyzda, olaryň ynsan aňy ýa-da emeli aň bilen ýazylandygny saýgarmak siziň üçin has aňsat bolar diýip umyt edýärin.

Siziň ähliňize sap ynsan aňynyň ýazan kitaplaryny, makalalary hezil edip okamaklyk miýesser etsin.

Ýeri gelende belläýin, şu okaýan ýazgyňyz hem sap ynsan aňy arkaly ýazyldy. (emeli aňyň goşandy – 0%).

Sag-salamat galyň.

 

*BELLIK: Bu ýazgyda ýerleşdirlen surat emeli aň bilen taýýarlanyldy. Emma, bu ýazgyň teksti ýazylanda emeli aň tehnologiýasyndan hiç-hili ýagdaýda peýdalanylmandygny aýratyn nygtamak isleýärin. Bu ýazgy, başdan-aýak bir oturyşda ýazylyp, size ýetirilýär. Ýazgydaky ähli grammatiki ýalňyşlyklar; forma taýdan säwlikler; wakalaryň gowşak beýan edilşi; kemterräk gelýän ýerleriniň jogapkärçiligi maňa we diňe maňa, ýagny awtora degişlidir.