"Özüňi başgalar bilen deňeşdirme"
Näme üçin?
Men käte özümi başgalar bilen deňeşdiremde diýseň bagtly bolýan😄
Meň pikrimçe, siz özüňizi ýalňyş adamlar bilen deňeşdirýäňiz))
Özüňizi mydama özüňizden has üstünlikli adamlar bilen deňeşdirýäňiz.
Biri 30 ýaşynda kompaniýa dolandyrýar, biri iki öý satyn alypdyr,öýlenipdir we şuňa meňzeş ençeme mysal...
Ezizim, ýo men düşünemok nämçüýn beýdýäňiz?!
Başga adamlara-da serediň
Meselem, seň ýaşyňda, ýöne gije 3-de ozalky söýgülisine "ýatdyňmy?" diýip hat ugradýanlar bar ))
Şeýle mysallary göremde men begenýän esasan😄
Telefonda görýäňiz,sosial medýada, biri açyk Maldiw adalarynda dynç alyşdamyşyn
Sen bolsa öýde ýaňja ýuwlan eşikleňňi asyşdyryp otyrsyň.
Özüňi dynç alyşdaky adam bilen deňeşdirip,derrew göwnüçökgünlige baş goşmaaa,senem eşikleriňi ýuwupsyň ahyryn ))
Diýmek, sen öz durmuşyňda, öz giňişligiňde tertip-düzgüni üpjün edýän adam.
Ýene-de başgarak bir zat "özüňi düýnki ýagdaýyň bilen deňeşdir" diýýäler
Näme üçin?
Düýnkem mendim-ä )
Şeýle-de men düýnki meniň kararlaryny kän bir halap baramok,dogrymy aýtsam))
Ýagny,diýjek bolýanym käwagt daşaryňdan mysal almaly ýöne hemmäni däl.
Meselem, iş ýeriňdäki dostuň senden has üstünlikli, ýöne şahsy durmuşyna seredýäň welin, o diýen üstünlikli däl...
Diýmek, hemme kişini ähli ugurda görelde almaly däl.
Ýene-de "başgasynyň durmuşyna seretme" diýýärler.
Eýsem, nirä seredeýin?)
Diňe öz durmuşyma seredemde käbir meseleler has uly ýaly görünýä ,ýöne başgalarynyň durmuşyna seredemde iň bolmanda menden beterlerem bar eken diýýän))
Şoň üçinem özüňizi başgalar bilen deňeşdirmegi bes etmäň )
Diňe dogry adamy saýlaň.
Sizden üstünlikli adamy saýlanyňyzda,höwesleniň. Başararyn diýiň.
Sizden beter adamy saýlanyňyzda-da şükür ediň...
Bellik: Pikirler Fatih Günan'a degişli. Men türkçeden terjime etdim,nokat

Teswirler (5)
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň