* * * Internet ajaýyp-da: Azatlyk hakda ýazsaň, gullar saňa garşy hüjüme geçýärler! * * * Beýik geljege Beýik geçmiş arkaly barylmaýar. Kim Beýik geçmiş arkaly barmakçy bolsa, bir ölüp direlmeli! * * * Hemmelere öz jany süýji, emma şahyrlaryň jany ejesine süýji. * * * Parahory agzyndan atsaň, ok jübüsinden çykar. * * * Ýatdan çykarma, başyňa gaýgy düşende iň köp daýanýanyň tirsegiň bolar.
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň