Dostumyň oguljygy kiçijikkä juda ýeserjeden dillijedi (bu wagt ol 25 ýaşynda). Bir gün onuň bilen iki bolup hassahana bardyk. Ol-a oguljygyny barlagdan geçirýär, menem öýkenimi barladýan. Onsoň çagalar bagynda okamagy öwrenen 5 ýaşlyja oglanjyk dälizden dälize gatnap ýörşümize lukmanlaryň gapylaryndaky ýazgylary başaryşyna, ýagny diliniň öwrülişine hem düşünişine görä okamaga başlady: -Gülmän-ölek (Pulmanolog); -Karburator (Kardiohirurg); -Güne-kowalak (Ginekolog); -Optom-al-bölek (Oftalmolog).
Ýüklenýär...
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň