Resmi salgysy: www.payeer.com

Işjeňligi: 2025-nji ýylyň dekabrynda resmi taýdan işini bes etdi.

Salam hormatly Teswirçiler. Bu gün men size internet ulgamynda köpleriň söýgüsini gazanan we döwründe iň meşhur elektron gapjyklaryň biri bolan PAYEER elektron gapjygy barada gürrüň bereýin.

Baryp, 2012-nji ýyllaryň ortalarynda, PAYEER ilki başda elektron töleg ulgamy görnüşinde özbaşdak döredijiler tarapyndan esaslandyrylýar.

Täze döredilen döwürleri, PAYEER agzalaryndan hiç hili KYC we AML barlaglaryny talap etmeýär, hasap döretmek üçin bolsa ýöne e-salgy ulanaýmak ýeterlikli. Bu bolsa, şol döwürler, esasanam 2010-njy ýyllardan başlap meşhur bolan, dürli pul gazanmagyň arassa bolmadyk usullary, esasanam - HAÝP, MLM, KÖPELDIJILER, BONUS KRANLARY ýaly internet taslamalary tarapyndan töleg kabul etmekde giňden ulanylyp başlanylmagyna sebäp bolupdy.

Sebäbi PAYEER, diňe bir ulanyjylaryna däl, eýsem dükanlaryň eýelerine hem hiç hilek barlagsyz öz dükanlaryny birikdirmäne we saýtynda islendik zat üçin töleg kabul etmäne mümkinçilik berýärdi. Elbetde, dürli aldawly taslamalaryň netijesinde, PAYEER gapjygynyň adyna hem uly gara tegmiller degip başlady. Internetde halal hyzmat edýänler, eger PAYEER arkaly töleg kabul edýän bolsa, ýönekeý adamlarda saýta bolan şubhe döreýärdi.

Elbetde, PAYEER-iň başyndakylar bu ýagdaýdan habarlydy, olar gapjygy ýapmak ýa-da brend täzelemek ýaly ýollary saýlaman, göni we mert ýoly saýladylar. 2017-nji ýylda, saýt täze görnüşe eýe boldy we özüni elektron gapjyk ulgamy diýip yglan etdi. Köne gapjyk eýelerine hiç zat diýmezden we hökmany talapsyz, tassyklanmadyk gapjyklara aýda 1000$ pul amallary üçin limit goýdular. Limidiňi ulaltmak üçin bolsa, hökmany KYC (müşderiňi tana) barlagyndan geçilmeli edildi.

Web taslamaçylary üçin hem hökmany talaplar goýuldy, esasan hem hasabyň tassyklanan we dükanyň domeniniň ýaşy 30 günden uly we saýt tölegli serwerlerde goýlan bolmaly, şol sanda saýtda hökmany suratda "ulanyjy şertnamasy", "gizlinlik syýasaty" hem-de "Töleg kabul ediş kadalary" bölümleri doly we dogry ýerleşdirilen bolmaly edildi. Pul amallary üçin bolsa, Ýewropa bileleşiginiň talaplaryna laýyklykda AML kadalary hem girizildi. Şol sanda PAYEER PLATINUM KARTYNYŇ çykmagy, gysga wagtyň içinde PAYEER elektron gapjygynyň meşhurlygyny iki esse ýokarlandyrdy we müşderileriň ynanjyny täzeden gazanmana mejbur etdi.

2020-nji ýyldan başlap, Dünýä we Maliýe arenasyndaky gyzgalaň ýagdaýlara seretmezden, PAYEER elektron gapjygy Russiýa federasiýasynyň raýatlaryna hyzmat etmegini soňky demine çenli dowam edipdi, ýöne köp sanly sanksiýalaryň netijesinde 2025-nji ýylyň Dekabrynda PAYEER öz işini bes edýändigini yglan etdi.

Häzirki wagtda, saýtda diňe goldaw merkezi bilen habarlaşmak üçin gerek bolan maglumatlar jemlenen. Ol hem, hasabyňyzda galan pul serişdelerini yzyna almak üçin niýetlenendir.

Awtor: @ymgyroff