Dostum bilen her ýekşenbe obamyzdaky patalara görünýäs. Nätjek? Durmuş-da. "Toýa garrama ýok" diýilýär. Iş-alada bilen sypynsaň toýa-da görnülýär. Ýöne ýas ýerlerine gije bolsa-da, eger pata ýerinde adam-gara bardyr öýtseň mümkingadar baryp, aýat okap gaýtmak, soňky ýyllar endige öwrülip barýar. Ölüme, hasrata bolan hormatmy ýa başga bir zatmy? Belli däl. Belki, diriligem, ajalam kanun eden Hakyň öňündäki borçdur... Umuman, bir gezegem belli güne bardyk. Aýat okaldy, tagam dadyldy, töwir edildi
Ýüklenýär...
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň