Emeli aň tehnologiýasy biziň çak edişimizden birnäçe esse tiz özgerýär, ösýär. Menem emeli aň arkaly ilkinji agentimi ýasap, oňa birnäçe ýumuş buýurdym. Ýasan agentim 48 sagada golaý, yzygiderli işläp, beren ýumuşlarymy doly tamamlady. Soňam bu barada hasabat taýýarlap, maňa ýetirdi. Özüm etsem, azyndan iki hepdä çekjek işi; agent iýmän-içmän, uklaman iki güne golaý wagtda tamamlady. Biz, adamzat bolup, eýýäm täze döwre (emeli aň eýýamyna) gadam basdyk.
Ýüklenýär...
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň