Çynmy, ýalanmy? Güwä geçip biljek däl. Ýöne obada güldürip gürrüň berýärler. Obada öň agzy hapa süpük bolup, soňra düzelip, mollaçylyga baş uran Annaly atly biri bar. Ol iliň toýuna-ýasyna gatnap, birki ýylyň dowamynda ýagşyja adygandan soňra dişagary, möý çakan, çykyk-bertik, ýeňil-ýelpaýrak kakyn-silkin ýaly zatlaram okap ugrady. Aýtmaklaryna görä, onuň demem düşgürmiş. Okany ýüzugra açylyp ötägidýärmiş. Dişagyryny dagy okasa stomatologa pul berip ýörmeli dälmiş.
Ýüklenýär...
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň