Gürleme...
Ursalaram gürleme,
öldürselerem gürleme.
Arzyň aýtma hiç kime,
içiň dökme hiç kime.
Eger gitmeli bolsaň güme,
lam-jim bolup,
siň tükeniksiz tüme.
Lal aç!
Dil gerek däl adama.
Lal aç!
Ýüregiňe s...çarlar.
Paş edip iň eziz syryň,
iň ejiz syryň
ýaýyp bu gybatgär äleme,
Iblise ýol açarlar,
bäbek kalbyň törüne.
Gürleme...
Gaýgyň-şatlygyň,
ynanjyň-bagtyň,
matlygyň,
nesýäň hem nagtyň,
kynlygyň-aňsatlygyň...
Dymyp äkit görüňe.
Bil,
ejeň-kakaňdan özgä,
gerek dälsiň,
gerek däldir,
hiç zadyň.
Ne özüň, ne çagalaň,
ne ýagşy adyň,
ne abraýyň...
Hemmesini her kes,
dem ýylynmak üçin,
odun edinmäge taýyn...
Owal Alla,
soň iki garabagryň,
ýene nazar salsa Rebbim,
çagalaňdyr aýalyň...
...Başga hiç kes üçin,
hatda dogmasynam
Günüň hem Aýyň...
Şonuň üçin, gürleme.
Owadan gepiň albaýy,
aýlanda gözüň-başyň,
çyndyr öýdüp çöwrülme,
erk et sämän seriňe.
Şol müddet terezä salnyp,
päk göwnüňdir gara başyň,
satyljak bolýandyr
kör şaýa geçen ýerine...
© Özmen Duman

Teswirler (3)
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň
Ýüklenýär...