Ýöräp barýarka-da howada barmaklary bilen pianino çalýan, çyn kompozitor dostumyň bardygyny öňem aýdypdym. Bir gezek birküç sany işdeşler bolup, şonuň bilen bilelikde günortanky arakesmede naharymyzy iýenimizden soň seýilgähe gezmelemäge çykdyk. Aýlanyp ýörüs welin, ýaňky sazanda gardaş kellesini yralap, hiç kime eşitdirmän içinden nämedir bir zatlara hiňlenjireýär. Menem onuň böwrüne hürsekledim-de, soradym:
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň