Abstraksionist nakgaş, ussahanasynda gam-gussa batyp otyrmyş. Onuň ýanyna dosty gelipdir: -Bro, nä gam laýyna gark bolupsyň-la?! -Äý, ine bir müşderiň portretini çekip berdim welin, ol ýaňy gelende: “Gözümiň reňkini üýtget! Çotga hakyňy şondan soň tölejek!” diýip gitdi. -Ýeri, diýende näme? Üýtget-de ber, oglan! Nä, kyn zatmy? -Reňki üýtgetmeg-ä kyn däl-le welin,-diýip nakgaş, ýeňsesini gaşapdyr:-suratdan onuň gözüni nirede çekenimi tapamok. Syrtyndamy ýa-da dabanynda...
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň