Guldurdy SÄHETDURDYÝEW
Ýaşa!
Görmediňkäň nirlerini,
Höwesiň nämede aşa?
Däl-de kimdir birlerini,
Özüň geň galdyryp ýaşa!
Indi synlaýaryn bagty,
Yza gaňrylyp-towlanyp.
Tapman, gördüňizmi wagty,
Durmy ýa ömre duwlanyp?
Serçemenlik ― bu otlary,
Behiştmi ― göwne sal güman.
Kowup gara bulutlary,
Sere çöküpdir çal duman.
Şeýle günler çykman, öýde
Oturyp bilermiň, heý-de?
Söýseň...
Gözi gidýär, şeýdasy ýok,
Ýatlap Mejnun Leýlisin ol.
Owadan gyz, peýdasy ýok,
Söýülmese, neýlesin ol?
Hemme güllerden gowumy,
Açylan bägül şekilem,
Basýarmy gaşlar howuňy,
Yspyhany ýaý çekilen.
Sagyn çalyşmaň sol bilen,
Dil ýetirmäň-ä maşgala!
Barýar-a ol päk ýol bilen,
Göwne getirmäň başga zat.
Yşka düşseň, söýseň eger,
Goşawjyňa ýerleşer Ýer.
Haçan?
Bäri haçan duçar geler seýliň, ýar,
Weýranaýam, köňül köşgüm haraba.
Yşk bährine tor taşladym,
meýliň, ýar,
Düş-düşme, özüň gel belli karara.
Bendi kyldyň gündiz-gijelerimi,
Sanjyldy jigere, yşk oky ne tir?
Teý, sowup bilemok didelerimi,
Huzuryňda dilim tutulýar,
ýesir.
Ykbalymy ygtyýaryňa berdim,
Ýagşy tutaweri neti, söwer ýar!
Her daň ýeli beterleder yşk derdim,
Melhemiňe zaram, ýetişewer, ýar!
Mähir-yhlaslaryň goldasyn seniň,
Bol iki dünýälik ýoldaşym meniň.
Gijigen bagt
Elleriňe güller bitsin, goýmagyn,
Enaýy-la keşdeleriň bessesi.
Küýzemidi zarmakda zer oýmagyň,
Ýüwsäň, meger, bogulan gül dessesi.
Öňüm geleninden gelipdir soňum,
Bakyp dursuň gözlerimiň içine.
Çözdüň-le kalbymyň köpýyllyk doňun,
Men bir buz atylan şerbet, iç, ine!
Maňa bir zatlar-a gelýär aýdasyň,
Ölmi zabt eýlemek kadasy söýgiň,
Yşkdan şermendemiň ― puçsuň, maýdasyň,
Aşyk ýüreklermiz bu dünýä deý giň.
Älem-jahan ― Taňryň içki dünýäsi...
Adamzadyň erki elde, öz raýy,
Muhabbetsiz köýüp gitse, günäsi,
Yşk öňünde dyza çöker Ezraýyl.
Sekizlemeler
Dört ýana delmurar, garar,
Tassygyn gözlär ündewim.
Ýatamda-da, tapman karar,
Ukym galdy döwüm-döwüm.
Pikir-oýlarym çoh ― siller,
Hyjuwym bar peselmeýän.
Kesellese ýatýar iller,
A men ýatsam keselleýän.
* * *
Owazlaryň iň aýdyňy,
Saz çalyp dur çeşme-bulak.
Bu dünýä ― guşlaň aýdymy,
Nagmasyna salgyl gulak.
Köňül istär Arşa uçsam,
Soňam aşak ger çümesi.
Ynsan dili ― saýrak guşlaň
Owazynyň terjimesi.
* * *
Dyzdan gar ýagypdyr — gyş sahy pasyl,
Tutaşýarsyň gursakdaky közüňçe.
Takdyryň bar ap-ak boş sahypasy,
Doldurmaga goýlanmy ýa özüňçe?
Nätjek-dä, bisarpa tutulýar köp genç,
Ömür hakda aýdýan, oňlama-oňla.
Wagtyňy geçirip bileňok, köplenç,
«Ötdi» diýip aglajak özüňsiň soňra.
Gyş oýlary
Arçany besläli, daşa baýlygy,
Jäjekleri dak-ha-dak-u çöş-hä çöş.
Hemmede Täze ýyl başagaýlygy,
Köne ýylyň otlusyndan düş-hä-düş.
Syrnyh bulut kylyp giden kä seýil,
Etegini silkdi, eremedi buz.
Dikgirdedi taýçanak deý Täze ýyl,
Gyş alyn maňlaýna sepeledi un.
Asmanda gar sepelenýär, elenip,
Üşeýänem, çyplagrak-da, hiç-le men.
(Karta ― Ýeriň hamy soýlup, eýlenip,
Serlip goýlan deri kimin işlenen).
«Haýdap, çepe-saga sowup atlaryny,
Aýazbaba ýylda işleýär bir gün.
Nireden alýarka sowgatlaryny?»
Diýip, betgümanlar etdiler gürrüň.
Eýmensek-de Arktikanyň sowgundan,
Demirgazyk öwüşgini keýpdir.
Agaçdan rels — sanýa atlan, sugunlar
Ýyldyrymy kellesine geýipdir.
Ýylgyrdy gyz, çawup degdi tokga gar,
Menden gördi: «Indi beri beýdäýme»...
(Durmuş, sen jadygöý, tüýs bir hokgabaz,
Kast etseler, öwrüp goýber peýdama).
Iki gat biline, päh, elim urup,
Rusuň tokaýyny gördüm bir ýola.
Yzym bilen garap galdy delmuryp,
Jinsysy dyzyndan süzlen berýoza.
Hergiz
Ilki döwýär, soňam ýuwýar günäsin,
Bäbejik ýekeje ýylgyryş bilen.
Hergiz tamamlanýar, bilmen, bu neneň,
Hemem başlanyp dur ýyllar gyş bilen.
Mätäç däldir ne gazaba, öwgä ýa,
Dymylyp diýilen sözler dürmüşin.
Seni sataşdyryp çoh-çoh gowgaýa,
Kimligiňi özi aýdar durmuşyň.
Üç-dört günläp jyrlamady telefon,
Ýok, öçürlen däldir, el ýeterlidir.
Men — birçaklar unudylan felýeton,
Dostlar bilen aram telli-pellidir.
Mahal-mahal hemmämizem ýekemen,
Ýalňyzlykda özüm bilen sataşýan.
Ynamymda, ykrarymda bekemen,
Ýyllar — pahna, agaç kibi çat açýan.
Takdyr ýazylyp dur, elinde kömür,
Yzla, çigiş-çigiş, kyn o, entedeý.
Tanyş-la wakalar, käte-de ömür,
Tersligne towlanýan kinolenta deý.
Ilkinji gar
Gyz ädimi bilen messan basyp gar,
Ezizowyň goşgusynyň üstüne.
Emaýjakdan gondy, dessan wasp gar,
Bir «çüf» ile şygra döndi dessine.
Eýýäm sumat, ýeke gezek gördügiň,
Dünýe çuw-ýalaňaç, ýylgyryňlar heý.
Aýaz sypyrypdyr ýaprak örtügin,
Baglar doňup galan ýyldyrymlar deý.
Soň ýene kän ýagdy, seçdi pelek zer,
Uçuryp atdylar, tutdular guşy.
Älem-jahan durşy bilen ýelek-per,
Awçylar asmanda ütdüler gyşy.
Köşeşenok, ýagsa ýagybermeli,
Dünýä haýran galyp, bakýar barçalar.
Çyzgap gollaryňy, ýygybermeli,
Açylypdyr gowaça deý arçalar.
Tämizlik yşkyna düşdi gyş çyndan,
Şwabra edindi doň guşgonary...
Hudaý öz dünýäsin ýonup ýör şindem,
Pelpelleşip gaçýar ýonuşgalary.
...Maýyl. Gar eredi. Bakýan çete kä,
Ne-hä bir yz galdy, ne düýbi galdy.
Şol şahyr şygryna düşen, ýeke-täk,
Ilkinji gar welin, müdimi galdy.
Öwren
Huşuň gatlak-gatlak gatlamalaryn
Eleşdirýän,
gezek bermän äň-äňe.
Daşyna et ören ýatlamalaryň
Ýüzüni sypjyrmak gerek nämäme?
Dünýäň hözirini görýändir şatlar,
Ýatlamaň — sust, günälejek, heý, kimi?
Gürrüňin edenňe degmeýän zatlar
üçin
otyrsyň-a bozup keýpiňi.
Hakykat ýok diýme hymmy-symmyda,
Uslyp bardyr yzarlara-arara.
Ile-de gezek ber, öňi-soňy-da,
Halk gelmeli gutarnykly karara.
Düzüw,
dokuzymam düzüw ýogsa-la,
Arzuwlarda ýüzýäň, eý, köňül tagtym.
Ol nä hopukmaň bar, düşýäň howsala,
Ýa bu başagaýlygymydyr bagtyň?
Bagt içre ýaşalyp ýörülse esen,
Il-günüň özüne bagly-da döwrem.
Çümmek kyn işmidir?
Jan edip a sen,
Ham-hyýallaryňdan çykmagy öwren!
Aşyk oglan
Köçelerne her gün gelýän,
Jemalyn bir görmek gaýgy.
Hiç zat ýok içinde kelläň
Söýgi-muhabbetden gaýry.
Ýaşymyz deňmi, kiçimi?
Çalarak höwür saýypdam.
Görünmän, ýakýar içimi,
Sowatly, ylmy gaýypdan.
Şa-soltan deý hökmürowan,
Ýetýär göwni, baý, özüne.
Ömrün görjek köpmi rowa
Kamatynyň beýazyna?
Baky,
soňlanarmy, heý, bi?
Ömrüňi uzaldýar söýgi.
Meniň gözüme
Gül ýüz solmasyn — parlaklaň,
Döwäýme yşky ylla jäç.
Seniň kösük barmaklaň,
Ýüzüklerinde tylla täç.
Ynandyrýan eli kesip,
Topugyňdandyr şol pany.
Sen älemiň melikesi,
Sen kalbymyň soltany.
Inenmisiň şadessandan,
Şuglaň Kuýaşdan ýagtymy?
Agtardym ýerden-asmandan,
Öýümden tapdym bagtymy.
Indi dulum daş örümi?
Bezäp otyrsyň törümi.
Sowgat
(Söýgi äheňleri)
Köneden gaýdan ýol gadym,
Sypmarsyň, awunmaý, eşksiz.
Köýünde ençe ylgadym,
Nätjek, ömür barmy yşksyz?
Küý geler her işde sere,
Göze ilgiçdir, gelinse.
Deňizde perişdelere
Ap-ak çarlaklar ýelinse.
Düşünemzokmy ýa syrna,
Başda gowgamyz-keşgimiz,
Ynjaşsak — ýetýäs ahyrna,
Ýylgyrsaň — baky yşkymyz.
Maý ber ganyp-ýylanara,
Duşsaň çöldemi ýa daglyk.
Aýşda ýatan ýylanlara
Degme, ýap üstüne ýaglyk!
Agramy ýok ýükümiziň,
Mukaddes beslänimizde.
Nokat ýok ýar ikimiziň
Muhabbet dessanymyzda.
Aşyk ýüzüni sowmady,
Hünnem gözüne ap-akdyr.
Söýgi Hudaýyň sowgady,
Boýun gaçyran akmakdyr.
Umydym
Dergähine barmak howp,
Söýdüm gözelleň uzuny.
Ýar gyş şalygymy — sowuk,
Nädip syndyrjak buzuny?
Görgüden-görgä gir-de bar,
Tutdurylyban ümdüzi.
Hasratsyz söýgi nirde bar —
Bir günüň gije-gündizi.
Yşkdan awunmadyk bamy,
Ýumrugy maňlaýa dire.
Dünýä öňe barýan gämi,
Ondan düşüp, gaçjak nirä?
Ahyry-ha erederin,
Ýüreginde ýer ederin.
Ylham
Öňe çyksam, joşup-yňyp,
Eşdýänim: «Nä geçimi sen?»
Diýýärler, otursam dymyp:
«Kän gürledýäň içiňi sen».
Zerur kinniwanja sypal
Ýapyşmaga duýgularma.
Süýjüligiň — jana şypa,
In beýnime,
guý gulagma!
Kölegämmisiň, eý, ylham?
Tanaýyn,
ýüzüň aç ýarsyn!
Kowalaýaň,
gaçyş kylsam,
A men topulsam, gaçýarsyň.
Ýa gel, doldur kalp saraýym,
Ýa men ýanyňa baraýyn!
Aram-aram
Köňlüň joşup-daşaýyşyn,
Öwsüp, boran kösär indem.
Bal gatylan ýaşaýyşyň
Doýma barmy hözirinden?
Nädip tapaýyn göwnümi?
Owal-ahyr gözlenip ýör.
Kükregim içre (köw muny!),
Özümdenem gizlenip ýör.
Gujak gerler, kaýan barsaň,
Pyrlanybergin,
şol — tansyň.
Göwnüm, sen, kalbymda tarhan,
Kylanyň kylgyl, soltansyň!
Ömür başdan-aýak synag,
Şuma ýetmelidir erkiň.
Suw küýzesi suwda synar,
Öz pälinden tapar her kim.
Ahyry barmaly pellä,
Nobat ýetse, geç dünýäden.
A häzir ur, şemal, kellä,
Öz adymam eşdilýär del.
Datdym-la omaça känin,
Diýmen: «nirä barsam çatak».
Durmuş, men tomaşakäriň,
Aram-aram çarpdym çapak.
Halyň niçik, ýar?
Ýaşlyk geçdi,
ýagyş kibi jalalap,
Has takygy, öýlänçi-le, aý, agyn.
Yşkyň sanjymyny aldym çalarak,
Soň ýitirmez ýaly elim-aýagym.
Aňda ýedi ölçäp,
soňra gel, biçdir,
Oýnuň ýerini bil, kilçerme-de hiç,
Her töwra gürrüňler dile gelgiçdir,
Derekli-dereksiz —
seljermede iş.
Soň diýýäris: «nämä gerek beýdişmek?»
Çolamag-a gowgalara ter başy.
Sözsüzem düşnükli zady aýdyşmak —
Başlangyjy dawalaryň,
şerbaşy.
Unudarmyň geçmişiňi,
heý, düýni?
Öçleriňe çoh ah çekdiň,
çakdyr, dym!
Iri pul deý böldürdim-de,
söýgimi
Şalt-palt sowdum, söbügimden akdyrdym.
Eliň çeper, seniňki deý keşde ýok,
Uz barmagyň perişdeler tutan ýa.
Başyň aman ýörmüň,
habar eşdemok,
Ilden-günden soramaga utanýan.
Guldurdy SÄHETDURDYÝEW

Teswirler (2)
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň