Çagalyk dostumyň kakasy pahyr 80 ýaşap aradan çykdy. Şonuň 60 ýylyna golaýyny obaň mekdebinde üýtgewsiz türkmen dili we edebiýaty mugallymy bolup işledi. Şol, altmyşa golaý ýylyňam 40-a golaýyny, ilk-ä mekdepde, soňam iki ýyl harby gullugy hasaba almasaň, adaty durmuşda günde-günaşa diýen ýaly maňa mugallymçylyk etdi. Ine şolam maňa: “Senden oglum, ýaman kän zat öwrenýän” diýip gaýtalardy.
Ýüklenýär...
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň