Ýigrimi ýaşamankam bir hakykata göz ýetirdim: Alla bolsun etse, hatda tupanyň töründe-de öz tünegiňdäkidenem rahat ýaşap bolýan eken. Harby gullukda tutuş rotamyz poligona ýatymlyk türgenleşige gitdi. 4 sany esger bolan bizem iň tertipli, jogapkärçilikli hasaplap kazarma, rotaň binasyna gözegçilik etmägä galdyryp gitdiler. Ne ofiser, ne seržant, hiç kim ýok. 2 hepdeläp ýatmak ýatdyg-aý! Şonuň ýaly özümi rahat duýan wagtym ýok bolsa gerek.
Ýüklenýär...
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň