Şu mähnet ýurduň baý (baş) ulusy – han ordasynyň ornaşan mukaddes Ötüken ýyşynyň (ýaýlasynyň) alys günbataryndaky serhetýaka ülkäniň güýzorta günem ýagynly. Ýaýlanyň depesinden jimirsewük ýagyş iki gün bäri dynman sepeleýär. Ysgynsyzam bolsa irginsiz bu ýagmyryň häsiýeti täsin. Ol, baran (ýagyş, çabga) hojasy, jadydaş eýesi Burkut babanyň göwherbar (göwher sepýän, ýagyş ýagdyrýan) bulut meşigi temençe bilen uşakgöz elege dönderilen dek, göräýmäge beýlebir çasly ýagmaýanam ýaly.
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň