Ötüken ýyşyndaky (ýaýlasyndaky) ýazgylaryň biri: Ongin ýazgysy: Gadymy göktürkmen dilindäki görnüşi: 1. Öçümiz apamyz Bümyn kagan tört bulunyg kysmys, ýygmys, ýaýmys, basmys ol kan ýok bultukal kesre el itmis yçgynmys kaçyşmyş... Häzirki zaman türkmen diline geçirilen görnüşi: 1. Biziň geçen agamyz Bumyn kagan dört ýany gysmyş, ýykmyş, ýeňmiş, basmyş. Ol han ýok bolandan soň, il ýitmiş, dargamyş, gaçyşmyş. Bu ýerde “il” diýen düşünje “döwlet” manysynda ulanylýar.
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň