Otuz ýaşlarymdadym. Bir kitapdan okadym: "Enäniň ýaşyny senenama ýyllary bilen däl--de onuň saçynyň agy, ýüzüniň gasynlary, ýüreginiň ýaralary bilen ölçemeli...". Ejeme aýdyp berip ondan soradym: -Şeýlemi, eje? Myssa ýylgyrdy-da: -Ýok,-diýdi:-ýaşymyň ýyllaryny däl, aýlaryny, hatda günlerinem däl, müňmüňlerçe pursatlaryny, diňe siziň jykyrdyňyz, garagolluklaryňyz, üstünlikleriňiz, ynjylaryňyza derman bolmagy başaran halatlarym, begendiren her bir hereketiňiz bilen ölçeýän...
Ýüklenýär...
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň