Ol, özüniň pagtasynyň haýsy ýurtda bitip, haýsy ülkede nahynyň çitilendigini bilmese-de, nirede biçilip, nädip tikilendigin-ä gaty gowy bilýär.
Mähnet kärhanada onuň matasyny ýüpekdir-pagta sapaklaryny garyp-gatyp dokadylar. Soňam onuň mymyjakdan gataňsy zannyny taýýarjak ülňülere laýyklap, ölçäp kesdiler-de, tikin maşynlaryny “şatyr-şatyr” şatyrdadyp tikdiler. Özi ýaly ululy-kiçili penjekler bilen bilelikde, bir gülebende bentläbem, äpet ammara basdylar. Ondan soňam, onuň nämälim atyzlardyr-çillerde başlanan ykbaly, tükeniksiz, çowlam-çowlam köçeleri gözenek-gözenek, garynja hinine çalym edýän şäheriň bir dükanyna rowana boldy.
Dükanda onuňky çüwdi. Soňky nysaga laýyk tikilendigi sebäpli, ol dükanda uzak durmady. Maňlaýy işlän geçginli harytlara mahsuslykda, onuňam bagty ýyldyza toýnak salyp, dükana geterilenine kän wagt geçmänkä, birtopar özi ýaly gelşikli penjekler bilen bilelikde, lomaý satyn aldylar.
Şonda-da ol özüniň hakykatdanam “alnyndan perişdeler ogşan” diýilýän, şowlulygy ýaran edinen eginbaşdygyna jany-teni bilen ynandy. Özüni alyp barýan ulagyň yzynda, galyň sebediň içinde jyňkyny çykarman, gözüň deregine iliklerini jüýjerdip ýatyşyna, ol indi mundan beýlägem, ilkibaşdan bolşy ýaly, özüne diňe gowulygyň garaşýandygyna begendi.
Arzuwynda-da, özüni ilki bilen-ä ýokary wezipedäki emeldarlaryň ýa-da şazada-begzadalaryň geýýändigini, özem diňe özüni bijaý apalap, diňe iň wajyp duşuşyklarda hem dabaralarda sereşlemek üçin aýap saklaýandyklaryny gördi.
Halys bolmasa, baýlygynyň bahasy ummasyzyňam aňry ýanyndaky baýlaryň biri...
Ýa-da ady dünýä dolan bagşy...
Ýa-da içerki-daşarky baýrakdan ýüki ýetip, hatda olaryň sanynam bilmeýän, garryja, ýöne geýen zady sypatyna gelşip duran, peşeneli hem äýnekli alym...
Ýa-da...
Emma, munuňky: “öňüm gelenden soňum gelsin” diýilýäniniň tersine boldy...
Ony dükana-da getirmediler. Haýsydyr bir ýurduň, haýsydyr bir, göwnüňe bolmasa öz-özünden haraba dönüp barýan şäherjiginiň etegindäki, “bit bazary” diýilýän garamaýak bazaryna eltdiler-de, çalamydar bassyrmanyň aşagyna münderläp okladylar.
Şol ýerdenem, onam, beýleki penjeklerem, gazasaň kiri batman çykjak yşnaksyz biri, geçen ýerinden satmaga başlady...
Şazada küje, begzada küje...
© S.Ataýew

Teswirler (1)
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň
Ýüklenýär...