Kinonyň ady: "Näme üçiniň 13 sebäbi" (13 reasons why) - Gaty dartgynly psihologiki detektiw. Seriýal jemi 4 sezondan ybaratdyr we her sezonda 13 bölüm bar. Ýöne 1 bölüme başladygyňyz, kino sizi özüne ýesir edýär. Wakalar dartgynly we şol sanda ýeňil beýan edilýär. Kinoda esasan hem ýaşlaryň arasynda bolýan esasy meseleler aç açan görkezilýär we adamlara birine bir zat diýmezden ozal, onuň ýerine özüňi goýmagy başarmalydygyny öwredýär. Wagt tapsaňyz hökman görüň, puşman etmersiňiz.
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň