Agşam sowugy düşdi sähraň üstüne,
Jümle-jahan tüm ýorganyn ýapyndy.
Bir penjire bolsa ýagtylyp şol hal,
Garaňky dünýäden tebil tapyndy.
Öz erkinden alyslara daşlaşan,
Gözsüz batyrlygy berse-de güýje.
Sary yşyk ýagtyltmady köp ýeri,
Onuň şöhlesinden garbandy gije.
Kim ol ýagtylygy döreden adam?
Kim ol ýagty penjiräniň eýesi?
Kim ol köçäň tümlügini naharlan?
Kim ol gamly gijeleriň seýisi?!
Ýekelikde şöwür çekýän şahyrmy,
Ýa ol suratkeşmi, gije "gün" çekýän?
Belki, ol ynamdyr, merdemlik bilen,
Diňe öz öňünde dyzyna çökýän.
Asyl durky perişanmy, sadamy?
Şatlyklymy, syrly galdy görünmän.
Bir zat welin, aýan uzak tümlükden:
Onuň ýagty penjiresi görünýär.
Awtor: Laçyn Öwezowa

Teswirler (1)
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň