Gruzinleriň henizem Jelaletdini we türkmen halkyny ýagşylykda ýatlaýandygyny bilip haýran galdym. Gürrüňdeş bolan gruzinlerimiň köpüsi, meniň türkmendigmi bilip, "hawa, biz Jelaletdinem tanaýarys, onuň mertdigni bilýäris" diýdiler. Jelaletdin Gruziýaň şa zenany Tamara bilen birek-birege çozmazlyk barada ylalaşyk edipdir. Jelaletdin sözünde durup, gruzinleriň üstüne çozmadyk taryhdaky ýeke-täk hökümdar ekeni. Şol sebäpli olar Jelaletdine we türkmen halkyna aýratyn sarpa goýýar ekenler.
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň