Bu gürrüň gadymy Hytaý nakyllaryndan we pelsepelerinden gelip çykýan «Gylyç we galkan» (ýa-da durmuşda gylyç/galkan ýasap satýan ussa) ady bilen bell bolan klassiki paradoksy düşünjesi baradadyr.

Paradoksyň manysy şundan gowy düşündirilip bilinmez.

Bir ussa ýa-da söwdaçy bazara çykyp:Ýasan n gylyjynyň iň ýiti gylyçdygyny, oñ kesip bilmejek zadynyñ ýokdugy, islendik galkany hem kesip biljekdigini nygtap öwýär. Şeýle hem ol;

Ýasan galkanlarynyñ hem iň berk galkandygyny, hiç hili ýaragyň,islendik güýçli gylyjyñ ony hiç hili zyýan ýeterip, kesip bilmejegini agzap, onuň bilen hemişe goragly galjakdygyny aýdýar.

Şonda bir adam oňa: «Eger şu seniň ýasan gylyjyň bilen öz ýasan galkanyňa ursak, näme bolar?» diýip sorag berýär.

Ussa bu soragdan soň dymýar, jogap tapyp bilmeýär.

Bu ýerde ýagdaý iki sany bir-birini inkär edýän (gapma-garşylykly) pikiriň bile hemde gabat gelip bilmeýändigini görkezýär.

Eger gylyç/ hakykatdanam ähli zady kesmäge ukyply bolsa, onda galkan hakyky berk däl. Eger galkany hiç bir zat kesmäge güýji ýetmeýän bolsa, onda gylyç hakykatdanam ähli zady kesýän gylyç däl.

Netijede; bu iki sany absolut (çäksiz) düşünje bolup, ol başdan, soñuna çenli bir ýerde ýaşaýşa ukyply däl. Bu düşünjeleñ hökman biri bar bolsa, beýlekisi ýok bolmaly. Ine şular ýaly gapma-garşy gelýän düşünjä hem PARADOKS" diýilýär.