«Inçe iňlis henegi (тонкий английский юмор)» diýilýäni: Iki sany epeý hem salyhatly kişi Temza derýasynyň üstündäki köprüde durmuşyn. Derýadan ses gelýär: -Kömek ediň! Kömek ediň! Men ýüzüp bilemo-o-o-o-k!!! Jentlmenleň biri äwmän-alňasaman, şol bir epeý hem salyhatly durkuny saklap, beýlekisinden soraýar: -Gadyrdan, siz ýüzüp bilýärsiňizmi? -Ýok. -Menem ýüzüp bilemok. Ýöne men muny sesimde baryny edip bagyryp, bütin Londona jar edemok ahyry. Beh! Nähili edepsiz kişi eken!
Ýüklenýär...
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň