"Roşfor" diýlende ýada düşdi. Ýakynda Ýewropa ýurtlarynyň birinde ýokary bilim alyp gelen ýigit obada goňşularynyň kommerçeskiý dükanyna barýarmyş. Goňşusy kän bir özüne pitiwa etmänden soň özüniň şol apaly-sarpaly ýerlerde okap gelendigini ýaňzytmak üçin ondan sorapdyr: -Agam, "Roşfor" peýnir barm-aý? -O näm-aý, inim? -Äý agam,-diýip pirimjigi paşan ýigit joşgun bilen gepe başlapdyr:-Biziň okan ýerimiz - Parižde bu peýnir iň gymmat peýnir hasaplanýar.
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň