Men näme üçin rep diňlemegi halaýan? Reprler aýdasy gelýän islendik zadyny arkaýyn açyk aýdýarlar. Eger düýbünden gadagan zatlary aýtmaly bolsalar aýlap aýdýalar welin aýdýarlar. Sözleri gaty agyr, göni onlukdan urýan setirleri bar. Gerek bolsa paýyş sözlerinem gysgananoklar. Paýyş sözli bolsa-da [ajy hakykaty] aýdýandyklary üçin rep diňlänimi gowy görýärin.
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň