Allanur Bathyzyň “Ýetişiksiz okuwçynyň gündeligi” atly kitaby juda sadadan çynýürek mähir bilen ýazylan kitap eken. Kyssasynyň äheňi Harper Liniň “Şygşygyny öldürmegini” birme-bir ýatlatdy. Kitapda konflikt bolmasa-da awtoryň ynsanlara bolan çensiz-çaksyz mährini her abzasynda duýup bolýar. Okasaň göwnüň tämiz ýaz ýagşyna ýuwlan sergin sähra dönäýýän ekeni.
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň