Biri mollanyň ýanyna baryp: molla aga, itim öldi diýipdir. Çensiz-çaksyz gowy itdi, haýwanam bolsa, janawar maňa adamdan zyýat hyzmat görkezdi, ynsana edilişi ýaly hormat bilen jaýlasam diýýän, itime jynaza okap ber, mollam, diýýär. Molla heňkirýär: akmak, ite jynaza okalýanmydyr, bar git, orsuň mollasyny tap-da okadyber, käpir diýýär.
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň