Gurbannazar Ezizow bir sapar Mämmet Seýidiň ýanynda özüni: “prozalaç ýazýaň” diýip kän kötekleýänlerini aýdyp zeýrenjek bolupdyr. Şonda Mämmet aga: -Miwesiz agaja daş atylýan däldir, inim! Mynasypsyň bellik aýdýandyrlar...-diýipdir. Belki şol gürrüňden soň Gurbannazaryň meşhur: “meniň öz ýaşyma uly baham ýok, ony kesgitlejek zaman bar” diýen setirleri dörändir.
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň