Toýlar garramaýar, Garramaýar ýas, Edil ilkinji deý gülýäs, aglaýas. Gamly gün duman deý titreýär durýar, Toýlar tiz sowulýar, Hem göwnüňe az. Sazlar tiz gutarýar, Doýup bolmaýar, Ýöne gutarjagyn duýup bolmaýar. Ýada düşýär dosta aýtmadyk sözüň, Soň ony müdimi diýip bolmaýar. Köňlüňe hiç haçan rahatlyk ýok, Bir gün lemmer-lemmer, Bir gün degýär daş. Hemmesine taýyn ýaly, şonda-da, Edil ilkinji deý gülýäs, aglaýas. Mammetnazar Babanazarow
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň