Aýralygyň zaňyn kakýar sagatlar, 

Tomus gitdi goşun ýygnap ahmyrly. 

Durnalary ýola salýar ganatlar, 

Güneş öňküsinden bakýar has syrly. 

 

Ýuwdy kalbymyzy  tämiz ýagyşlar, 

Jogapsyz sowallar üýşüpdir sere. 

Derdinden saralan dymma agaçlar 

Ýene hasratyny egisdi ýere. 

 

Sowulypdyr tebigatyň bazary, 

Zynatly güllerem ýitirdi görkün. 

Bilmen, ne sebäpden, nämäň azary, 

Şemal meýdanlardan üzüpdir örkün. 

 

Gözedürtme sarylygyň içinde 

Arçalaryň artan ýaly gelşigi. 

Hiç bolýandyr pursat elden uçanda, 

Adam ömri – pasyllaryň çalşygy. 

 

Baglaň synasynda öçmez yz galýar, 

Ýatlamasy bolup ötegçi güýzüň. 

Söweş meýdanyny ýadyňa salýar 

hem meňzeş ol çöwre ýüzüne ýazyň. 

 © Süleýman TEKÄÝEW