Jemagatdan: ,,Takwalyk näme?'' diýip soralypdyr. Olar: ,,Alla berse-hä iýeris, bermese-de sabyr ederis'' diýipdirler. Onda Ybraýym Edhem: ,,Biz tapsak, ile paýlarys, tapmasak, sabyr ederis'' diýenmiş. Ine, takwalar şeýle adamlar. Abiwerd bilen Saragtyň aralygynda garakçylyk edip, soň hem öz eden işlerine toba edip, pire gol berip, sopy bolan Fuzaýyl bin Iýaz bolsa: ,,Alla diňe takwalary garaşmadyk ýerinden ryzklandyrar'' diýipdir. Toplan, iberen: Laçyn Pürjäýewa
Ýüklenýär...
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň