OTYRYN... Içgysgynç birmeňzeş günler, Tanyş hem nätanyş ýüzler, Men ýene nätjegim bilmän, Otyryn.. Aýak sesler, tanyş sesler, Tutupdyr aňymda mesgen. Wah, işlemem kän-le etsem, Otyryn.. Wagtlaýyn bu gülkülerem. Ýetik derdi her kimiňem, Artdyryp şol «belkilerim», Otyryn... Çasly çykýar aýdym sesi, Çyrpynýar köňül höwesi, Dymmak diýip iň gowusy, Otyryn...
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň