22-lik "Aýtakowa" sowuldy. Ugrum Parahat ýedä. Telefona güýmenip barýan. Imoda käbir nätanyşlardan gelen hatlary saýhallaýan. Dyknyşyk awtobusyň yzky gapysynyň agzynda "S" harpa meňzäp durun. Ýolagçylaryňam düşme meýli ýok ýaly, hersi öz "oýnawajyna" seredýär. Täze satyn alan gulaklygymyň hiline söz ýok, gulak perdämi ýaryp barýar. Ýokary hillilik käte pidanam talap edýär eken, meselem bäş sany duýuş synalaryň birini pida bermek ýaly...

"Garaşsyzlygyň 15 ýyllygy" söwda merkeziniň deňinde togtadyk. Hindileriň otlusyna meňzäp duran awtobusyň içindäki mähelläniň deň ýarysyndanan köprägi ulagdan düşdi. Içerde futbol oýnabermeli boldy. Men hatda yzky gapynyň deňinden sürüjiniň göwresinem aýyl-saýyl edip bilýärdim. Eti-gany ýerinde, äýnekli adam eken (22-lik awtobusyň ählisine şol adam bellenipdir öýdýän, haçan münsem sürüji oturgyçda şol otyr).

Bir käse çaý içim salym geçdi, awtobus hereketlenmedi. Sürüjä seretdim. Ýolagçylaryň beren teňňelerini tertiplemek bilen başagaý bolup otyr. "Düşsemmikäm?" diýip pikir etdim. Gulaklygymda ýaňlanyp duran Innanyň "Flashbacks" aýdymynyň şol tolgundyryjy gaýtalanma pursatyna awtobusyň içinde peýda bolan "Gara guwa" meňzeş ter ýaňakly gyzyň keşbi sazlaşdy. Beýle-de gözellik boljak eken. Bir pursatlygam bolsa, Tik tok platformasynda käte bir gabat gelýän hem-de "Edit" diýlip atlandyrylýan şol gysga wideolaryň birine janly tomaşa etdim. Gyýak koreý gözli gyzyň bakyşlary egnindäki bokurdagy bilen örtüp duran gara hem dar wadalaskasynyň "aurasyna" mätäç bolmasa-da, juda ýitidi. Ol maňa seretmedi, bakdy. Arada tapawut bar. Menem biygtyýar seretdim. Ýok, meň içimden peýkam geçenok. Asyl, hiç zat bolanok. Ýöne, oglançylyk-da. Haýsy birimiz şeýle gyzyň özümize syn salýanyny duýsak, oňa seretmän saklanyp bilýäris? Ine, ýumşajyk damar...

Täsin. Awtobus hereketlendi. Gyz geldi, ugraberdik. Ýa bu sürüjem hut şol gyzyň gelmegine garaşyp durdumyka? "15 ýyllyk" tarapdan geldi öz-ä. Aý näme, her kimiň öz aladasy.

"Ýunus Emrede" düşdüm. Ol gyz bolsa, 22-likde galdy. Nätanyş ýolagçylar hem-de nätanyş sürüji bilen. Sürüjiniň plastik gutusyna hondansysyrap bir manat oklap gaýdanymda hem ol maňa bakýardy. Gözlerini aýyrmaýardy.

Ine, bu pursat welin, meniň içimde anatomiýanyň hem çözüp bilmedik we bilmejek täsin duýgusy bolup geçdi. Ýüregimi diňe gursagymda däl, bedenimiň ähli ýerinde duýýardym. Hatda steteskop bilen dabanymy barlasalar, ýürek urşumy şol ýerdenem duýsa boljakdy. Ine, indi içimden peýkam geçdi diýseň ýerlikli boljak. Ine, indi men ol gyza seretmän, bakdym diýip bilerin.

Bu apadyň ady näme?

— Bazar Annaýew.