İňlis lordy ir bilen lordlar palatasyna gitmek üçin köwşüni geyjek bolýar. Ýanynda öý beýemçisi Berrimor hyzmata taýyn dur. Lord aýagyny köwşüne sokýar welin, içinde şüle şylpyldaýar. Lorduň girre gahary gelýär. Ýöne ol özüne lordlarça erk edip, salyhatly agraslyk bilen soraýar: -Bi näme, Berrimor?! Berrimor agaç ýuwdan ýaly dim-dik bolup durşuna çala gözüni gyşardyp, köwşe bakýar. Soňam salyhatly jogap berýär: -Şüle, jenap! -Ol meniň köwşümde näme işleýär?! -Şylpyldaýar, jenap.😁
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň