Bellik: Ýüregiňiz ýuka bolsa,okamak maslahat berilmeýär.
@Resul agzaň "Seher" makalasyny okamsoň ýazaýyn diýdim.
+×÷=
Käbir adamlaň ady ýurt senenamasynyň sahypalaryna "gahryman" diýlip ýazylýan bolsa,käbiriniňkem "hiç wagt bitmeýän ýara" hökmünde ýazylýar. İne şular bolsa, Türkiýäniň ýakyn taryhynda Özgecan Aslan, Aýşenur Halil we Ikbal Uzuner aralarynda dokuz ýyl geçenem bolsa,şobir garaňkylygyň durmuşdan goparan, yzynda millionlarça adamyň ýüregini daglaýan ümsümlik we tükenmeýän adalat gözlegini galdyran, üç ýaş gyzyň adydyr.
Olaň hekaýasy diňe bir şahsy betbagtçylyk bolman,eýsem ýarym galan ýaşlygyň, öýüne sag-aman dolanmak ýaly iň esasy hukugy elinden alnan aýal-gyzlaryň we jemgyýetiň umumy wyždanynda ýaňlanýan perýadyň hekaýasy.
Ähli zat 2015-nji ýylyň 11-nji fewralynda, Mersin'iň Tarsus etrabynda başlanýa. Özgecan şolwagt 20 ýaşynda Çag uniwersitetiniň Psihologiýa bölüminiň birinji ýyl talyby. Adamlara ýakyn durmagy, olaň ýaralaryny bejermegi arzuw edýän, gözleri umyt bilen parlaýan ýaş gyz. Ýagyşly fewral gününiň birinde jorasy bilen söwda merkezine gidip, agşamara öýüne dolanmak üçin kiçi awtobusa (minibusa) münýä. Jorasy düşenden soň ulagda ýeke ýolagçy bolup galanda, ykbalyň garaňky ýüzi bilen ýüzbe-ýüz bolýa. Sürüji Ahmet Suphi Altındöken'iň ulagyny çola ýere sürmegi bilen başlanan elhençlikde, Özgecan özüne garşy edilen jynsy zorluga iň soňky demine çenli boýun egmeýär. Sumkasyndaky burç gazyny sepip garşylyk görkezýä, dyrnaklary bilen sürüjiň ýüzüni gara gana boýaýaa.Ýöne welin adamkärçilikden nesibesi bolmadyk şol eller ony ilki demir taýak bilen urup,yzyndanam pyçaklap ömürden aýyrýar. Şol suratdaky ýüzüni kasamhoruň ýüzi ýaly edip oturan jenaýatçyň wagşylygy muň bilenem gutarman, ol kakasy Nejmettin Altındökeniň we dosty Fatih Gökçäniň kömegi bilen subutnamalary ýok etmek üçin Özgecanyň ellerini kesip, bedeninem ýakyp bir derýa hanasyna taşlaýar.
Iki günläp dowam eden gözleg netijesiniň soňy Özgecanyň 13-nji fewralda tapylan jansyz bedeni bilen ornuny söz bilen beýan edip bolmajak ýasa berýä. Türkiýe şo gün bir ýürek bolup aýaga galdy; millionlarça aýal-gyzlar gara geýnip köçelere çykdy, «Özgecan üçin gara geý» we «Senem gürrüň ber» diýen sesler gögüň ýüzüni lerzana getirdi. Hukuk göreşiniň netijesinde üç jenaýatkär hem agyrlaşdyrylan ömürlik azatlykdan mahrum etmek jezasyna höküm edildi. Emma ylahy adalat we jemgyýetiň wyždany jenaýatçyň yzyny türmede hem goýmaýar. Jenaýatdan 14 aý geçensoň, 2016-njy ýylyň 11-nji aprelinde Adana F görnüşli türmesinde başga bir tussagyň ýaragly hüjümine sezewar bolan Ahmet Suphi Altındöken ýüreginden we öýkeninden ok degip Hudaýyndan tapýar. Şeýle-de ol ölende ne Tarsus, ne-de Mersin häkimlikleri oň jesedini kabul etmeýä, hiç bir ymam jynaza namazyny okatmaýar, osaň ençeme günläp jesethana otagynda galan bedeni hiç kimiň gatnaşmadyk gizlin bir çukuryna jaýlanýa. Özgecanyň bolsa adyna Özgecan Aslan Gyz Talyp Umumy Ýaşaýyş Jaýlary, kitaphanalar, psihologiýa laboratoriýalary açylýar; Mersiniň iň uly meýdançasyna Özgecan Aslan Parahatçylyk Meýdançasy ady dakylýa we aýal-gyzlara garşy jenaýatlarda jeza ýeňillikleriniň aýrylmagy üçin «Özgecan Kanuny» başladylýar. Şeýle-de gyzymyz üçin,her ýylyň
11-nji fewraly, jemgyýetçilikde we sosial ulgamlarda «Özgecan Güni» hökmünde hatyralanýar.
*
Senenamalar 2024-nji ýylyň 4-nji oktýabryny görkezende bolsa İstanbul gündiziň gününde bolup geçen iki täze ýitgi bilen garşylaşýa.
Bu gezek entek 19 ýaşynda, ömrüniň baharyndaky Aýşenur Halil we Ikbal Uzuner şol bir günüň dowamynda, bary-ýogy ýarym sagat aralyk bilen durmuşdan goparylýar. Olary nyşana alan garaňkylygam 19 ýaşly Semih Çelik diýilýån oglanjyk. Sagat 15:30 töwereginde,söýgülisi diýlip aýdylýan Aýşenur Halili ,Eýüpsultandaky öýüne çagyran jenaýatçy, ýaş gyzyň bokurdagyny kesip öldürýär. Elindäki gan guramanka Fatihe geçen jenaýatçy sagat 16:00-da öňki klasdaşy Ikbal Uzuner bilen taryhy Edirnekapy diwarlarynda duşuşýa. Şäheriň merkez ortasynda, asyrlyk daşlaryň üstünde Ikbaly wagşylarça öldürenden soň, İkbalyň bedenini böleklere bölüp,kellesinem galaň diwaryndan aşak taşlaýar. Yzyndanam özüniň boýnuna geçiren ýüpi bilen diwardan böküp, jenaýatçam öz janyna kast edýär.
Derňew işleri geçirlensoň, jenaýatçynyň psihologik bejergi geçmişiniň bardygy, bir ýyl öňünden Ikbala garşy howply we haýbat atyjy galam suratlaryny öz içine alýan wideolary ýazga alandygy, Ikbalyň maşgalasynyň bu biynjalyklyklardan habarly bolup, gyzlarynyň mekdebini hem çalşyrandygy ýüze çykýar. Üstesine-de, jenaýatçynyň telefonynda we kompýuterinde geçirilen barlaglarda zorlugy we aýal duşmançylygyny öwýän ýapyk habarlaşma toparlary (Discord we Telegram) bilen baglanyşygynyň bardygy anyklanýar. Jenaýatçy öz janyna kast edendigi üçin jenaýat işi ýapylsa-da, Ikbalyň Edirnekapy Şehitligine jaýlanmagy we Aýşenuryň topraga berilmegi mahalynda göterilen perýatlar uniwersitet howlularyndan,Edirnekapy diwarlarynyň öňüne daşan müňlerçe ýaşyň gözýaşlary bilen birleşýär...
Maglumatlary toplap,terjime edip size ýetiren @Ejegyzzz

Teswirler (1)
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň