Geçen tomusda Ýewropa gidemde, ol ýerde ýaşaýan koreýaly kursdaşym bilen duşuşdym. Dürli temalarda gyzykly gürrüň etdik. Koreý tagamlaryny iýdik. (Men soňky 1-2 ýyl bäri koreý tagamlaryny işdämenlik bilen iýýän). Gürrüňimiziň arasynda men oňa koreý medeniýeti barada hem soradym.
Ol maňa, koreý medeniýetiniň öňe sürýän iň esasy häsiýeti – adamyň pespäl bolmagy diýdi. Hatda, kimdir birini işe alanlarynda-da, onuň diplomyna, iş tejribesine, ukyplaryna seredişleri ýaly, pespällige hem uly üns berýär ekenler.
Kursdaşymyň gürrüňine görä, koreýler pespällige diýseň uly ähmiýet berýär ekeni. Durmuşda, işde, tapawudy ýok, ilkinji we esasy talap - pespäl bolmak ekeni. Kiçilikden başlap ýaşlara ilkinji nobatda pespällik ündelýär ekeni. Muny eşidip, juda geň galdym. Soň oturyp oýlandym, pespällik şeýle çuň ornaşan jemgyýetde umuman, gündelik durmuş, adam gatnaşyklary nähilikä?!
Dogrysy, häzire çenli iki gezek Koreýa gitdim. Şeýle-de ona golaý koreýaly tanyşlarym bar: kursdaşlar, işleşen firmalarymyň wekilleri. Garaz, olaryň ählisem hakykatdanam kursdaşymyň aýdyşy ýaly, pespäl adamlar. Koreýleriň pespällige berýän ähmiýetini öwrenip, olara bolan hormatym hasam artdy. Bilşimiz ýaly, biziň türkmençilikde-de pespällige gadyr goýýarys. Iki gündogar medeniýetiň arasyndaky meňzeşlik hem ünsümi çekdi.
MYHMANSÖÝER
Koreýaly kursdaşym bilen gürrüňden soň, yolda öýe gelýärkäm, bizde, türkmençilikde öňe sürülýän iň esasy häsiýet haýsysyka?! diýip öz-özüme soradym. Oýlandym. Meniň badat-badat kelläme gelen üç häsiýet: myhmansöýerlik, ula hormat-sylag; zähmetsöýerlik.
Myhmansöýerlik hakykatdanam biziň ganymyza siňen iň esasy häsiýetleriň biridir. Kiçijik çagalykdan başlap, myhman gelende özüňi nähili alyp barmalydygy, myhmana hormat etmeklik ündelýär. Çeper eserlerimize ser salsagam, myhmansöýerlige uly ähmiýete berilýär. Gündelik durmuşda-da görýäris.
Meniň pikirimçe, myhmansöýerlik türkmençilikde iň esasy häsiýet. “Myhman – ataňdan uly” ýaly birnäçe nakyllarymyz bar. “Ýartygulak” atly multfilme tomaşa edenleriň ýadyndadyr. Şol multfilmde “Ýoldan geçip barýardyk-da, sowulaýdyk” diýip gelen myhmany üç gije-gündiz myhman alan öý eýesi, olara baryny-ýogyny hödür-kerem edýär. (Myhmanlar iýip-içip, öýe eýesiniň mal ýatagyny boşadýarlar). Şeýle-de çeper kinofilmlerimizdäki wakalarda hem myhmansöýerlik eriş-argaç bolup geçýär.
Meň pikirimçe, myhmansöýerlik bilen deňeçer, bir hatarda ula hormat-sylagy hem agzap bileris. Ulyny sylamaklyk hakykatdanam türkmençilikde iň gadyr goýulýan gymmatlyklaryň biridir. Muny ählimiz bilýäris. Bir gezek, bir üýşmeleňde, owgan türkmenleriniň wekili bolan, ýaşy ýetmişe ýeten bir ýaşuly maňa şeýle diýipdi: “häzire çenli gündogaryň, günbataryň köp ýurtlaryny gezdim. Dünýäde, biz, türkmenler ýaly ulyny, ýaşulysyny sylaýan başga halk ýok.”
YRYMÇY
Soňky gezek, geçen ýylyň güýzünde Hytaýa gidemde, köpden bäri tanaýan hytaýly dostum bilen agşamlyk edindik. Ol maňa hytaý tagamlaryndan iki tagamy hödür etdi: “jiaozi” – hytaý mantysy; “lao ya tang” – ördek etinden bişirlen çorba. Ikisem meniň halap iýýän tagamlarym. Şeýle-de, hytaý aşhanasyndan biziň aşymyza meňzeş tagamy – nudly (iňlisçesi: noodle) halaýaryn. Hytaýlarda nudlyň ýüzlerçe görnüşi bar. Meniň halaýan görnüşim Gong Kongda bişirilýän “Cantonese chow mein” atly görnüşi.
Bir çeşmede, taryhda “Beýik Ýüpek ýolynyň” ugry bilen mantyň Hytaýdan Orta Aziýa halklaryna ýaýrandygy barada okapdym. Şeýle-de şol söwda ýolunyň üsti bilen kagyz, çay, däri, mata önümleri ýaly birnäçe zatlaryň Hytaýdan bize we söwda ýolunyň ugrunda ýerleşen birnäçe ýurtlara ýaýrandygy taryhy çeşmelerde bellenýär.
Nahardan soň ol meni düşlän restoranyma öz maşyny bilen düşürmeli teklip etdi. Düşlän myhmanhanama ýetip barýarkak, öňümizi gara reňkli pişik kesip gitdi. Men oňa, türkmençilikdäki yrymlar barada gysgaça aýtdym. Şoňa görä, ýoluňy gara pişik kesip geçse, bu umuman şowsyzlygyň alamaty diýip düşündirdim.
Ol çalaja ýylgyrdy. Soň bolsa ol maňa, hytaý medeniýetinde-de yrymlaryň uly ähmiýetiniň bardygyny gürrüň berdi. Yrymlar bilen bir hatarda pal atmaklyk hem hytaý jemgyýetinde giňden ýaýran ekeni. Yrymlar, pal atmaklyk babatda türkmen medeniýeti bilen hytaý medeniýetiniň arasyndaky bu meňzeşligi öwrenip, geň galdym. Şeýle-de hytaýly dostumyň hytaý jemgyýetinde yrymlaryň orny barada maňa beren giňişleýin gürrüňinden soň bir zada anyk göz ýetirdim: hytaýlylar biz, türkmenlerdenem has yrymçy halk ekeni.
“BEGENJIM-GUWANJYM, JANYM ENEM SEN...”
Bu gezekki ýazgymy, meniň söýüp diňleýän aýdymlarymyň biriniň iki bendi bilen jemlemegi makul bildim. “Enem sen” atly bu meşhur aýdymy, ýurdumyzyň meşhur opera we estrada aýdymçylarynyň biri, merhum Ata Ilamanow diýseň labyzly ýerine ýetiripdi. Bu aýdymy soň hem birnäçe erkek we zenan aýdymçylarymyz ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler.
Ähli mähriban enelerimize ýalkymly salam bolsun!
Bäbejikkäm ýüpek ýorgana dolap,
Begenjim-guwanjym, janym enem sen.
Mähir sallançakda irmän hüwdüläp,
Ýüregmiň soltany, känim enem sen.
Kesel bolsam, baş ujymda oturan,
Kirpik kakman ençe daňyn ataran,
Arkasynda, gujagynda göteren,
Mähribanym, çyn mydarym enem sen...
Sag-salamat galyň.
*BELLIK: Bu ýazgyda ýerleşdirlen surat emeli aň bilen taýýarlanyldy. Emma, bu ýazgyň teksti ýazylanda emeli aň tehnologiýasyndan hiç-hili ýagdaýda peýdalanylmandygny aýratyn nygtamak isleýärin. Bu ýazgy, başdan-aýak bir oturyşda ýazylyp, size ýetirilýär. Ýazgydaky ähli grammatiki ýalňyşlyklar; forma taýdan säwlikler; wakalaryň gowşak beýan edilşi; kemterräk gelýän ýerleriniň jogapkärçiligi maňa we diňe maňa, ýagny awtora degişlidir.

Teswirler (17)
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň
Ýüklenýär...